Bu gün howanyň bulaşyp durşy, guýçli ýagyş ýagjaga meňzäp durdy
Yzyny üzmän maşynlaryň arasynda ylgap ýoren Çynar ,howanyň bolşyny görup binjalyk bolman hem durmady
Çynaryň işdeş kollektiwi ony gaty gowy gorýardi.
Ol mylaýymdy,sadady, we öran aljakdy .
Bir iş buýrsaň ýogy ýokdy.
Ol öz işi bolsyn bolmasyn edip ýörerdi
Howanyň çigreklemegi,gara bulutlaryň hasda köpelmegi Çynaryň keýpin gaçyrdy ,entek öňinde aňzakly gyş hem bardy.
Onyň egninde bolsa şo daýzasynyň beren ýekeje paltosy bady
Başga gyş eşigi ýokdy.
Eşik alara bolsa puly tygşytlydy, sebabi öýde kakasy bilen diňe özi işleýardi .Kakasynyň hususy karhanajygy bardy.
Çynaryň iş ýeri
medeni zonadan çeträkdedi.
Ol şo taýdaky benzeklonkada benzin guýjy bolyp işleýärdi.
Ol ýaşlykdan işe bekeşendi.
3 ýaşynda ejesi ýaraman aradan çykansoň, ol öýde kakasy ikisi bolansoň öýiň işi daşy , baryn özi ederdi,öýi arassaja saklap tertipläp goýardy,ol goňşy gelniň komegi bilen hatda tamdyra çorek ýapmany hem öwrendi
Boýy ýetmese-de aýagynyň aşagyna kerpiç goýyp, kakasy we özi üçin iýjek çoreklerin dükandan almazdy ,ony özi bişirerdi
Kakasy Çynar 12 ýaşaýança öýlenmek barada pikir hem etmedi.Ol öýlensem gyzymy ýekesireder,gyzym kosener diýip kop pikir ederdi
Soň bolsa oňa ýerli ýerden ,goňşy golamlary öýlende öýlen çagany beýtme, belki ejeligi adam bolaýýadyda, öz,gyzy ýaly göräýýadida diýip maslahat berdiler
Şeýdip Çynaryň kakasy öýlenmäge boýun bolypdy.
Soň bolsa garyndaşlarynyň komegi bilen, bir gyzy ýanynda bolan gelni öýine getirdi
Çynar taze ejeligini we taze uýasy Altyny erbet hem görmedi.
Altyn Çynardan bolsa 1 ýaş ýa aý tapawut ýetýardi,boýdaşdy
Altynda Çynary gowy gordi,ýone ol Çynar ýaly işeňňir däldi, bar öýiň işini ejesi edip ýorensoň onyň bar aladasy özidi we bar maksady "owadan bolmaly,owadan bolmaly ýene-de owadan bolmaly "- diýip özine seretmäni bir gyldan bezenmani, ilden üýtgeşik geýinmani halaýardy
Olary öz maşgalasynyň bir agzasylygyna boýun boldy
Şeýdip ol ejeli boldy ....

Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir