Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň wekilleri baradaky bu gyzykly maglumatlar, mümkin boldugyndan, ygtybarly çeşmelerden ýygnalmaga çalşyldy. Hemmeler üçin gyzykly bolar diýen umyt bilen...

Şahyr Kemal Işanow geografiýany, esasan hem, Hytaýyň geografiýasyny gowy bilýän ekeni. Ol hatda Hytaýdaky haýsydyr bir şäher bilen başga bir şäheriň aralygynyň ýa-da derýalaryň uzynlygynyň näçe kilometrdigine çenli hem takyk aýdyp beripdir.

***
Körje Miriýew, Nurmyrat Saryhanow, Gurbanmyrat Eýýämberdiýew, Durdy Haldurdy, Kemal Işanow dagylar Maryda bir harby bölümde bile gulluk edipdirler.
***
Berdinazar Hudaýnazarow ömrüniň köp böleginde galam hakynyň hasabyna ýaşapdyr.

***
Berdinazar Hudaýnazarow ýüzin ýatyp ýazmagy gowy görer eken.

***
Berdinazar Hudaýnazarow maşgalasynda çagalary, aýaly bilen resmi gürleşmegi halapdyr.

***
Berdinazar Hudaýnazarow “Göreş meýdany” powestini kinosenari etjek bolup köp çytraşypdyr. Ýöne dört gezek synanyşmagyna garamazdan bu iş başa barmandyr. Uly ýazyjy hem bolsaň, bolmasa, bolanok-da!

***
Berdinazar Hudaýnazarow ilki ýazyp başlaýan uçurlarynda “Gumlular” romanyny “Uruş” diýip atlandyrypdyr. Soňra köp oýlanyp, ýazyjy romanyň häzirki adyny makul görüpdir.

***
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň hiç hili ýokary bilimi bolmandyr.

***
Şahyr Ata Salyhowy meşhur basnýalaryny ýazmaga galamdaşy, uly şahyr Durdy Haldurdy höweslendiripdir.

***
Goşgular diwanynyndan mahrum bolan diňe Magtymguly däl. Durdy Haldurdy uruş döwründe alty sany küti goşgular depderiniň ýitendigini gynanç bilen gürrüň beripdir.

***
Şahyr hem terjimeçi Durdy Haldurda hemmeleriň “Däde Hal” diýip ýüzlenmeginiň sebäbi bar. Şahyryň hakyky ady Haldurdy Durdyýew eken. Ýöne ol ýazan eserlerine “D. Haldurdy” diýip gol çekipdir.

***
Çagalykdan artist bolmagy arzuw eden şahyr Italmaz Nuryýew lukmançylyk institutynda hem birki ýyl okapdyr.

***
Ençe wagt jaýsyz kösenen Italmaz Nuryýew Berdi Kerbabaýewiň ýardamy bilen jaýly bolýar. Ýöne ýuka ýürek şahyr bu jaýyň açaryny başga bir köp çagaly enä beräýipdir. Berdi Kerbabaýew onuň ikinji gezek hem jaýly bolmagyna ýardam edýär. Ýöne ol bu gezek tä şahyr maşgalasy bilen täze jaýda ýerleşýänçä, ýanlaryndan gaýtmaýar. Italmaz Nuryýew bolsa, bu jaýyny hem ýazyjy dosty Gowşut Şamyýew we onuň inisi bilen bölüşýär.

Gurbannazar Ezizow ýyly geýinmegi gowy görüpdir. Halypa ýazyjylar bu barada şeýle degişmäni gürrüň berýärler.
Bir gezek Gurbannazar Ezizow gyşyň güni Kerim Gurbannepesowlara baranda içerik girip, plaşyny çykarypdyr, soň penjegini, soň žemperini, soň ýeňsizini, garaz, ýöne çykaryp durmuşyn...
Şonda Kerim şahyr:
-Boldy-how, Gurbannazar, deriňe ýetýäň beýdip – diýip, oňa degipdir.

***
Krossword çözmek Gurbannazar Ezizowyň iň söýgüli güýmenjesi bolupdyr.

***
Gurbannazar Ezizow dutardyr pianino çalmaga hem ezber eken. Şahyr käte: “Şu sazy çalmagy menden öwren!” diýip, türkmen mukamynyň ägirdi Nury Halmämmedowyň ýanynda öwnüpdir.

***
Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedow sähel sypynyp bilseler küşt oýnar ekenler. Her gezegem sazyň läheňi sözüň läheňini utupdyr.

***
Gurbannazar Ezizow Samarkant şäherinde tankçy batalýonda gulluk edipdir.

***
Gurbannazar Ezizowyň iş meýilnamasynda Görogly barada çeper filimiň senarisini, Magtymguly barada uly göwrümli çeper eser ýazmak pikirleri bar eken.

***
Şahyrlar Nury Baýramow bilen Anna Paýtyk ikisi biri-biri barada örän köp degişmeleri döredipdirler. Ençeme ýyllap goňşy bolup oturan we biri-biri bilen içgin dost bolan bu iki ussadyň şol gyzykly gürrüňleri wagtynda kitap edilip çykarylan bolsa, megerem, bu kitap türkmen edebiýatynyň iň gymmatly eserleriniň biri bolardy.

***

Rahmet Seýidow türkmen edebiýatyna ilkinji bolup libretto ýazmagy getirdi. Şahyryň we edebiýatymyzyň ilkinji librettosy “Gyzyň kasamy” diýlip atlandyrylýar.

***
Beki Seýtäkow “Aýaz han” erteki-poemasyny 2 günde ýazyp tamamlapdyr.

***
Beki Seýtäkow berk ýöredýän gün tertibiniň agşam sagat dokuzdan gije bire çenli bölegini döredijilik bilen meşgullanmaga bagyşlapdyr.

***
Beki Seýtäkow “Doganlar” romanynyň birinji kitabyny ýazyp ýarpylaberende, başga bir romany – “Çölüň ýüregini” ýazmaga girişipdir. Soňra bu eserleri ýazmak gezekleşdirilip dowam etdirilipdir. Ahyrky netijede “Çölüň ýüregi” “Doganlardan” öň tamamlanypdyr.

***
Beki Seýtäkow başda “Doganlar” romanyny dört kitapdan ybarat etmegi meýilleşdiripdir. Roman bolsa, mälim bolşy ýaly, üç kitapda jemlendi.

***
“Bekmyrat Durdyýew” powestini köp wagtlap kellesinde “göterip gezen” Beki Seýäkow powesti ýazmak üçin bary-ýogy 21 gün sarp edipdir.

***
Aman Kekilowyň çagalar üçin ýazan goşgularynyň käbiri okuw kitaplaryna girizilende şahyryň özi ýaňy 16-17 ýaşly talyp eken.

***
Ýazyjy-şahyr doganlar Baýram, Annaberdi, Kasymguly, Arap, Täşli Gurbanowlar bir ojakdan çykan bäş zehindir.

***
Ata Köpekmergen palaw bişirmekde käbir ussat aşpezlere-de “gaýra dur” diýdirýän eken.

***
Ata Köpekmergen uçursyz ýatkeş adam bolupdyr. Ol birnäçe sagatlap, yzyny üzmän ýatdan goşgy okap bilipdir.

***
Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” filmine ýazan sazyny diňlän Alty Garlyýew: “Tutuş ömrüme şular ýaly ýekeje saz döredip bilsem, bu dünýäden hiç bir armansyz giderdim” diýipdir.

***
Tä “Ertir Moskwa, sazy simfoniki orkestrde ýazgy etmäge gitmeli” diýilýänçä, Alty Garlyýew “Aýgytly ädimdäki” Artygyň aýdymyny nota bilen aýdyp görmändir. Moskwa gidilmegine bir gije galanda Nury Halmämmedow ony öýüne çagyryp, uzak gije işläpdirler. Kompozitoryň özem ýatmandyr, aýdymçynam ýatyrmandyr. Şol köp zähmet talap eden ukusyz gijäniň beren miwesiniň tagamyndan diňleýjiler henizem doýup bilenok.

***
Türkmenistanyň Halk artisti Sona Myradowa sylagly ene hökmünde täze doglan bäbekleriň segsenden gowragyna at dakyp beripdir.

***
Berdi Kerbabaýew ýatlamalarynyň birinde Garaja Burunow bilen özara ýaryşyp işländigini ýazýar. Ýazyjynyň “Gyzlar dünýäsi” we “Tirýekkeş” poemalary şol ýaryşyň öňümidir.

***
Ýaşap ýörkä Kerim şahyry käte degişme bilen “gelinleriň şahyry” diýip atlandyrypdyrlar.

***
Kerim Gurbannepesow çepbekeý eken.

***
Nury Halmämedowyň güýçli suratkeşlik ukyby hem bar eken. Baryp çagalar öýünde terbiýelenýärkä mugallymlary ol suratkeş bolar öýdüpdirler.

***
Nury Halmämmedow dutaryň ilkinji kakuwlaryny Baýramalyda çagalar öýüniň garawulyndan öwrenipdir.

***
Nury Halmämmedow heniz sazçylyk orta okuw mekdebini tamamlamanka sazçylyk uçilişesine, ony tamamlamanka hem Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky kanserwatoriýasyna kabul edilipdir.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir