Bu günki temamyz köp ýaşlaryň, maşgalalaryň arasynda bolýan gabanjaňlyk. Eýsem gabanjaňlyk näme?! Nämeden güýç alýar ýa-da nämelere sebäp bolýar. Ynamsyzlykdan döreýämi? ýa-da ynamsyzlygyň özi gabanjaňlykdan döreýämi? Gabanýan adam nähili? Gabanylýan adam nähili? Gabanylýan adam näme etmeli? Siziň pikiriňizi bilmek meň üçin aslynda has gyzykly. Ilki geliň bir internet sahypasyndan tapan gabanjaňlyk hakynda bir psihologyň aýdan ýazgysyna göz gezdireliň.
Elden gidirmek gorkusyny azaldýan iň uly zat söýgüdir. Söýgi güýjän mahaly gabanjaňlyk ýaly negatiw duýgular azalýar. Gabanylýan adam ýoldaşynyň gabanjaňlygyny, gorkusyny, ynamsyzlygyny aýyrmak üçin göreşmäge derek has köp söýgi bermäge çalyşmalydyr.
Ara-gatnaşyklarda iň uly zerurlyklardan biri iki taraplaýyn ynamdyr. Dowamly gabanylmak, ynamsyzlyk bildirilmek elbetde gabanylýan kişini hem ýadadar we ýüregine düşer. Şeýle ýagdaýa sezewar bolan kişi ýoldaşyna şu görnüşde çemeleşmeli:"Maňa berip biljek iň uly peşgeşiň maňa bolan ynamyňdyr. Ýa maňa ynan, ýa-da ynamsyzlyk etmegiňe sebäp bolan zady subut et. Sen ýoluň bilen bol, menem ýolum bilen bolaýyn" görnüşinde anyk, takyk dilde gürlemeli. Ýoldaşyňyza berjek gaçgynly jogaplaryňyz onuň şübhesini has artdyrar, sizi has hem gysgaja gysar.
Hassalyk derejesinde gabanjaň bir adam, has dogrusy müňkür keselli(sebäpsiz gabanýan) bilen ýaşaşmak mejburyýetinde bolanlar günüň dowamynda her sagat garşylaryndakynyň ynamyny gaýtadan gazanyp durmaly bolýarlar. Çünki garşylaryndaky adam özlerini dowamly soraga çeker we düşündiriş sorar. Şeýle adamlara oýun edibem ýalan sözlemeli däl, nähili ýagdaý hem bolsa dürs bolmak gerek. Tersine bolan ýagdaýynda iň bir ýönekeýje ýalany, söz oýnatmalyryny we şm.leri size garşy ulanar.
Hassalyk derejesindäki gabanjaň adamlar bilen ýaşaýan adamlar hökman sabyr etmek sapagyny geçmeli. Garşy tarap dawa turuzmagy gowy görýär. Dawany uzatmazlyk üçin olara konkretnyý jogap bermek zerur. Mesele näme bolsa-da ara alyp açyk-aýdyň düşünişmek gerek. Bu bir riskdir, emma bu-da gözardy ediläýse ýaşaýşy kynlaşdyrar.
Gabanjaňlyk birnäçe maşgalanyň sezewar bolýan we maşgala içindäki sazlaşygy pozýan ýagdaý. Gabanýan kişi hem gabanylýan kişi hem şu mesele sebäpli ýaralanýar. Şu sebäplem meseläni el-ele berip mümkin boldugyça açyk we aýdyň ýollar bilen çözmäge çalyşmak gerek.

www.ertir.com

Sorag-jogap, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir