Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk ýokary okuw jaýy 1992-nji ýylda döredildi. Bu ýokary okuw jaýymyz - Watanymyzyň ähli ulag we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan merkezidir.

1. Bölümler we hünärler:
Awtomobil ulagynyň ulanylyşy
hünär: awtomobiller we awtomobil hojalygy.
2. Howa ulagynyň ulanylyşy
hünärler: howa hereketiniň dolandyrylyşy;
uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy;
howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak.
3. Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzüminiň ulanylyşy we abatlanyşy
hünärler: lokomotiwler; wagonlar;
ulagda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak;
demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.
4. Suw ulagynyň ulanylyşy
hünärler: gämi sürmeklik;
gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy.
5. Gämi gurluşygy we umman tehnikasy
hünär: gämi gurluşygy.
6. Aragatnaşyk we teleradiokommunikasiýa ulgamlary hünärler: awtomatiki elektrik aragatnaşygy;
köpkanally elektrik aragatnaşygy;
radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe;
hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri;
önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy (poçta aragatnaşygy).
7. Radioelektron ulgamlary we toplumlary
hünär: radioelektron ulgamlary we toplumlary .
8. Gurluşyk
hünärler: köprüler we ulag nagymlary;
demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy;
awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy.
9. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy
hünär: ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş.
10. Menejment
hünär: logistika.
11. Kompýuter tehnologiýasy
hünärler: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş;
hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi.

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Alynan çeşme: Laýndaky Bir söz topary.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir