Ýaşyl adada ýaşaýan adam

Ýazyjy K.Taňrygulyýew hakynda şu makalany ýazmaga oturan mahalym bada-bat öz çagalygym, obamyz, daban yzymyň suratyny alan topurly ýollar, çybyjyklary bilen boýumy ölçän ýaýraň ýaprakly, gara kölegeli agaçlar, çagalygyň hezilini özüm bilen deň paýlaşan deň-duşlarym ýadyma düşdi.
Çagalygyňy ýatlaňda K.Taňrygulyýewiň ýada düşmegi, şeýle-de K.Taňrygulyýewiň ýatlaňda çagalygyň ýada düşmegi tötänleýin bir hadysa däl..

Sebäbi şahyryň kitaplary bilen biz çagalykda tanşyp dostlaşypdyk.

Bäş pişik bäş ýerden gopdy,
Mele pişik odun çapdy!
Alaja-mulaja pişik
Hamyr ýugrup çörek ýapdy.

Et dogrady akja pişik
Ýagyn ýakdy gökje pişik,
Emma sary pişik welin
Gitdi-de oýnady aşyk.

...Sary pişik, sary pişik
Geläý indi bäri pişik!

Çorba bişdi, nan ýapyldy,
Sary pişik hem tapyldy.
Ýöne ýagly çorba welin
Ol hemmeden öň topuldy.

Ýaşlykda ýatda galan zat hemişelik bolýar. Şahyryň ýokarda, ýatdan mysal getirilen bu goşgusy meniň ýaşlykda öwrenen goşgularymyň biri.
Çagalar kitaplarynyň egsilmez güýjüniň biri-de onuň çaga aňyna edýän täsiri bolsa gerek. Muňa mysal.
«Meşhur çagalar şahyry A.Bartonyň öýünde, okuwçy depderinden ýyrtylan bir bölek kagyzyň ýüzünde bir setir goşgy bar:
«Mişka – aýyjygy pola gaçyrdylar…»

Ýuriý Gagarin.

A.L.Bartonyň bu meşhur şygryny okamadyk çaga az-az bolsa gerek. Haçan-da žurnalistler kosmonawt Ý.Gagarinden bu setirleri ýatlamagynyň sebäbini soran mahaly ol: “Men bu goşgudan ynsanperwerligi, özgä hormat goýmagy öwrendim» diýip özüniň çagalyk dostuny minnetdarlyk bilen ýatlapdy…
Şu ýerde meniň K.Taňrygulyýew bilen özümiň ilkinji tanyşlygymy ýatlasym gelýär. Bir ýola men dädem bilen kölegede çaý içip otyrkam klasdaşym Akynýaz «at» saýgylap geldi. Gele-gelmäne-de elindäki kitaby maňa uzatdy:

Aga, sen adyňy kitaba ýazaýypdyrlar-da...
Dädem kitaby eline alyp seretdi-de, soňundanam ony bize okap berdi. Dogrudanam, kitapdaky oglan bilen men atdaş ekenim. Täsin çagajygyň bolup ýörşi bizi bir ýerde geň galdyrsa, ýene bir ýerde ýylgyrmaga mejbur edýärdi. Agajyk gögerer diýen pikir bilen ýere süýji eken mahaly men birhili oňaýsyz ýagdaýa düşdüm. Süýji ekmesemem, öňräkler şeýdip göräýmek pikiri mende-de ýok däldi, öz ýanymdan: “Bu adam meniň pikirimi nädip bilip ýörkä” diýip oýlandym. Sebäbi ol wagt men şahyryň dünýäni çaga gözi bilen görüp bilýäninden bihabardym. Ine, şol ilkinji duşuşykdan soň men şahyr K.Taňrygulyýewi yzarlap okaýan okyjylaryň biri boldum.

…Halk bilen tokaýa, Pilmahmydyň pilini saplara pürs gözläp gitdim. Şahyryň orta çykaran pişikleriniň ilki reňki gyzyklandyrsa, ýene bir-de häsiýeti bilen gyzyklandym. Dört sany işjanly pişigiň tarapynda durup, işýakmaz sary pişigi günäkärledim…
Şeýle mysallary ýene näçe getirseň, getirip oturmaly. Sebäbi K.Taňrygulyýewiň çagalara sowgat eden kitaplary diňe bular, ýokarda ýatlanan ýygyndylar däl. Şahyr K.Taňrygulyýew «Aýhan bilen Baýhan», «Suýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň», «Gyzykly gezelenç»,«Jigimiň aýdymy», «Poemalar, goşgular, kosmos hem-de başgalar» ýaly, onlarça ýygyndynyň awtordyr.

Onuň goşgulary diňe bir rus, ukrain, gyrgyz, özbek, gazak, eston... dillerinde däl, daşary ýurt dilleriniň hem ençemesinde neşir edildi.
Şahyryň döredijiligi barha öz örüsini giňeldip, şadyýan dostlaryny köpeltdi. Olaryň çagalygyna hezillik goşdy.
Ine, bu gün çagalaryň şol uly dosty, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty şahyr Kaýum Taňrygulyýew 50 ýaşady.
K.Taňrygulyýew ýatlananda bada-bat çagalygyň ýada düşmegi tötänleýin bir zat däl. Sebäbi ol hemme ulularyň düşläp gaýdan çagalyk dünýäsindäki ýaşyl adada ýaşaýan az sanly uly adamlaryň birisi.
Bu adada hezil-hezil çaga oýunlary, şatlyk, täze-täze açyşlar, kir-kimirsiz arzuwlar, dostluk... ýaşaýar.

Ussat ýazyjy Agageldi Allanazarow

Nowça žurnaly. 1988 ý.

Taýýarlan Gurban 93.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir