Oýun–gülki toýuň-meýlisiň nagşy, Çyn güler, çyn gürlär ýigdiň naýbaşy. Ýalan gülkä meňzär ýerliksiz söhbet, Her söhbet ýerinde edilse ýagşy. * * * Eşegiň gulagna okan dek ýasyn, Sen gürrüň berersiň şeýle bir täsin. Nadanlar undarlar öýden çykynça, Danalar ýyl boýy ederler tagzym. * * * Söýsün tüýs ýürekden, kim-kimi söýse, Dönmesin sözünde, örtense-köýse. Gyrmyzy ýüpegiň reňkin bozar, Töwerekden özge bir reňk degse... * * * Ýagşy ýigit hünär üçin çalyşar, Ýagşy gylyk oň ömrüne zer goşar. Käbirleri özün ulumsy tutup, İş başarmaz, iliň gözünden düşer. * * * Şatlan, kyn günüňi ile duýdurman, Mätäje kömek et, kömek diýdirmän. İne, şonda baryp ýatan ýigitsiň, Bir hassaň janyna bolsaň sen derman. * * * Dost bolsaň, dostuňa bergin ýüregiň, Şoň basan yzyna basyp ýöregin. Gynanma dost üçin ýiten zadyňa, Şol dostuň doldurar onuň deregin. * * * Dostluk diýilýän zat uly hazyna, Bir dosta duşýançaň, müň dosty syna. Akylly dost açmaz seniň syryňy, Etmez gybatyňy, saklamaz kine. * * * Dünýäde her kim öz ekenin tirer, Sen ili oýnasaň, il senden irer. Är-ýigitler gepläp ýerini bilip, Diňe bir nadanlar ýerliksiz üýrer. * * * Keşbine gyzygyp etme hatany, Azdyrypdyr gyzyl Hydyr atany. Görki däl-de, gylyk gerek aýala, Ýogsa seň ömrüňe salar paltany. * * * Humara gyzygan ýigitler azar, Ol gurulgy gapan, duýdurman ýazar. Ýiti gyzyl tiz solarmyş diýýärler, Haý diýmän sowular bu gyzan bazar. * * * Ýüregiň urgusyny okagyn, Kalbyndaky her gasyny okagyn. Öz janyňy gurban etjek ýaryňy Ilki tanap, soň bagryňa oýkagyn. * * * Daşdan görseň, owadandyr käbiri, Bolmajak bol şo ganjylaň ýesiri. Daş ýüzünden owadandyr ýylanam, Eline düşensoň, göýbermez diri. Terjime eden Mämmet Seýidow

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir