Günler geçip durlar, azary ýetik,
Bar dertleri çekip ýörün bir özüm.
Aýdym aýdýan: Ykbalyň için ýakyp,
Wah-h...bagtly bolasym gelýär ezizim.

Maňa senden başga hiç zat gerek däl,
Seňem diňe barlygyňy bilsem bes.
Saňa ýetsem hiç bir zada seretmän,
Indi ýüregimde öçdi o höwes.

Sebäbi, bilýärin hiç wagt, hiç haçan
Bile bolup bilmejegmi seň bilen.
Bagtly bolmak hakda aýdym aýdýaryn,
Ýalňyz galyp hemem gamgyn heň bilen.

Her ädimde, her pursatda bu durmuş
Namart ýerleriňem açyp barýar-la...
Men bir deňiz kenarynda gamly guş,
Ganat kakýan uçup bilmän her ýana.

Her zat edip saňa ýetirjek bolýan
Tämiz ýüregimden çykýan owazym.
Geljegi gözöňme getirjek bolýan,
Bolanok,
Sebäbi sen ýok ezizim.

Ýazary näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir