Aşgabadyň günorta-günbatar tarapynda dag eteginiň gözel künjegi bolan Gökderede ýurdumyzda ilkinji zoologiýa toplumynyň — Janly tebigatyň milli muzeýi gapylaryny giňden açdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan bu toplum türkmenistanlylar we ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Gökderede gurlan bu muzeý halkymyzyň, esasanam ýaşlaryň janly tebigatynyň ajaýyp we syrly dünýäsine aralaşyp, olaryň tebigata bolan söýgüsini has hem artdyrmaga ýardam eder. 40 gektar meýdanda gurlan muzeýde tebigatyň täsin jandarlarynyň, şol sanda süýdemdirijileriň, guşlaryň, süýrenijileriň, balyklaryň we beýleki deňiz jandarlarynyň üç müňüsi bar.
Bu jandarlaryň hemmesiniň tebigy ýaşaýşy göz öňünde tutulyp gerekli şertler döredilipdir. Zoo toplum üçin tebigy taýdan has amatly bolan bu ýeriň saýlanyp alynmagy hem ýöne ýerden däldir. Dag howasy we gaýtalanmajak tebigy landşaft jandarlaryň ýaşaýjy üçin amatly şert döredýär. Toplumyň çäklerinde gurlan zoologiýa seýilgähi bolsa halkara ülňülere doly gabat gelýär.
Daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan gurlan bu ýerde myhmanlar dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen jandarlaryň köp sanlysyny synlamaga, olaryň täsin dünýäsi, ösüşi bilen baglanşykly maglumatlar almaga mümkinçilik döredilipdir.
Dabaraly ýagdaýda geçirilen açylyşa Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, tebigaty goraýyş düzümleriniň, häkimlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekil hanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri we paýtagtymyzyň okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.
Bu täsin dünýäde düýe guşlar, durnalar, ördekler, guwlar, gäwmişler, ak kerkler, zebralar, žiraflar, iki örküçli düýeler, ýylanlaryň dürli görnüşleri, ýolbarslar, alaja barslar, gaplaňlar, çal toty guşlary, tawuslar, sülgünler, afrikan antilopalary, lamalar, buýra şahly geçi, dag goçlary, sugun, saryja goýunlar, kenguru, jerenler we beýleki haýwanlar bar. Megerem dünýäniň dürli ýerinde, dürli şertlerde ýaşaýan jandarlaryň hemmesini bir ýerde görmek hemmeler üçin diýseň gyzykly bolsa gerek. Tebigy sazlaşykda döredilen bu toplum çagalaryň we ulularyň höwes bilen dynç alýan ýerine öwrüler.
Toplumyň çäklerinde ýerleşýän galereýalarda ýurdumyzyň suratkeşleri tarapyndan ýerine ýetirilen türkmen haýwanat dünýäsiniň jandarlarynyň şekilleri beýan edilen suratlar, 150 müň ýyl mundan öň biziň ýurdumyzda ýaşap geçen haýwanlaryň emeli skeletleriniň eksponatlary haýwanat dünýäsi bilen gyzyklanýanlaryň bu barada has köp maglumat almaklaryny ýardam edýär.
Muzeýiň çep tarapynda uly akwariumdaky geň täsin jandarlar—deňiz ýyldyzlary, liliýalar, aktiniýalar, gubkalar, deňiz kirpileri, leňňeçler, tropiki balyklar myhmanlary haýran galdyrýar.
Taýýarlanlar: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet ýokary okuw jaýyň 4 ýyl talyplary Begsoltan Saparowa, Baýmyrat Nazarow.