Bir taraplaýyn söýgi.
Söýmek we söýülmek bagtmy? Ýok! Söýülmek bolanda söýeniň seni söýse ana şol bagt. Eger söýeniň seni söýmese, adam iç-içinden ýykylmak bilen bolýar. Öz süňkini özi gemirmek bilen bolýar.
Bir taraplaýyn söýgi iň azaply duýgydyr. Yhlasyň ýerine düşmese iň erbedi şol. Jogapsyz söýgi durmuşa bolan höwesiňi, geljegiňe bolan ynamyňy, bar zadyňy alýar.
Garaz sanap otursam yzy gidiberýä. Ýöne mowzugymyň esasy maksady sende birtaraplaýyn söýgi bar bolsa boldy sen içden ýykylýaň diýmek däl-de, saňa hakykaty görkezmek. Seniň söýgiňe mynasyp däl, seni sömeýän birini söýmekden näme peýda? Geç! Ýoook geçmek kyn, egerde diňe şoňa bolan söýgiň bilen ýaşasaň! Geç! Hawaaaa geçmek aňsat, eger başga birini tapsaň! Birini unutmagyň birje, ýeke-täk ýoly bar, olam ýene biri. Şony unutdyraýjak, özüňi söýjek birini tap! Söýmeseňem söýýän diý, söýýän söýýän diýseň söýer gidersiň! Durmuş diýilýä muňa! Öz aýagyňda mäkäm durmany öwrenmeli! Öziňi aldama "men başgasyny söýüp bilmeýän" diýip! Sen söýüp bilýäň başgasyny, başga ýene ýüzisini söýüp biljek ýürek bar sende. Hany, onda....

Sorag-jogap, SiziňÝalyBiri tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir