Durmuş şatlyk we gaýgylaryň baky duralgasydyr. Ynsanyň şatlykly günleriniň bolşy ýaly, ajy we gaýgyly günleri hem bardyr. Gowy günlerimizde şatlanýarys, ýaşaýyşdan, durmuşdan zowky – sapa alýarys. Diňe bir zowk, keýp almak bilen hem çäklenmeýäris, gelejege degişli arzuw – umytlar edýäris. Umyt bizi has gowy işlemäge ugrukdyrýar we üstünliklere ýetmegimize ýol açýar.
Gynansak-da ynsan şu synag dünýäsinde mydama şatlanmaýar. Ýaşaýşy boýunça birnäçe päsgelçilikler, kynçylyklar bilen garşylaşýar, käbir ýagdaýlarda gelejege degişli umytlary sönýär. Kalbyny gaplaýan umytsyzlyk ynsanyň sarsylmagyna sebäp bolýar. Käte-de akylyna – oýuna gelmeýän täzelikler bilen garşylaşýar, hiç garaşmaýan gynandyryjy wakalar we ajy habarlaryň garşysynda durup biljek güýjüni ýitirýär. Köplenç, gapysyny çalan bu peläketlere garşy durmaga güýji ýetmeýär. Bir kömekçisi bolmasa daýanman ýykylýar. Çünki, ynsan ejizdir, güýji çäklidir, ähli kynçylyklary aşyp biljek ýagdaýda däldir.
Elmydama Allanyň kömegine mätäç bolan ynsan ajy, gaýgyly wagtlarynda we umytsyzlyga düşen pursatlarynda bu mätäçligi has-da köp duýýar.
Ine, adaty güýjümize güýç goşýan, umydymyzy ýitiren pursatlarymyzda hem kalbymyza parlak we bize umyt gapylaryny açýan bir yşyk, ajy we gaýgylarymyzy ýeňledip, ruhumyzy huzura, rahatlyga gowuşdyrýan şypaly bir melhem, peläketler garşysynda we ajy günlerde bizi entirekläp ýykylmakdan goraýan ruhy bir güýç dogadyr. Doga – guluň Alladan kömek islemegi, ýagşylyk we rahmet dilemegi diýmekdir.
Alla bilen gulunyň arasynda bir bag bolan doga, ylahy rahmetiň kömegimize ýetişmegine ýol açýan ähmiýetli serişdedir. Biz isleglerimizi doga etmek usuly bilen Beýik Rabbymyza ýönelýäris, her haýsy bir meselede dileg we arzuwlarymyzyň kabul edilmegini isleýäris. Allatagala Kurany Kerimde:
وَإِذَا سَأَلَكَ عِبَادِي عَنِّي فَإِنِّي قَرِيبٌ أُجِيبُ دَعْوَةَ الدَّاعِ إِذَا دَعَانِ فَلْيَسْتَجِيبُواْ لِي وَلْيُؤْمِنُواْ بِي لَعَلَّهُمْ يَرْشُدُونَ
“Bendelerim senden Men barada sorasalar, (sen aýt): “Takyk, men (olara) ýakyndyryn. Menden dileg edýän wagtynda dileg edýäniň dilegini kabul ederin. Hak ýola ýetmekleri üçin (bendelerim) meniň çagyryşyma gulak asyp, Maňa iman getirsinler” diýip buýrup, dogalarymyzy kabul etjekdigini we isleglerimize garşylyk jogap berjekdigini ap-açyk bildirýär. Şonuň üçin biziň doga etmekligi we ýürek bilen Alla ýalbarmaklygy bilmegimiz zerurdyr.
Her pursatda Alla mätäç bolan ynsan kynçylyga düşen wagtynda-da ýene Oňa sygynýar, arzuw we isleglerini Alla arz edýär. Allatagalanyň beýikligi we tükeniksiz gudratynyň garşysynda öz güýçsüzligine akyl ýetirip, Allanyň hemme zady gurşap alan ägirt rahmetine bolan mätäçligini çyn, ak ýürekli duýgulary bilen dile getirýär.
Doga ynsanyň köňül – ýürekden Alla ýönelmegi, hem kalby, hem-de dili bilen dileglerini Oňa arz etmegidir.
Bir guluň öz ejizligini boýun alyp, bütin barlygy, şahsyýeti bilen Alla ýönelmegi we kalbynyň çuňluklaryndan gelen tämiz duýgulary bilen Oňa doga etmegi, şol bir wagtda bir ybadatdyr. Pygamberimiz Muhammet (S.A.W): “Doga- ybadatdyr” hadysy (Ibni Maje. Doga,1) bilen muny ajaýyp bir şekilde beýan edipdir.
Kurany Kerimde doganyň ähmiýeti we oňyn netijeleri açyk bir şekilde bildirilişi ýaly, örän köp doga mysallary hem ýer alandyr. Söýgüli Pygamberimiz hem doganyň peýdalaryny düşindiripdir, özi hem köplenç doga edipdir we bizi hem Allatagala nähili ýalbaryljakdygyny beýan edýän köp ajaýyp dogalary öwredipdir.
Alla doga edýärkäň, arada her haýsy bir araça zerurlyk ýokdur. Gul doga etjek wagty Beýik Rabbyna ýönelmeli, dileglerini gönüden – göni Oňa arz etmelidir. Çünki, Allanyň ylmy hemme zady gurşap alandyr. Näme etsek ony görer, näme sözlesek ony eşider, kalbymyzdan geçenleri hem biler.
Namazlaryň her rekatynda okaýan we Allatagala mynasyp bolan iň ajaýyp öwgi jümlesi bilen başlaýan Fatiha süresinde doganyň iň esasly, özenli we iň gözel, ajaýyp beýanyny görýäris:
“ بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ {1} الْحَمْدُ للّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ {2} الرَّحْمـنِ الرَّحِيمِ {3} مَالِكِ يَوْمِ الدِّينِ {4} إِيَّاكَ نَعْبُدُ وإِيَّاكَ نَسْتَعِينُ {5} اهدِنَــــا الصِّرَاطَ المُستَقِيمَ {6} صِرَاطَ الَّذِينَ أَنعَمتَ عَلَيهِمْ غَيرِ المَغضُوبِ عَلَيهِمْ وَلاَ الضَّالِّينَ {7}”
“Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen. (Ähli) hamdy – senalar älemleriň Perwerdigäri Alla mahsusdyr. Ol (Rahmandyr) Mähribandyr, Rahymdyr (Rehim – şepagatlydyr). Din (kyýamat) gününiň Eýesidir. (Eý, Allam!) Bizi dogry ýola (yslam dinine) gönükdir! (Bizi) gazaba sezewar bolanlaryň we azaşanlaryň (ýoluna) däl-de, Öz nygmat berenleriň ýoluna (gönükdir)!” (Ämin).

Edebiýat, Ashykaydynpir tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir