Edebine ebedilik erk ýetmez,
Namysy ýüzünde nur- perde ýaly.
Tämizligne tegmil düşmez, çirk ýetmez,
Mert türkmeniň mert aýaly.

Mirasdüşer dogurmansyň tagt üçin,
Il merdini serpaý etdiň äleme.
Soltan ogluň iliň-günüň bagty üçin,
Garşy durdy soňsuz zulum-talaňa.

Mertlik bilen çeken ykbal synagyn
Goç ýigitler Rüstem Zala taý geljek.
Sanjak boldy bize elwan gyňajyň,
Şa melikäm, hatyn enem, Aý çiçek.

Seniň ýaly şir ýürekli aýaldan
Diňe Jelaleddin ýaly är doglar.
Duýduk sen bolmaňda ahyr-owalda,
Öňden gara bagtymyza gar ýagar.

Sil bolup towlanyp akýan derýanyň,
Kenarynda sil bolanda ganymyz.
Namys bilip ýaga ýesir bermäge,
Döwdüleşdik orta goýup janymyz..

Seniň tämizligiň päkligiň hakda,
Galsyn diýip ebedilik efsana,
Bedeniňi derýa möwjüne atdyk,
Şanyň göterildi mawy asmana.

Ýazary näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir