Adamzadyň şu dünýäde iň tapylgysyz, deňi taýy-bolmadyk açyşy, megerem, onuň kitaby oýlap tapmagy bolsa gerek. Dünýä paýhasyny özünde sygdyryp bilýän kitap dünýä baýlygy hasaplanýan altyn-kümüşden has ýokarda durýar. «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek, onuň enjamlaýyn-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada uly işleri durmuşa geçirýär.
Kitaba çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz öz ilkinji iş gününi halkyň ylym-bilimli bolmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň sowady baradaky aladalar bilen başlady. 2007-nji ýylyň fewral aýynda ählihalk tarapyndan biragyzdan Prezidentlige saýlanan gününiň yzysüre paýtagtymyzda täze Milli medeni merkeziniň binasyny we oňa degişli bolan Milli kitaphanany açyp bermeginde uly many bardyr. 2008-nji ýylyň 23-nji iýulynda Döwlet Baştutanymyz «Galkynyş» kitap merkezini döretmek barada Karara gol çekdi. Etrap kitaphanalaryň işi täzeden galdyryldy. 2011-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Garaşsyzlygyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Maryda welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň açylyşy boldy. Şeýle-de, indi her welaýatamyzda häzirkizaman kitaphanalar halkymyza hyzmay edýär. Paýtagtymyzda her ýyl «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy we halkara maslahatynyňyzygiderli geçirilmegi-de halkymyzyň kitaba goýýan hormatynyň subutnamasydyr.
Kitap barada söz açylanda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmunly, möhüm ähmiýetli kitaplaryny agzaman geçmek mümkin däl. Dünýä dillerine terjime edilýän bu kitaplaryň bütin dünýä boýunça meşhurlyk gazanýandygy bizi buýsandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, biziň ata-abalarymyz hem gadym döwürlerden başlap kitaba uly hormat goýup, ony aýawly saklap gelipdirler.Kitap ynsanyň döredijilik potensialyny ýokarlandyrýar. Ol asyrlaryň jümmüşinden syzylyp gelýän gymmatly çeşmeleri, şeýle hem şu günüň gazananlaryny — döwrebap ylym-bilimi, tejribäni we dürli maglumatlary bize elýeterli edýär. Eger-de geçmişde döredilen siwilizasiýalaryň merkezine ser salanymyzda, şol ýerlerde dünýäniň iň köp goruna eýe bolan kitaphanalaryň bolandygyna göz ýetirýäris. Dürli ýurtlardan ylym-bilime teşne ynsanlaryň bu kitaphanala gelip özlerine gerek bolan maglumatlary elde göçürip alandyklary bolsa kitabyň we kitaphananyň ähmiýetini görkezýär. Mundan başga-da, geçmişde alymlaryň, ulamalaryň bir medresäni tamamlap, soňra beýleki bir ýurtda ýerleşýän medresä gidip, ylym-bilim öwrenmekleri, şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri hem olaryň dürli kitaphanalarda bar bolan gymmatly kitaplary okamak isleginden ýüze çykandyr. Diýmek, kitaphanalar ynsana dirilik berýän abu-zemzem çeşmesi ýaly, onuň ylym-bilime teşneligini gandyrýan gymmatly maglumat çeşmesidir. Muňa bolsa Magtymguly atamyzyň «Kitap gören gullar magnydan dokdur» diýen sözleri hem doly güwä geçýär.
Belleýşimiz ýaly, ýurdumyzda kitaphanalaryň ençemesi halkymyza hyzmat edýär. Olaryň hyzmatyndan millionlarça okyjylar peýdalanýar. Kompýuterleriň we Internetiň ulanyjylarynyň sanynyň yzygiderli artmagy netijesindeelektron kitaplardan peýdalanyp başlan adamlaryň sany köpeldi. Şonuň bilen bilelikde, adaty kitaphanalarda okyjylaň sanynyň azalyp başlandygyny belleýärler. Şonuň üçin hem, köp kitaphanalar özleriniň fondundaky bar kitaplaryny elektron görnüşe geçirip başladylar. Şeýlelikde, häzirki döwürde kitap jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşi bilen berk baglanyşýar. Çünki kitap ruhy baýlykdyr.
Häzirki döwürde kitaphanalar esasy maglumat edarasy bolup, onuň wajyp wezipeleriniň biri — okyjylaryň ähli görnüşine zerur bolan maglumatlary bermekdir. Kitaphanalarda programmalar Internet setinde işleýär. Ýeke-täk habar — gözleg giňişliginiň bolmagy gerek bolan resminamalary ýeňil we çalt tapmaga mümkinçilik döredýär.
Kitap — bahasyna ýetip bolmajak baýlyk bolup, onuň mazmuny peýdaly maslahatlardan, üstünden ýüzlerçe ýyl geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýän ylym-bilim bilen ýüklenendir.

Baýram Muhammedow

Edebiýat, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir