“Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy Da­ni­ýa­da de­ňiz ke­na­ryn­da tä­ze mag­lu­mat mer­ke­zi­ni gur­jak­dy­gyny mä­lim et­di. Ýur­duň paý­tag­ty Ko­pen­ga­ge­niň gün­ba­ta­ryn­da­ky Ýut­landiýa ýa­ry­m a­da­syn­da gu­rul­jak bu des­ga ame­ri­kan bren­di­niň Ýew­ro­pa­da­ky 5-nji, bu ýurt­da­ky 3-nji mag­lu­mat mer­ke­zi bo­lar. Bu ba­ra­da met­bu­gat ýyg­na­gy­ny ge­çi­ren kom­pa­ni­ýa­nyň Da­ni­ýa­da­ky mü­di­ri Ma­lou Aa­mund tä­ze des­ga­nyň 2015-nji ýyl­da Fre­de­ri­siýa şä­he­rin­de sa­tyn al­nan 73 gek­tar­lyk ýer­de gu­rul­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da bu ýurt­da mun­dan baş­ga-da 2 sa­ny mag­lu­mat mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­ýar. Fre­de­ri­siýa şä­he­ri­niň Tau­low di­ýen ýe­rin­de gu­rul­jak tä­ze tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 4,5 mil­liard kro­na harç­la­nar. Onuň il­kin­ji tap­gy­ry 2020-nji ýyl­da, do­lu­ly­gy­na 2021-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­ler.
Daş­ky gur­şa­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len “Go­og­le” bu desgada ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nar. Täze des­gada 150-200 adam zäh­met çe­ker. Bu ýurt­da “Facebook” we “App­le” kom­pa­ni­ýa­la­ry hem mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni gur­ýar­lar.
In­ter­net­dä­ki mag­lu­mat­la­ryň sak­lan­ýan mer­kez­le­ri örän köp ener­gi­ýa ta­lap ed­ýär. Se­bä­bi mag­lu­mat sak­laý­jy en­jam­lar gyz­ýar. Ener­gi­ýa­nyň uly bö­le­gi ony so­wat­mak üçin peý­da­la­nyl­ýar. Şol se­bäp­li kom­pa­ni­ýa­lar şeý­le des­ga­la­ry so­wuk ýurt­lar­da, de­ňiz ke­nar­la­ryn­da, hat­da su­wuň aşa­gyn­da hem gur­ýar­lar.

Täzelikler, ETIKA tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir