Walt Disneý öz jigisi Roý 1bilen Disneý Kompaniýasyny esaslandyranda kärhanaň 3 gatly bir merkezi binasy bar ekeni. Bu binanyň 3-nji gatynda Hyýal-keşler topary, 2-nji gatynda Hakykatçy topar we 1-nji gatynda bolsa Ýerine Ýetiriji topar oturýan ekeni.

Iň ýokary gatdaky hyýalkeşler mümkinçilik çäkleriniň göz-görtele daşynda arzuw-hyýallara çümüp, uçup-uçup pikir edip, öz ýazanlaryny 2-nji gatdaky Hakykatçylara ugradýan ekeni. Bu hyýalkeşleriň işi dünýäň iň samsyk multfilm pikirini tapmak, iň bir bolup bilmejek bir hekaýa düzmek ekeni. Belli bir manyda bu topara hakykatçy bolmak we logiki nazar bilen pikir etmek gadagan ekeni..

Hakykatçylar bolsa özlerine ugradylan pikirleri köplenç bolşy ýaly edip yzyna gaýtarýanam bolsalar, käwagt oturyp Hyýalkeşler bilen ýazylanlar barada pikir alyşýan ekeni.. Bu iki topar öz-arasynda belli bir karara gelenlerinden soň jemleýji proýekti rejeläp 1-nji gatdaky ýerine ýetiriji topara ugradýan ekeni..

Bu topar bolsa bu proýekt üçin gerek bolup biljek býudjet, näçe adam işlemeli, kimlerden kömek almak gerek bolar ýaly zatlar esasynda proýekti täzeden tertipläp, ylalaşmaýan ýerlerini 2-nji gatdakylar bilen maslahatlaşar ekeni.

Hiçwagt ýerine ýetiriji topar bilen hyýalkeş topar ýygnak etmeýän ekeni, hatda olaryň nahar iýýän ýerleri we boş wagt sarp edýän ýerleri hem aýratyn ekeni. Ýerine ýetiriji topar hemişe Hakykatçyl topar bilen ýygnak edip, maslahatlaşyp proýektleri amala aşyrar ekeni.. Bilermenlere görä ýyllar-boýy dowam edip gelen Walt Disneý başarnygynyň düýbünde ýatan esasy sebäpleriniň biri hem şol bolup durýar..

Bu wakadan öz durmuşymyz üçinem gowy sapaklar çykaryp bolar elbetde.. Arzuw-hyýallara çümen mahalyň hiç-hili kada-kanunlary hasaba goşma; şeýle bir arzuw et welin käwagt öz pikirleriň özüňe-de gülkünç bolup görünsin.. Ol pikirleri belli bir tertipde bellik et.. Soň oturyp tertiple we hakykatçyl nazar bilen göz aýla ol ýazylanlara we ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetiriji göz bilen iň soňky rejeleme işlerini berjaý et..

Arzuw edeňde hakykatlary ýatdan çykar, hakykat nazary bilen seredeňde arzuwlary we ýerine ýetirmek diýlen zady ýatdan çykar, ýerine ýetiren mahalyň bolsa arzuwlary ýatdan çykar.. Bir iş gurnamakdaky 3 şert şolardan ybarat..

Öňümizdäki 5 ýylyň içinde dünýä sanawynda ilkinji 10-lugyň hataryna girip biljek bir söwda kärhanasyny esaslandyryp bolarmy?!

Gülkünçmi?!

Diýmek birinji şertimiz berjaý boldy..
-----
Ceşme: Konsultant
Saýta taýýarlap ýetiren: Çaryhojaýew Guwanç

Sorag-jogap, Yeser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir