1) Türkmenistanyň Magtymguly Adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi
2) Türkmenistanyň Bilim Ministrligi
3) Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşi

HORMAT HATY (Işde, okuwda we ş. m. tapawutlanýan adamlara berilýän dokument.) şu üç edaranyň/guramanyň adyndan berilýän eken Talyp Gözeli bäsleşiginde ýeňiji bolýanlara, owal bilemokdym.

Bu talyp ildeş zenanymyzy men hem öz gezegimde gazanan üstünligi bilen tüýs ýüregimden gutlaýan. Şeýle üstünlige eýe bolmagynda orun alan esasy ýagdaýlar näme bolup durdyka ? Halypalary kimler ? Gelejekde has hem ýokary hormat hatlara mynasyp bolmak üçin kämilleşmäne, göreşmäne dowam etmekçimikä ? Öňde goýan maksatlary barada aýdaýsa ? Ýa bir hormat hat bir peýda diýip tötänleýin gazanylan ýeňişmi bu ? (Ýeňijilere berilýän adaty soraglar)

Samahyllamany bir gyra süýşürsek, gyz çyndanam owadan eken :) Kraskasyz has hem owadandyr, ýöne ol owadanlygy görmäne diňe mynasyp adamlar mynasypdyr/mynasyp bolar belki. Alla, özüni Alladan beýik görýänler owadanlygyny pozmasyn.

Şu bäsleşik hakda ýene bir gyzyklanýan zadym, muňa diňe talyplar gatnaşyp bilýändir. Alla nä, belki hoool Galaýmorda bir gyzy has owadan ýaradyp, talyp bolmagy nesip eden däldir. Ol gyz owadanlyk bäsleşigine gatnaşmak isleýän bolsa näme etmeli ?

Suratyň çeşmesi: http://turkmenistan.gov.tm/photo/anons/1520539159.jpg

Täzelikler, acharsoz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir