2018-nji ýylda—Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda etrabymyz boýunça meýilleşdirilýän pagta hasyly üçin 6100 gektar ýerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ugurda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hyzmaty bar. Kärhananyň işgärleri traktorlaryň sazlaşykly we bökdençsiz işledilmegini gazanýarlar. Bu iş traktorlara erk edip bilýän, iş tejribesi bolan mehanizatorlara ynanylýar. Olar özlerine berkidilen tabşyryklary artygy bilen ödemek üçin yhlasly işleýärler. Etrabyň mehanizatorlary “Marçak”, “Azatlyk”, “Ýaşlyk” we beýleki daýhan birleşiklerinde ýokary depginde sürüm işlerini alyp barýarlar. Döredijilikli çekilýän zähmet öz miwesini hem berýär. Mehanizatorlar ene toprakdan ýokary hasyl almaklygyň aladasyny edýän kärendeçilere ýardam edýärler. şeýle bolansoň, kärendeçiler sürüjilere öz hoşallyklaryny bildirýärler. Häzirki wagtda mehanizatorlaryň her biri günüň dowamynda ortaça 17-20 gektar ýerde sürüm işlerini alyp barýarlar. Bu işde nusgalyk iş görkezýänlerden Baýram Ýagşymyradow, Reşit Baýramow, Agaýusup Hojaýew, Maksat Jumagulyýew, Eziz Nazarow we Sahyguly Amanmyradow dagyny görkezmek bolar. Etrabyň dürli kysymly traktorlara erk edýän sürüjileriň arasynda kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesi tarapyndan özara ýaryş guralyp, gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary ýylyň-ýylyna dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. şu günler hem sürüm işlerini gyzgalaňly alyp barýan öňdebaryjy mehanizatorlary höweslendirmek maksady bilen işleriň gyzgalaňly barýan ýerine bardyk. Hut, şol maksat bilen hem ýaryşyň ýeňijisi bolan mehanizatorlara bereketli meýdanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Köneler, MerjenLB tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir