Ýakut Hamawy «Kitap mugjam-ul-buldan» («ýurtlar sözlügi») diýen kitabynda Horezm barada şeýle maglumatlary beripdir: «Gadym zamanlarda ýaşap geçen patyşalarynyň biri ýurdunyň dört ýüz sany raýatyna gaharlanypdyr. Patyşa olary bu ýerden ýüz parsah uzaklykda bolan dirilik nyşany ýok ýere zyňmaklygy buýrupdyr. Nökerler şeýle ýeriň Käs şäheriniň ornundan başga ýerden tapmandyrlar. Olary şol ýere taşlap, yzlaryna gaýdypdyrlar. Aradan birnäçe wagt geçensoň, patyşanyň ýadyna şol raýatlar düşüpdir. Patyşa olardan habar almagy buýrupdyr. Nökerler gelip görseler, olaryň çatmalary dikendiklerini we balyk tutup iýýändiklerini görüpdirler. Çatmalaryň töwereginde köp odun basylypdyr. Olardan: «Siziň halyňyz niçik?» diýip sorapdyrlar.

Olar: «Biziň iýýän balygyň etidir» diýip, balygy görkezipdirler. Olar ýene sözlerini dowam etdirip: «Biz odun ýakyp balyklary bişirýäris, şeýdip nahar edinýäris!» diýipdirler. Nökerler yzlaryna gaýdyp, gören zatlaryny patyşa habar beripdirler. Şondan soň olaryň ýaşaýan ýerleri «Horezm» adyny alypdyr. Horezm dilinde «et» «hor», «odun» bolsa «rezm» sözüdir. Ilki ol ýere adamlar Horrezm diýipdirler. Soň ýeňilleşdirip bir «r» harpyny aýtmandyrlar. Şeýdip ol ýeriň ady Horezm bolupdyr. Patyşa şol dört ýüz raýatyna dört ýüz keniz iberipdir. Olara bugdaý, arpa beripdir. Olara ekin ekmekligi buýrupdyr. Abu Reýhan Birunynyň ýazan «Horezm barada habarlar» atly kitabynda Horezmiň gadym wagtlarda Pil diýlip atlandyrylandygyny ýazypdyr.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir