1970-njy ýyllaryn başlarynda çap edilen (Okeanyň gujagynda) atly çaklanja kitapçanyň şygyr muştaklarynyň badabat ünsüni çekeni meniň şu günki ýaly ýadymda.

Bu kitapça şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň galamyna degişlidi. Ýene bir ýatlamyly zat, ol goşgularynyň türkmen topragyndan alysda döränligidi.
Şahyr M.Kömekow şol günler ýuwaş okeanyň matrosydy. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň goşgularyny okan mahalyň okeanyň mylaýim demi seniň ýüzüne urýardy. Matros şahyryň kenary küýseýşi ýaly, öz dogduk diýaryny küýseýänligi duýulýardy.

Muhammetmyrat Kömekowyň soňam dürli döwürlerde ençeme goşgulary, kitaplary neşir edildi. Olaryň arasynda azda bolsa, körpelere niýetlenilenleri-de bar. Onuň okyjysy bilen edýän gürrüni halys ýürekden. Munuň şeýledigine onuň okean bilen bagly goşgularyndan başga-da Umyt balladasy, Jeza poemasy, Seslen Ukraina ýaly sonuňda aýdymy öwrülen goşgulary hem şaýatlyk edýär. Şeýle-de bolsa Muhammetmyrat biziň edebiýatymyzda ilki bilen, alysdaky Ýuwaş okeanyň mukamlarynyň dünýäsini getiren şahyr hökmünde tanalýar. Ol goşgular biziň edebiýatymyzyň özboluşly sahypalary boldular. Munuň şeýledigini biziň tankydymyz hem birnäçe gezek ýörite nygtady.

Men heniz-henizlerem käte şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň Okeanyň gujagynda atly kitapçajygyny elime alýaryn. Onuň sahypalaryny agtaryp, okeanyň sesine diňşirgenip oturýaryn hem onda ummanlary mahsus özüňe çekijiligiň barlagyny syzýaryň.

Meniň bu kitapçadan gaýtalap okamagy gowy görýäň goşgularymyň biri-de Men haýsy gapyny ilki kakarkam atly goşgy.

Bu goşguda gullukda gaýdyp dogduk obasyna gelen esger ýigidiň dünýäsi berlipdir. Goşgyny tolgunman okamak mümkin däl. Sebäbi bu pursat diňe bir şahyryň özüne däl, gullukdan gaýdyp öýleriniň gelen ähli ýigitleriň başdan geçirýän tolkundyryjy pursady, köplere degişli.

Men haýsy gapyny ilki kakarkam

Ýene bir gün gaýdyp geldim obama,
Özgerdipdir ony ýyllaň köpüsi
Gözüm düşdi ýene tanyş üç tama,
Maňa eziz şol tamlaryň gapysy.

Birisinde çagalykdan ýoldaşym,
Otyr ol saz çalyp diňlärin, belkäm.
Göwnüm saz küýsäp aýlanar başym,
Men haýsy gapyny ilki kakarkam?!

Garaşýar birinde läläm, baharym,
Garaşýar ýoluma besläp müň mukam
Ýüregim gürsüldäp, at çapar ganym
Men haýsy gapyny ilki kakarkam?!

Ol birinde käbäm enem garaşýar
Haçan geler diýip perzendim−arkam?
Ene sesin küýsäp ýüregim joşýar
Men haýsy gapyny ilki kakarkam?!

Üç tamda-da meniň göwünim tapylar,
Ýakyn barýan jadylaýar şol üç tam,
Aýdyň, dostlar, şeýle eziz gapylaň,
Men haýsyny birini ilki kakarkam?!

Howa, şol haýsy öýe ilki barjagyny bilmän, tolgunyp duran matros şahyr Muhammetmyrat Kömekow bu gün 50 ýaşady. Men öz sözümi oňa ähli gowuluklary, döredijilik üstünliklerini arzuw etmek bilen hem-de körpe okyjylaryň onuň 50 ýaşly matros bolup berjek Ýuwaş okean baradaky gyzykly söhbetlerine garaşýandyklaryny ýatlamak bilen tamamlamakçy.

Alynan çeşme: Agageldi Allanazarowyň Hatlar atly kitapdan alyndy.

Agageldi Allanazarow ýazyjy Nowça, žurnaly 1992 ýyl.

Taýýarlan: Gurban. G.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir