Berkarar Watanymyzyň binýady adalatdan bina edilendir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň döwlet dolanyşynda adalaty, aýdyňlygy, hakykaty baş ýörelge edinýär. “Döwlet –adam üçindir” diýen şygar bilen dolandyrylýan döwletimiziň her bir pudagynda, ulgamynda bu durmuşy hakykaty aýdyňlygy bilen duýýarys, görýäris. Adalatyň, hakykatyň üstünliklere, agzybirlige, jebislige eltýän aýdyň ýoldugyny durmuş wagtyň akymynda subut edip gelýär. Watanymyz täze-2018-nji ýylda uly syýasy çärä taýýarlyk görýär. Çünki mart aýynda “Geňeş agzalarynyň” , “Etrap, şäher, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň” saýlawlaryna şu günlerden taýýarlyk görülýär. Açyk ses bermek arkaly guramaçylykly, aýdyňlyk ýagdaýynda geçiriljek bu saýlawlara Saýat etrabynda hem degerli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagta çenli saýlaw okruglarynyň, saýlaw uçastoklarynyň jaýlary belli edildi. Şu günler bolsa saýlaw toparlarynyň agzalaryny saýlap-seçip almak işleri alnyp barylýar. Halk arasynda hormatlanýan, zähmetsöýer, syýasy düşünjeleri bolan adamlary dalaşgärlige hödürlemek we olary saýlaw gününde goldamak maksatly işler hem şu günlerden ýola goýulýar. Bu babatda halk arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksatly işler hem meýilleşdirilýär. Elbetde bu aladalar, amala aşyrylýan işler öňümizde duran saýlawlaryň Saýat etrabynda-da aýdyňlyk ýagdaýynda guramaçylykly geçirjekdigine doly kepil geçýär.

Köneler, MerjenLB tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir