IT HAKDA AÝDYM

Säher al şapakdan alanda ody,
Ýananynda ak sähranyň gujagy,
Ganjyk ýedi sany güjük guzlady-
Ýedi sany sary çypar güjügi.

Söýdi baryn garalýança ýalançy,
Dili bilen olaň tüýün ýalady,
Ýerde ýatan näzik, ýuka garjagaz
Ýyly garnyň aşagynda eredi.

Agşam towuk bary üýşüp her taýdan
Düzülende nar üstünde kirş deýin,
Güjükleri halta gapgaryp, öýden
Çykyp gitdi agyr ýüzli hojaýyn.

Ganjyk hojaýynyň yzyndan galman,
Ylgady duýmady pesi belendi,
Şeýdip uzak salym gyş güni doňman,
Duran suwuň tolkunlary elendi.

Hesretden müzzerip sesin çykarman,
Öýe gaýdyp gelýän çagy, gör indi.
Obanyň üstünde dogan çypar Aý,
Güjüklerniň biri bolup göründi.

Bu mawy belende garap, ussada
Zaryn sesli, uzyn-uzyn uwlady,
Inçejik Aý bolsa assa-assadan,
Baýyrlaryň aňyrsynda duwlandy.

Şonda ýöne ýerden gülki üçin ylla,
Zyňylan daş deýin onuň kastyna
Ganjygyň gözleri misli bir tylla,
Ýyldyz bolup gaçdy garyň üstüne.

***

Gödeklere şatlyk bolupdyr hemra,
Sypaýylar hemra gaýgydyr gama.
Maňa zat gerek däl işime gümra
Hem nebsimem agyranok hiç kime.

Men özüme gyýylýaryn, kä teň halym,
Hem öýsüz itlere gynanýan gaty.
Meýhana getirdi bu göni ýolam
Gizlemäýin dostlar bu hakykaty.

Nämä gargynýaňyz,
arwahlar, ýeri,
Ilim üçin geçemokmy derege,
Käte biziň her birimiz jalbary,
Çalyşýardyk ýeke bulgur araga.

Penjirämden bakýan gaýgy-gam bilen,
Ýüregimem hasrat bilen gyýylyp,
Ýyllar günüň şöhlesine eýlenen,
Bu gün meň öňümde ýatyr ýaýylyp.

Petiş howa gury, göýä gowrulan,
Dem almagam bu howa has kynaltdy,
Köçede burnuny dyrmalap duran
Sölpüje oglanjyk juda bagtly.

Dyrmalaber,
dyrmalaber eý jigi
Çümdüräý burnuňa barmagyň baryn,
Ýöne şeýle güýjüň (bilip goý jigi)
Kalba sokulmagny halamaýaryn.

Men indi bar zada kaýyl bireýýäm,
Bu çüýşeleň sapasyna bir gara!
Çüýşe dykylarny ýygşyryp goýan
Meň kalbymy petikläre dykara.

***

Agynan ýerlermiz gözden uçupdyr,
Günler bagtly döwri elimden aldyň
Ýöne desse ýaly sünbül saçyňdyr,
Sen maňa müdimi düýş bolup galdyň.

Görmegeýdiň, garyp göwnüň bagtydyň,
Ak gar ýaly şöhlelidiň ýagtydyň,
Bägül dek şapaga meňzešdi seniň,
Miwäň suwy siňen näzik bedeniň.

Gözüň nury tohum deýin sepildi,
Eziz adyň eräp gitdi ses ýaly,
Ýöne seniň köýnegiň epinde
Günäsiz ellermiň gül ysy galdy.

Ir säherde gözýetimden esedýän,
Tylla gün üçege ýapanda şalyn,
Sen hakdaky söhbetini eşidýän
Aýdym aýdyp gelýän sergin şemalyň

Her agşamyň ýatlatjagy açykdyr,
Aýdymym, arzuwym bolanyň, dilber,
Örän ajap syryň üstün açypdyr
Seniň inçe biliň ýasap bilenler.

Agynan ýerlermiz gözden uçupdyr,
Günler bagtly döwri elimden aldyň,
Ýöne, desse ýaly sünbül saçyňdyr,
Sen maňa müdimi düýş bolup galdyň.



Sergeý Ýesenin

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir