Salam mähribanlar! Sowet Soýuzynyň gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan türkmen ildeşimiz Aýdogdy Tahyrowyň Watançylyk urşunda görkezen edermenliklerinden bir parçasyny siziň dykgatyňyza ýetirýärin.
- Gijä galypdyrys. Leýtenant Turgaýew çyny bilen ah tartdy:
- Bäh, laýyk 47 jeset. Eger Sawuşkinyň we onuň esgerleriniň ýaralanyny hasap etseň, onda bulaň hemmesini Tahyrowyň ýeke özi öldüripdir. Duşman rotasyna hut ýeke özi uly garşylyk görkezipdir. Berekella Tahyrow, Hakyky türkmeniň merdana ýigidi.

Gynansakda, şo gezekki bolan söweşde Tahyrow ganymlaryň eline ýesir düşdi. Ony şeýle bir ýowuz günlere sezewar etdiler. Wagşylarça gynadylar. Özüne ýeterlik sebäplerem bar. Birinjidenä Tahyrow ýöne-möne esger däl, bölümiň komandiry, ady hormat bilen tutulýan abraýly watan goragçysy. Bu zatlar bolsa faşistleri begendirýän, aýdyň faktlardy. Olar Tahyrowy gynap ondan söz almaga çalyşýardylar. Onuň endam-janynyň ýekejede abat ýeri ýokdy. Endamyndaky lagta-lagta gan garalyp gatap galypdy. Urup, aç saklap iň soňky derejä ýetiripdiler. Heý şeýlede wagşylyk bolarmy diýsene.
Şeýle sütemler bermek bilen ony radioda gürlemäge razy edendikleri hiç kim üçin gizlin däl. Bu faşistleriň beýiklerini az begendirmedi. Çünki Tahyrow Sowet goşunynyň edermen, Watançylyk ruhunda terbiýelenen öz ýoldaşlaryny faşistleriň tarapyna çagyrmakda uly işleri geçirip biljek esgeridigine gaty gowy düşünýärdiler.
Onuň aýak üstünde durmaga-da ýagdaýy ýokdy. Beýle sütemlere dişini gysyp çydamagyna faşist esgerleri haýranlar galýardylar.

Uruşdan ýaňyrak çykyp gelen Sarybegow hemişekisi ýaly hat-pete gümra bolup otyrdy. Birden radioda Tahyrowyň hut özüniň sesi çykmagy onuň süňňüni titretdi. Ol ähli hatyny bir gyra süýşürip durşy bilen gulaga öwrüldi. Naharhanada nahar iýip oturanlaryň gohy tapba ýatdy, biri Tahyrowyň sesini eşidip çemçesini gaçyrdy. (Sebäbi öň bir gezek Tahyrow diýip aldap başga birini radioda gepledipdiler. Bu gezegem şoňa meňzeş hokgadyr diýip pikir edipdiler. Emma garaşylmadyk ýagdaýda rotasyndaky her bir esgere tanyş çasly sesi bilen Tahyrowyň özi gürläp başlapdy).

- Haramlar.. ahyr boýun egdiripdirler., Tahyrowa gaty mert adammyka öýüdýärdim.. diýip ahmyr bilen içini gepledenler köp boldy.
- Bu Tahyrowyň özi.. Hut özi.. Şeýle sözler bilen içini çeken esgerler Tahyrowyň sözüniň yzyna garaşýardylar. Tahyrowyň faşistleriň radiosynda çykyş etmegi esgerler üçin elbetde garaşylmadyk ýakymsyz urgy bolup, olaryň aňynda "dönüklik edäýdimikä" diýen elhenç pikir at salýardy. Göýä diýersiň Tahyrowy diňlemek üçin bütin älem dyman ýalydy.
Tahyrow gürlemegini dowam etdi.. "Doganlar, meni sesimden tanan bolsaňyz gerek.. Mähribanlar! Uruň ganymy.. Ýok ediň.. Goý biziň Watanymyz baky......"

Sapançadan atylyp çykan rehimsiz ok oňa sözüni tamamlamaga ýol bermedi. Gahrymanlarça, mertlerçe Watan üçin baş goýan gerçegiň ömür tanapy şu ýerde şarta üzüldi. Ol sözüni doly tamamlap bilmese-de onuň ýüreginiň tä ölýänçä diňe Watan diýip uranlygy hemmä mälim boldy. Esgerler alasarmyk duýga düşdüler. Biri-birleriniň ýüzüne "nämüçin radio kesildikä" diýen soraglar bilen bakýardylar.

Hawa, ony gürläp durka atdylar. Sebäbi ol radioda düýbünden başga zatlary gürlemelidi. Faşistleri öwüp öz ýaranlaryny bu tarapa geçirmek maksady bilen gürlemelidi.
Tahyrowyň ýesir düşen obasy azat edilenden soň onuň jesediniň saraýda ýatanyny gördüler.
Aýaklary berk daňylypdyr, arkasy urgulardan ýaňa gara gana boýalyp çapyklardan dolup dur. Bedeniniň hamy bolsa ýyrtyk. Ýüzem al gana boýalypdyr.

Onuň nämeleri başdan geçirenini gören türkmen esgerleriniň kalbynda yzaly, emme buýsançly bir duýgyny emele geldi. Tahyrow olar üçin hakyky mertligiň mekdebine meňzedi. Olaryň Mukaddes Watançylyk duýgusyny baky ýüreklerine ornaşdyrdy. Watanyň wepaly, mert ogly bolan bu gahrymanyň ady Aýdogdy Tahyrow. Şeýle gahrymanlarymyzyň bolandygyna biz buýsanmalydyrys, şeýle hem hökmäny suratda olary tanamalydyrys we olaryň ömür ýoluny öwrenmelidiris. Olar biz üçin hakyky mertligiň mekdebidirler! (1907-1943)

Awtor: Hajymyrat.
(Hakyky faktlara esaslanyp ýazylan)

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir