Alys asyrlaryň ahy-nalasy, Begenji-gynanjy, jebri-ejiri Meniň dilim, seniň dünýäňde galan, Pyragynyň dünýä beren setiri. Akyl bolup galan sende babalar, Nakyl bolup galan sende danalar, Galypdyr ýüregi dilýän ýaň bolup, Duşmanlara olja bolan çagalar. Hüwdi bolup galan eziz eneler, Uzyn gije hüwdi çemenin bogup. Ýesir düşen gerçekleriň dymmasy, Galypdyr mukaddes dymyşlyk bolup. Ösüşim, tesişim, ýagşym, etmişim, Sen meniň taryhym — meniň geçmişim. Eger diri bolsa Türkmeniň dili, Geljegimem diri, Geçmişem diri. Alynan çeşme: Nobatguly Rejepow Topragyň tagamy Goşgular we poemalar Türkmenistan neşirýaty Aşgabat 1979 ýyl.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir