Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen telekeçiligi ösüşleriň ak ýoluna düşdi. Halk hojalygynyň döwlete degişli däl çygrynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi ilatyň köp sarp edýän harytlaryna, önümlerine bolan isleginiň has doly kanagatlandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açdy. Önüm öndürýän, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýän, hyzmatlary edip berýän hususy kärhanalaryň sany artdy. Garaşsyz döwletimizde telekeçiligi ösdürmekde badalga berilýän işleriň täsiri biziň şäherimizde-de aýdyň duýulýar. Hususy işini açyp, telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlara degerli goldaw-maslahatlary bermekde bölümimiziň düşündiriş işleri boýunça hünärmenleri degerli işleri alyp barýarlar. Telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýänlere hususy işiňi ýöretmegiň kanunçylygyny düşündirýärler. şäherimizde raýatlaryň ýüzlerçesi telekeçilik işi bilen meşgullanýar. Harytlaryň bolçulygynyň döredilmegine, hyzmatlaryň, işleriň ýerine ýetirilmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Salgyt bölümimiziň işgärleri Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” Bitewi kanunyndan ugur alyp, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalar, telekeçiler tarapyndan kanunçylykda bellenen salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň tölenilmegini üpjün edýärler. Bu işiň sazlaşykly gitmegi üçin salgyt kanunçylygyna girizilýän üýtgetmeleri we goşmaçalary düşündirmeklige-de uly üns berilýär. şu maksat bilen gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmaklarynda okuw-maslahatlary yzygiderli geçirip durýarys. şol maslahatlarda salgyt töleýjilere kanuny hukuklaryny we borçlaryny düşündirip durmagymyz gowy netijelerini berýär.

Köneler, MerjenLB tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir