Kiri bolansoň

Baýly şahyr dokuz ýyl bile ýaşandan soň, onuň aýaly Akbibi aradan çykypdyr. Şondan soň ol öýlenmändir. Gününi ýeke ogluna guwanyp geçiripdir. Bir gezek onuň tanyşlarynyň biri Baýlynyň ýanyna gelip:

– Pylan obada bir dul aýal barmyş. «Özüme mynasyp adam tapsam, baraýjak» diýýärmişin – diýipdir.

Bilesigeliji şahyr ondan habar almaga gidipdir. Baryp aýala halyny aýdypdyr. Şahyryň eşikleri köne ekeni. Aýal şahyry synlapdyr-da:

– Mynasyp adama duşsak, goş birikdirmek hyýalymyz-a ýok däldi welin, siziň ýakaňyzy kirliräk görýän – diýipdir.

– Ýakam kirli bolansoň, seni gözläp geldim-dä – diýip, Baýly jogap beripdir.

Bagtym açylsady, tursa ykbalym,
Belentlik eýlärin daglaryň bilen,
Kadyr Möwlam açyk eýlese ýolum,
Bäs ederin hagda baglaryň bilen –

– diýip, başlanýan goşgusyny okap, eglenmän öýüne gaýdypdyr.

Kakdan içen

Baýly şahyr ýoly düşüp, bir oba barypdyr. Adamlar onuň şahyrdygyny bilip, oňa goşgy aýtdyrypdyrlar. Soňundanam:

– Tüýs Hakdan içen şahyr! – diýip, ony taryplapdyrlar.

– Bilmediňiz, adamlar, men gelýärkäm, çölde gaty suwsap, kakdan içipdim – diýip, şahyr jogap beripdir.

Soltan ederin

Akgala obasynyň golaýyndaky Çikge diýen ýerde Amanbike atly bir degişgen aýal ýaşaýan eken. Ol gabady gelende şahyr bilen degişmegi gowy görýän eken. Baýly hem oňa wäşi sözüni oklaman oňup bilmeýän eken. Bir gezek Baýly oňa sataşanda:

– Dulluk belasyndan senem kösenýäň, menem kösenýän. Beýdip, kösenip ýörmez ýaly, ikimiz goş birikdireli-le! – diýipdir.

Amanbike hezil edip gülüpdir:

– Sende birikdirer ýaly goş barmy näme? It ysgamaz bolan köne telpegiň bilen eleşan çäkmeniňden başga zadyň barmy?

– Oýun şu köne telpek bilen eleşan çäkmeniň içinde bardyr. Sen bilip goý, genji-hazyna-da köne harabalykdan tapylýandyr – diýip, Baýly şahyr şygyr bilen jogap beripdir:

Söwer ýarym bäri gelseň,
Akgala soltan ederin.
Derdim zabun habar alsaň,
Akgala soltan ederin –

– diýip, başlanýan goşgusyny goşupdyr.

Ýüz köşekli düýä degýä

Bir gezek Baýly geçip barýarka, Amanbikäniň tamdyr suwaýanlygyny görüpdir.
Onuň duşundan geçip bilmän, bir erigiň saýasyna gelip, tä Amanbike işini gutarýança, oňa seredip oturypdyr. Ony Amanbike-de görüpdir. Ol tamdyryny suwap gutarandan soň, esli salym Baýla garap durupdyr-da, gidibermekçi bolupdyr.

– Ýanyma gelersiň öýtdüm welin, meni ýüňsakgal etdiň-ow – diýip, Baýly närazylyk bildiripdir.

Amanbike hemişeki wäşiligini edip:

– Ýanyňa baramda-barmamda köşekli düýe bermejegiň-ä belli – diýip, gülen bolupdyr.

– Bilmediň, şu wagt geläýen bolsaň, on köşekli düýä degýän bir sowgat bererdim – diýipdir-de, Baýly:

Dilberim, gelseň gaşyma,
Hoş zyban diliň bolaýyn.
Gurbanam seniň başyňa,
Ýar, inçe biliň bolaýyn –

– diýip, başlanýan goşgusyny aýdyp beripdir.

Amanbike goşgyny diňläpdir-de:

– Dogrudanam, bu goşgy ýüz köşekli düýä-de degýär – diýip ýylgyrypdyr-da, öz ugruna ýöräberipdir.

Taýýarlan Şamyrat Muhammetgurbanow.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir