MERHUM AŞYK HOJA Bal menem! Garaňky zyndan içinde, bolsam-da men hary-zar, Öz doganyma, öz atama, öz eneme bal menem. Berse bersin atuw jeza, men ölsem, adym ölmez, Öz obama, öz ilime, öz gülüme dil menem. Meň ýüregim yşk dutary, döretdim bagrym oýkap, Ussatlardan tälim aldym, gijeler dessan okap, Otuz ýedi ýaşym doldy, ýetişdi beýnim bekäp, Doly güýjüm gola geldi, ýeten Rüstem Zal menem. Altyn nagyş çekip geçdi, jan ömür ýolun söküp, Görejinden ýer jaý berdi, nury didäm yşk döküp, Çyn güle perwaz urup, parlaýyp ganat kakyp, Daň säherler çemenlikde, gül istän bilbil menem. Gözlerine keşde çekip, görejine gül salyp, Älemiň baý gözelligine ýazyna hemra bolup, Aý ýüzünde aý dogdurup, ýaňagyna gül çaýyp, Gözelleri jandan söýüp, dillerde gazal menem. Müňläp gülüň ysyn alyp, şowlap ýazlardan akyp, Örme saçy perde edip, taryn zülpünden dakyp, Öpüp gulpagyn sypalap, janym şypadan ýakyp, Gözelleriň şähdin açan, owazly şemal menem. Söz miwesi janym ezip, ötdi syna ot ýakyp, Näz kereşmä ýürek üzüp, teşne gezdim, göz dikip, Aşyk Hoja zyndan içre, ýüz müň hupbatlar çekip, Bulut ýaly salgym atyp, ýitip barýan sal menem.

Köneler, Nazarov tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir