Asma ýoly
Köpetdagyñ dag gerişlerinde deñiz derejesinden 1270 metr belentlikde ýerleşýän asma ýoly 2006-njy ýylyñ 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyñ we bu desgany guran "Bouýgues" fransuz kompaniýasynyñ başlygy Martin Bouýguesyñ gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu desga Türkmenistanyñ energetika ministrliginiñ "Türkmen energo gurluşyk" konserniñ buýurmasy esasynda 2005-nji ýylda gurlup başlandy.
Asma ýolunyñ kabinalarynda birbada 300 sany adam desganyñ beýleki nokadyna ýagny ýokaryk galyp biler. Bu kabinalaryñ 14-si 8 adamlyk bolup 10 minudyñ içinde asma ýolunyñ ýokarky binasyna baryp bolýar. Kabinalaryñ 16-yñ tizligi bolsa sekuntda 6 metri geçip bilýär. Her 72 sekuntdan bolsa müşderileriñ kabinalara münüp düşmesi amala aşyrylýar. Asma ýolunyñ jemi uzunlygy 4 km-a barabardyr. Desganyñ içinde müşderiler üçin garaşylýan ýerler tehnik jaýlar we kassalar bar. Desganyñ daşynda bolsa kiçiräk seýilgäh we 100 orunlyk ýeñil awtomobiller hem-de 5 sany awtobus üçin awtoduralgalar bar.
Asma ýolunyñ ýokarky binasynda birbada 280 adam kabul edip bilýän iki sany restoran we kafeler bar. Mundan başgada bu ýerde dik uçar meÿdançasy hem-de gezelenç etmek, gözel tebigaty we ajaýyp şäheri synlamak üçin ýörite meýdançalar bar.
Bu ýere gelen adamlar we daşary ýurt myhmanlary dag keýiklerini we başga-da birnäçe jandarlary görüp bilerler. Asma ýolunda ýylyñ ähli paslynda hem gezelenç etmäge mümkünçilikler döredilendir.
Taýýarlanlar: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet ýokary okuw jaýyň 4 ýyl talyplary Begsoltan Saparowa, Baýmyrat Nazarow.