Aşa ýürege ýakyn almalymy?
Geçen ýylyň tomusydy. Obadan(garadaşlydan) şähere gidýän irdenki awtobusa münip, mekdebe olimpiada taýýarlyga gaýtdym. Awtobus şähere sagat 7-ä barýady. Taýýarlyga bolsa 9:30-da barmalydy. Şonuň üçin hemişekim ýaly awtobusdan düşip, şäherdäki öýümize çenli taksi tutdym. Taksini 50 ýaş çemesi bir ýaşuly sürýädi. Ulagda diňe ikimizdik we ýolda bir aýaly mündirdik. Ýolda sürüji aýaldan sorady: “ Siz Planyň(ady ýadyma düşenok) synpdaşy dälmi? ”. Aýal: “ Hawa. Synpdaşy. Siz nirden tanaýaňyz? Özüňi tanyşa meňzeýäňiz ” diýdi. Sürüji: “ Men şoň adamsy ” diýip jogap berdi. Aýal: “ Synpdaşam gowymy? Köp wagt boldy görüşmedigimize” diýip ýüzlendi. Sürüjiniň beren jogaby, ine, şeýleräk boldy: “ Plan(aýalynyň ady) geçen ýyl öldi. Habarsyzmydyň? Begenip öldi. Guwanyp öldi. Guwanjy göterip bilmän öldi. Öň biz köpgatly(etaž) jaýda ýaşaýadyk, öziňem bilýäňä, gelipdiňem öň! Biziň, esasanda aýalymyň arzuwydy uçaska jaýda oturmak. Bizem gel, jaýy çalyşaly diýip bildiriş asdyk. Soňra biri bilen gowy ylalaşdyk. Jaýy çalyşdyk, özem köp utuş etdik. Jaýa göçdik. Bir aý ýaşamyzok häli. Aýalym gaty begenýädi. Diňe guwanyp diýen ýaly geçirýädi wagtyny. Agşam hem gijäň ýaryna çenli iki ýana aýlanyp ýatyp bilenokdy. Köp ýaşamaňkak hem öldi.(ps: anyk ýadyma düşenok nädip öldi diýip aýdany. Ýalňyşmasam gije ýatyrkak ölüpdir diýäýdi öýdýän). Aý häzirem ýaşaşdyryp ýöris. Iki oglym bar, hälä öýlendiremok, birem gyzym bar. Sagbolsun, naharymyzy bişirýä, kirlermizem ýuwýa, öýüň işlerni edýä şol, ejesiniň edýänlerini. Adam bir zady ýüregne örän ýakyn alsa, şoňa gaty begense, guwansa ýa-da erbet gynansa, ýüregi hem çalarak bolsa göterip bilenok ekeni. Şoňa göz ýetirdim”.
Sürüjiniň aýdan gürrüňinden men şeýleräk netije çykardym. Dileseň: “ Taňrym meniň göterip biljek zadymy ber! Ýa-da berjek zadyňy göterer ýaly ýürek ber! ” diýip dileg etmelii eken. Ähli zady hem adaty diýip kabul etmeli. Ýakyn kabul etmeli däl eken.

Awtor:@Garadaşly

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir