Adamzadyň esasy häsiýedinden biri öwrenmek. Şonuň üçin biz her gün bir zat öwrenýäris. Her gün bir zatlary bilesimiz gelýär. Köplenç biz öwrenmek prosesini amala aşyrýanymyzyň parhynda-da däl. Gep owdanlap oturmaýyn. Meniň öwrenesim gelýän zat siz bugünler nämeler öwrenýärsiňiz. Ýa-da bar öwrenjek bolýanyňyz şu ýerde açylýan temalar ýaly \"söýgi\" bilen \"durmuşyň\" nämedigimi? :) Men bugünler öň sapakda kän üns bermäni okanlarymy gaýtadan öwrenesim gelip başlady. Iň başynda hem \"döwlet näme?\" soragy we \"döwletiň gurlyşy\" temalary gelýär häzirlikçe gyzyklandyrýan. Wagt tapsam Eflatuny gaýtadan okamakçy. Döwlet we döwlet gurlyşy barada okamaga çeşme maslahat berseňiz gowy bolardy. Düýn Taksim tunelden geçmeli bolupdym. Laylaylom diýip bir ýerden gitara alypdym öň. Gitaraň, türkler aýtmyşlaýyn \"rot-balans\" problemasy bar şony gürleşeýin diýip şolara ugradym. Seretsem gitara ýasamak kursy bar ekeni, özi-em mugtjak. Ýöne häzir edenoklarmyş. Soň ýene açyljakmyş. Gowy oglan ekeni, kent boldyk, habarlaşyp dur diýdi, täzeden açylaýmagy mümkinmiş. Gitara ýasamagy öwrenesim gelýär.

Köneler, Farabi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir