Çarwalar haýsydyr bir kişini magtanlarynda, galapyn, ony gorküýzä meňzetmegi halaýarlar. Meselem, «Görküýze kimin lebzi päk», «Görküýze deýin halal», «Görküýze zeýilli süňňi arassa» we ýene-ýeneler. Sebäbi görküýze düýedarlaryň içeňde gaňşyrawugyňy kükedýän, müň bir derdiň dermany düýe çalynyň agaranyny kemala getirýän ak bulak, mukaddes gözbaş.
Bir gezek şeýle gürrüň boldy. Tomus aýlarynda gaýradan, ýagny Türkmenbaşy etrabynyň 250-300 km çemesi demirgazygynda ýerleşýän obalaryň birinden getirilen düýe çalyny sadaka saçagynda goýdular. Gaýraň çalynyň muşdaklarynyň biri ondan owurtlady-da, başyny ýaýkap:
– Wah, oňarmandyrlar-ow! Titidir köwreýik mysaly özge ýerlerde duş gelmeýän zorly ot-çöplerden dokunyp ýören düýe çalyna meňzänok. Süýt diýseň süýt däl, çal diýseň çal däl... – diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Başga bir ýaşuly gaýraň çalyna ýetik eken. Ol ony şeýle düşündirdi.
– Çalda ýazyk ýok. Hata muny taýynlan öý bikesinde. Käbir öý bikesi çalyň gymmatyna, mertebesine parh goýmaýarlar.
«Mal – malyň şuguly» diýen nakyly çal barada hem ulansa boljak. Gaýraň çaly diýeniň bilen, onuň bary birmeňzeş, birtap bolmaýar. Eýsem çallaryň arasyndaky tapawut nämä baglyka? Görüp ýörüs, ol, ozaly bilen öý bikeleriniň görküýzä edýän hyzmatyna, yhlasyna bagly. Muny obalylaryň bilmeýäni ýokdur. Asla, görküýze näme? Ol ýokary hilli keramikadan, toýundan we beýleki garyndylar bilen ýugrulyp, ýörite peçlerde bişirilen, içine-daşyna galyň syrça çaýylan çal tutulýan gapdyr. Ol her dürli ululykda bolup biler. Onuň aşa läheňleri hum adyny göterýändir. Köp düýe sagýan maşgalalaryň böwründe adam oturan ýaly bolup hum görünmese, ol ýerde agarandan mähriň ganmaz. Hum döwletli öýüň berekedi, gelşigi, baýlygy. Düýe bakýan dädelerimiziň ýanlarynda göterýän torsukdyr (düýäň boýun hamyndan bejerilýär) ýaýlyklarynyň (geçi derisinden ýasalýar) çalyny öwüp aňyrsyna çykyp bolmaz. Içinde dary, jöwen ululygynda ýag gaýmalaşyp ýören özboluşly täsin tagamly, ne goýy, ne suwuk, aram çaldyr. Ol ýaglar goş erkeginiň üstünde çaýkana-çaýkana döreýär. Şol çopan çaly bilen ýaňy ojakdan küli kakylyp çykarylan gömme çörekden kemsiz naharlanan bende günuzyn gap böwre bakasy gelmezdi.
Görküýzä intipis etmek, gundagdaky çaga seredenden enaýy däl bolsa gerek. Görküýze juda ynjyk, «öýkelek» gap. Tomus aýlary ejelerimiz ertir ir bilen entek yssy düşmänkä görküýzäni sowuklygyna basyryp goýardylar. Gyş aýlarynda bolsa olar ojagyň golaýynda görküýzäniň bir garyş düýbi sygar ýaly çukur gazyp, ony şonda saklardylar, üşemezligi üçin üstüni-de ýapardylar. Şu zeýilli saklanýan görküýzäniň çemçe batmaz agaranynyň höziri birbaşgadyr. Görküýzäniň içini günde-günaşa ýuwup, çaýkap durmak hem derwaýys idegleriň biridir. Ýogsam görküýzäň diwarynda öňez diýilýän goýy, ýelmeşik suwuklyk döräp, çalyň hiline zeper ýetirýär. Ýokarda aýdylan şertleri berjaý etmeýän öýleriň çalynyň ýöne çal ady bolýar. Setanda-seýranda görküýzä guýlan süýt uýman, agaran bermän, gatyşyp ýatardy. Şonda «Çalymyza göz degipdir» diýip, gyzdyrylan kepgiri görküýzä sokardylar. Haýran galmaly, ötenlerimizden galan şu yrymdan soňra goruň ýüzünde agaran görünübererdi.
Görküýzäniň düýbi görnüp duran gök gory hem jana şypadyr. Ýürek agyrysyndan, gan basyşynyň kadadan beýikliginden ýa-da pesliginden ejir çekýänler, agarandan gaça durup, gök gora ýanardylar. Çünki ol agarana görä tiz siňýär, düzüminde ýag ýok. Onuň iýmit siňdiriş agzalarynyň kadaly işlemegine-de nepi kän. Gyzgyny düşmeýän çagany gan ýylylygyndaky gora suwa düşürip, dolap ýatyranlarynda, sanlyja salymda, el bilen çekilen ýaly bolup gidibererdi. Şeýle hem, oňa gelin-gyzlar saçlaryny ýuwardylar. Şeýlelikde, saç goňaklamaýar, dökülmeýär diýerdiler.
Adam özüniň geçen günlerini ýatlanda pursatlar göz öňünden gitmeýär. Men şu ýerde birje pursady aýdyp geçeýin. 6-njy synpda okaýardyk. Ýaz dynç alyşy döwründe dädem dagynyň (olar bäş-alty çopandy) düýelerden köşek alynýan möwsüminde olaryň mal bakýan sonar öri meýdanyna barypdyk. Şol ýyldaky bolan otçulygy heniz görmändiklerini oba ýaşulylary gürrüň ederdi. Dumly-duşuň al-ýaşyl reňkli gül-gunça, müşk kakýan hoşroý ys. Köşekli düýeleriň bozlaşýan intizar sesleri guşlaryň şadyýan nagmalary bilen utgaşyp, ajaýyp çöl mukamyny emele getirýärdi. Ýaz otlarynyň gürlüginden, bollugyndan ýaňa çöküp oturan köşek görünmeýärdi. Düýe janawer botlanda bäş-alty günläp süýdüne şerbet goşulan ýaly süýji, datly bolardy. Ilkinji günler-ä owuz, soňky dört-bäş günüň dowamynda bulama bişirilerdi. Bulary näçe öwseňem azdyr. Synjaň bolsaň-a synjawlygyň, ýadaw bolsaňam ýadawlygyň ýagdan gyl sogrulan deýin zym-zyýat bolardy. Öýümizde birbada üç bedre süýt ýerleşýän hum görküýzämiz bardy. Palçyk kimin agarandan gurt, süzme, süýtden-de balgaýmak alardylar.
Şu Bagtyýar döwrümizde bu zatlaryň gadyr-gymmaty uly. Il içinde görküýze, onuň agarany we çaly barada, olaryň saglyga peýdasy hakda gyzykly-gyzykly maglumatlar kän. Biziň ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň yhlasy, zähmeti bilen şu günlerimize gelip ýeten ýol-ýörelgeleri öwrenmek we dowam etdirmek parz işleriň biridir.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojalygyç Nazarow.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir