HOJAMÄMMET DURDYÝEW 《ÝENE-DE DÜÝŞÜME GIRDIÑ DILBERIM》 Gijäniň bir wagty aýazly agşam, Takatsyz ukudan turdum dilberim. Pete-pet alnymda ajap keşbiñde, Ýene-de düýşüme girdiñ dilberim. Ýylgyrşyñda öñki, gözüñde öñki, Bir ajap owazly sesiñde öñki, Arman şol baýlyklar bolmady meñki, Ýazgydyña kaýyl bolduñ dilberim. Soradym halyñy başlaryñ burduñ, Mähirli göz bilen köp garap durduñ, Ne jogap agtardyñ, geplemän dymdyñ, Kalbyma köp yza saldyñ dilberim. Eger göz ýaş dökseñ ýylgyrmaz ýúzüm, Meger bagtly diýseñ ýaş görmez gözüm, Meniñ halym duýma çekerin özüm, Arzuwym sen bagtly bolsañ dilberim. Ýagşylyga ýordum ähli geçeni, Bezäpdir boýuñy mahmal keteni, Aşyk Hoja dañ atypdyr ekeni, Gije gama syrdaş bolduñ dilberim

Köneler, Nazarov tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir