Birnäçe ýyl mundan ozal Turkiýede maslahatçylyk işleri edýän bir işewür bilen tanyşypdym. Bir restoranda nahar iýip pikir alşypdyk. Ömrüniň köp bölegini Amerika we Ýewropa ýurtlarynda ýaşan bu ýokary derejeli işewür bilen geçiren 2 sagadymda köp zatlary öwrendim. Olaryň berýän hyzmatlaryndan biri hem kişilik testleri ekeni.. Onuň agzyndan size gürrüň bereýin.. Biz kişilik testlerini edýäris we başlangyç synplardan başlap uly ýaşly adamlara çenli bu teste gatnaşyp bilýärler. Bu babatda Amerikadan bir kärhana bilen bilelikde hereket edip tejribelerimizi paýlaşyp durýarys. Ýüzlerçe pedagog we bilermenleriň ençeme ýyllaryň dowamynda işläp düzen soraglary bar bu testde. Soraglar gatnaşyjylaryň ýaşlaryna görä üýtgeýär. Soraglaryň belli bir dogry jogaby ýok, soraga jogap berişiňe görä seniň kişiligiň anyklanýar. Meselem bir başlangyç synpyna test edenimizde ol teste çagalaryň her birini aýratynlykda, çagalar bilen bir hatarda mugallymlaryny we ene-atasyny hem gatnaşdyrýarys. Bir çagany täsir astyna alýan 3 esas bar; öz häsiýet aýratynlyklary, mugallymyň kişiligi we ene-atasynyň kişiligi.. Testiň netijesi kompýuter tarapyndan awtomatik usulda okalýar we her bir çaga, ene, ata, mugallym üçin aýratyn netije kitapçasy çap edilýär. Mysal üçin netije kitapçasynda şeýleräk görkezijiler bolýar.. Maýa atly bir başlangyç synpy okuwçysynyň kitapçasyndan: Maýajygyň analiz güýji 23%, duýgy güýji 57%, beýleki aýratynlyklaryň jemi 20% Mugallymynyň analiz güýji 45%, duýgy güýji: 24%, we beýlekiler.. Ejesiniň analiz güýji 26%, duýgy güýji 49%, we beýlekiler.. Kakasynyň analiz güýji 62%, duýgy güýji 18%, we beýlekiler.. Bu netijelere görä mugallyma şeýle maslahat berilýär: sen Maýajyga birzat düşündirjek mahalyň onuň duýgularyna ýüzlenseň has gowy netije alarsyň. Ýöne seniň duýgy tarapyň pesräk we sen sapak gürrüň bereniňde analitiki usul ulanmaga has meýilli.. Seni Maýajyk bilen aragatnaşyk gurnamakda kyn ýagdaýa sokup biljek mesele şol bolar, şoňa taýýar bol. Sapakda Maýa uklasa, ünsi başga zatda ýaly bolup görünse ýa-da tertipsizlik edýän ýaly bolup görünse hakykatda munuň beýle däldigini ýatdan çykarma.. Maýajyk saňa düşünenok, sen analitiki usul bilen gürrüň berýäň, onuň bolsa analitiki ukyby pesräk.. Şol bir sanda ene-atasyna-da şuňa meňzeş maslahatlar bilen doldurlan kitapça berilýär.. Bu test aslynda jemgyýetimize gaty gerekli.. Sebäbi bu test bilen biz Maýajyk ýaly millionlarça çagajyklarymyzyň içki dünýäsine aýna tutup görýäris we olara düşünmäge çalyşýarys. Olara düşünsek welin olar jemgyýete has içgin ysnyşýarlar we jemgyýetimiz bolsa özüne has çalt uýgunlaşýan ýaşlarymyz bilen barha kämilleşýär.. Bu test herbir çaga, herbir ene-ata we herbir mugallym üçin hökmany gerek meň pikirimçe.. ----- https://dotjpg.co/dveIe.jpg (suratyn ululygyny kiceldip bilemok, sahypanyn adaty gabarasyny ulaldyany ucin, dine linkini goydum. Çesme: "Konsultant" line account - @hwy5637m

Köneler, ata tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir