"Garažymda agzyndan ot çykarýan bir aždarha bar diýýärin. Hany "görkez" diýýärsiňiz. Garažyma salýaryn we "anha ol ýerde" diýýärin. Siz hiç zat göreňzok, "hany nirde?" diýýärsiňiz. "Hä, aýtmagy ýatdan çykardym, bu aždarha göze görünenok" diýýärin. "Bolýar onda" diýýärsiňiz, "ýere biraz un sepeli, iň bolmanda aýak yzlaryny göreris." Uny ýere sepýäris we garaşýarys, hiç zat bolanok. "Elbetde aýak yzlaryny görüp bilmeris" diýýärin, "sebäbi bu aždarha uçýar." Siz hasam tijenýärsiňiz, eliňize spray boýag alyp howa sepip başlaýarsyňyz, ol ýerde aždarhanyň bardygyny-ýokdugyny bilmek üçin. Boýag diwarlardan baska hiç bir ýeri boýanok. "Spray boýagyň elbetde peýdasy ýok" diýýärin, "sebäbi bu aždarha edil casper ýaly, jisimler onun içinden geçýär." Siz ylgap bir infragyzyl (инфракрасный) kamera getirýärsiňiz, olam hiç zat görkezenok. "Elbetde görkezmez" diýýärin men, "Bu aždarha ýylylyk ýaýradanoga".
Synanyşan hiç-bir barlagyňyz aždarhanyň barlygyny subut edenok, ýöne men hemmesine-de düşündiriş berýärin. Indi bu aždarha barmy ýa-da ýok? Ne barlygy ne-de ýoklugy göniden-göni subut edilen däldir, ýöne bar bolmagy üçin hiç-bir sebäp (barlygy barada bir yşarat ýa-da subutnama) bolmandygy üçin ýok diýmek has akla ýakyndyr. Hawa, garažymda (ýa-da bir manyda başujymda, tuwaletimde, aşhanamda, mamamlarda, obamyzda, ...) aýdylan aýratynlyklara eýe bir aždarha bolmagy mümkin, ýöne esasy sorag: NÄME ÜÇIN BOLSUN?"
Carl Sagan, “Garažymdaky Ajdarha”

Bilim, Panturkist tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir