Pähimden daş düşse halk
Ýumurtga ol misli talh.

Kim pähimden geçse sowa,
Akylynda bolmaz nowa.

Pähime pisint etmedik
Kämillige hiç ýetmedik.

Halkdan daşlaşsa pähim-parasat,
Ol ülkede basym gonar harasat.

***
Pederleň pähminden üzseň örküňi
Durmuş gaçyr abraýyňy, görküňi.

***
Pähimlerden daş bolmasyn araňyz,
Ýogsa kesmek baglar gider garaňyz.

***
Pederleň pähimini bozmak,
Meger bagta gara çyzmak.

***
Pähimleri unaman, edip ýörseň keserlik,
Danalyk ýyrak gider, geler ruhy ýesirlik.

Senden göwni galsa atalar sözüň.
Magat bilgil, bir gün çykarýar gözüň

***
Nadan pähimleri döwelär basar,
Akylly her nakyl ho-ol duran Hasar.

***
Ýüňi ýeten kişi paýhas-pähimden,
Ol azatdyr, telek işden, wehimden.

***
Pähimlerim-pederlerim
Sizsiz ýokdur gider ýerim.

Peder pendi

Güýji müçesinden ençeme rüstem,
Muruň syryn aňla, ýitirde wagtyň.
Soň şahyr bolaňda sözleň kuwwaty,
Mura meňzemese ýatdygy bagtyň.

***
Çyn şahyrmyň, bolgul söze has gysyk,
Ylla bir etiňden kesilýän ýaly.
Şol gysyk sözleriň her biri bolsun
Oguzhany gören müň syrly haly.

Pyragynyň sargydy

(Düýş)

Tä kyrkyňa çenli durmuşda gaýna,
Soň ellä barynçaň sözlerňi saýla,
Altmyşyňa deňiz olaň barysyn,
Ýüz ölçäp, bir kesip böwrüňde aýla.
Şahyr boljak bolsaň, eý eziz oglan,
Alnyňda goýmaly şertiň-ä şeýle.

***
Jahanda barlyk güýçlerden,
Iň güýçlisi sözüň güýji.
Şol sebäpli diýipdirler,
Şahyrlyk ynsanlyk täji.

***
Her sözüň bir syr açmasa,
Ýüreklere nur saçmasa
Onda ol sözleriň güýji
Baryp ýatan pujuň-pujy.

Dil hakda

Ýitip gitse ene dilim,
Gerek däldir, gaýry zulum.

***
Ene dilim — inçe bilim.

***
Ilim — howamdarymdyr,
Dilim — mähir gorumdyr,
Bilim — golda zorumdyr.

***
Diline müňkür —iline müňkür.

***
Ýüregmiň aklygy pälime görä,
Ilimiň päkligi diline görä,

***
Dil ýitse — il ýiter.

***
Ene süýdi — janyma em,
Ene dilim — beýnime nem.

***
Dünýä inen pursadym,
Enem hata bolupdyr.
Wah, ýekeje ýuwdumjyk
Ene ene dilimi
Doýman, doýman diňledim.
Ene dilim, sen maňa
Ene süýdüň tagamny
Mähriň bilen emlediň.

***
Bolsa diliň bulaşyk,
Bolar aňyň çolaşyk
Ene diliň, il-günüň
Ulaşykdyr, ulaşyk.

***
Diliň ýuwutsa hunaba
Iliň gark bolar girdaba.

***
Bir ülkä baraňda ilini syla,
Ili bilen bile dilini syla.

***
Her dil bir, saýrak bilbildir,
Jahankeşdä misli güldür.

***
Köp dil bildim, alym boldum,
Yssambylda mälim boldum.

***
Türkmen dili baýdyr mana,
Bu dil juda şahyrana.

***
Türkmen dili pähim dili
Gojasy bar, Gorkut weli

***
Türkmen ili dili türki,
Şol dil bilen baýdyr ilki.

***
Manysy köp, şerhi gysga,
Türkmen dili, gadym nusga.

Söz hakda

Bimöçber suw, uly ýangyn,
Durmuşyň çyn howsalasy.
Eger söz bimöçber bolsa,
Ol belalaryň ulusy.

***
Söz diýenmiş: — Dymmalardan,
Razy men, göwünim hoş,
Arman pöwhe ýaňralardan
Inim ez-bez, bagyrym baş.

***
Agzyňdan çykan sözleň
Bolsun hasaby, sany,
Şol sanlyja sözlerde,
Gerek bömöçber many.

***
Bimöçber söz ýalmap gider akyly
Sähelçe sözdendir halkyň nakyly.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir