Şu günki günler Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak maksatly geçirilýan işleriň dowamynda, paýtagt şähermiziň A.Nyýazow şaýoly bilen Galkynyş köçesiniň aralygynda Türkmenbaşy şaýolynyň gündogar böleginde ýerleşýan ýaşaýyş jaýlarynyň arhytektura gurluşynyp könelendigi we şäheriň gözelligine kybapdaş dälligi bilen baglanşykly, ol jaýlar sökülip ýaşaýjylary Aşgabat şäheriniň Parahat-7 etrapçasynda täze gurulýan köpugurly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjin edildi.
Aşgabat şäheriniň Parahat-7 etrapçasynda gurulýan köpugurly ýaşaýyş jaýlarynyň binagärlik nusgasy, owadanlygy, içinde ähli amatlyklrynyň bolmagy bilen özboluşlygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu etrapçada täze gurulýan çagalar bagy, orta mekdepler, çagalar sport meýdançalary, saglyk öýleri, awtoduralgalar hem özüniň gözelligi we gurluşyk aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Parahat-7 etrapçasynda şu gurulýan binalaryň sazlaşykly ýerleşmegi hem döwlet tarapyndan halkymyzyň döwrebap durmyşda ýaşamagy üçin edilýan aladalarydygyny ýenede bir gezek subut etdi.
Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baran ýaşaýjylaryň şatlygynyň we minnetdarlygynyň çaksizligi olaryň ýuzlerinde peýda bolan mähirli ýylgyryşlarynda hem görmek bolýar.

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň
ýaşaýjysy, pensioner E. Nuryýewa

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir