Bilişiňiz ýaly Dünýäde elektron sport industriýasy soňky ýyllaryň dowamynda has ösdi. Eýýäm ençeme ýyl bäri halkara elektron sporty (kompýuter oýunlary) boýunça ýaryşlar geçirilip gelýär. Esasan-da bu sportda Counter Strike, Dota2, FIFA ýaly oýunlar ünsi has özüne çekýär. Bu ýaryşlarda goýulýan baýaraklar hem ýyldan-ýyla köpelýär. Mysal bermek gerek bolsa bu ýylky Counter Strike: GO boýunça ýaryşlaryň köpusini gazanan Daniýanyň Astralis komandasy (bir komandada 5 adamdan ybarat) 2018-nji ýylda jemi ýaryşlardan (hemaýatkärlerden daşary) 3,651,650.00 ABŞ dollary gazandy.
Ýurdumyzda-da geçen ýyldan başlap elektron sportuna çalajadan üns berilmäne başlandy. Hat-da eýýäm elektron sporty boýunça federasiýamyzam döredildi (https://tmesf.org). Geçen ýyl bolsa Aşgabat AIMAG 2017-ä Dota2 boýunça ýaryş goşuldy. Onda ýurdumyzyň kibersportsmenleri-de çykyş etdiler. Bu ýylyň başynda bolsa Türkmenistanyň Counter Strike: GO boýunça ýygyndy topary Hytaýda Aziýanyň çempionatyna gatnaşdylar. Sportsmenlerimiz toparçasynda hiç-hili ýeňiş gazanyp bilmän soňky orunda tamamlan hem bolsalar bu biziň üçin uly gazançdyr, tejribedir. 2018-nji ýylyň Sentýabr aýynda bolsa ilkinji gezek ýurdumyzyň Counter Strike: GO boýunça açyk çempionaty geçirildi. Munda ýeňiş gazanan topar WESG dünýä çempionatynyň Merkezi Aziýa boýunça saýlaw tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Saýlaw oýuny bolsa bu aýyň başyna geçirildi we türgenlerimiz Gyrgyzystandan 0-2 hasabynda utulyp soňky tapgyra geçip bilmediler.
Şeýlelikde ýurdumyzda elektron sportunyň ösjegine uly ynamym bar. Sebäbi bu ýyl Aşgabatda Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin Boot Camp-ler (taýýarlyk-trenirowka merkezleri) hem döredildi. Bu sportyň welaýatlara-da ýaýramagyny, ýurt içinde has çekişmeli we baýrakly ýaryşlaryň gurnalmagyny umyt edýärin.

Sport, Panturkist tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir