1881-nji ýylda rus goşunlary tarapyndan Gökdepe galasynyñ gorawy syndyrylýar. General Skobelew ýetim galan 3 ýaşly türkmen gyzjagazyny öz ýany bilen alyp gidýär. Şol gyzjagaz hem şol gürrüñi edilýän Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa bolmaly.
Ady oña hossar çykylan “Tatýana güni” bilen bagly bolsa gerek. Familiýasy türkmenleriñ teke taýpasyndan bolandygy üçindir. Oña hossarlyk eden generalyñ ady bolsa gyzyñ atasynyñ ady hökmünde kabul edilýär. Tatýana 1894-nji ýylyñ maýynda Moskwada Elizaweta aýallar institutyny tamamlap, ýokary bilim alýar. Harkowda maşk mugallymy bolup işleýär.
Birinji rus rewolýusiýasynyñ pajygaly wagtynda – 1906-njy ýylda Tatýana ata-watanyna – Zakaspä dolanyp gelýär. İlki Aşgabatdaky gimnaziýada mugallymçylyk edýär, soñra Artyk stansiýasynda – öz tutanýerligi bilen açdyran ýerli-rus mekdebinde işleýär. Şol mekdeplerde çagalara rus sözleýiş dili, okamak, ýazmak, arifmetika boýunça bilim berilýär eken. Tatýana çagalara, hususan-da türkmen aýal-gyzlaryna sowat öwretmek, olary rus medeniýeti bilen tanyşdyrmak ugrunda ýadawsyz işleýär.
İl arasynda Tatýana uly hormata eýe bolýar. Adyny “Artykgül” (ýagny Artyk stansiýasynyñ güli) diýip tutupdyrlar. Sosiýal deñsizlige garşy göreşmekde köpçülige arka durupdyr. Rus, ýerli we çet ýurt dillerini bileni üçin, patyşa adminstrasiýasy ony dilmaç hökmünde hem peýdalanypdyr. Dünýägaraýşy, ýerli ilatyñ arasynda alyp barýan propagandistik işleri üçin Tatýana adminstrasiýanyñ “gara spisogyna” düşýär. 1914-nji ýylda öz ülkesini taşlap gitmäge mejbur bolýar. Ol Ukrainanyñ Ýurçikowo obasyndaky gimnaziýada mugallymçylyk edýär. Ýöne bu ýerde-de ony adminstrasiýa göz astynda saklaýar. Tatýana Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiasyny şol ýerde garşylaýar. Diñe 1924-nji ýylda ol syrkaw halda Türkmenistana gaýdyp gelýär. Şol ýyl hem 46 ýaşynyñ içinde aradan çykýar.
Tatýana Mihaýlownanyñ gyzlary Gülsoltan (1910-njy ýylda doglan) bilen Annagül (1913-nji ýylda doglan) 1924-nji ýylda Aşgabatda açylan, soñ Ene Kulyýewanyñ ady dakylan aýal-gyzlar internatynda ilkinjileriñ hatarynd terbiýe alýarlar. (Soñra Gülsoltan ýokary medisina bilimini alýar, Annagül Türkmen filarmoniýasynda işleýär). Ogly Ýarmuhammet Beýik Watançylyk urşunda wepat bolýar.
Alynan çeşme: Türkmen Hanlary. Dekabr 2002 ýyl.
Taýýarlan: Gurban Geldiýew.