Gurbannazar Eziz Kakabaý Gurbanmyratlara seýregrägem bolsa söhbetdeşlige gelýär. “Siziň kompaniýaňyz ýaman gowy. Şahyr boljaga gaýnap duran gazan-da” diýýär.

Goý ,”şahyrlaň güni jenjeldir
dawa”—
Diýip, dodak çöwrübersin gedemler,
Bizi şahyr eden jedeller dälmi?
Halyl, bizi şahyr eden jedeller!

Gurbannazar gelende töwerekdäkiler öwünmediksirän boluşsalar-da, öwrenilen gylyk örkleseň durýarmy?! Ýöne Gurbannazar öwünenlere üns bermän, gulagynyň duşundan geçirip goýberýär. Özi goşgy okanda örän labzy süýji. Soň dymyp, aşak bakyp oturýar. Käbir şahyrlar ýaly pikir aýtdyrmaga zorlamaýar. Ynsanyň dymmak hukugynyň barlygyny hiç-hiç unutmaýan borly. Atamyradyň goşgy okaýşyna göwni ýetýär. Gurbannazar:

“Ýaramaz goşgy ýazýany hem goldamaly, belki gowy ýazyp başlar, ahyry, bolmanda gowy okyjy bolar”

- diýen pikirde.

Gurbannazaryň özüni alyp barşyny gören onuň örän terbiýeli maşgalada ýetişenini badabat duýýar. Örän seresap, örän näzik hem sypaýy, aňrybaş hoşgylaw adam bolany sebäpli, onuň bar ýerinde şoňa görä boljak bolmak edähedi bar.
Uly şahyr bolmak üçin, ozaly bilen uly adam bolmak zerurdygyny Gurbannazaryň mysalynda gördük.

Oraz Ýagmyr.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir