GENERAL ÇARYÝAROW General-leýtenant Serdar Çaryýarow, türkmen harby we döwlet işgäri. 1943-nji ýylda Ýasmansalyk obasynda eneden dogulýar. Aşgabatdaky politehniki instituty tamamlandan soñra Büzmeýin GRES-niñ elektrosehinde dürli wezipelerde işleýär. Soñra Türkmenistanyñ Kommunistik partiýasynyñ Büzmeýin şäher komitetiniñ sekretary wezipesinde işleýär. SSSR-iñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ (KGB) Dzeržinskiý adyndaky ýokary kursuny tamamlandan soñra Türkmenistan SSR-niñ Döwlet Howpsuzlyk komitetiniñ Daşhowuz oblasty boýunça uprawleniýesiñ başlygy bolup işleýär. 17.09.1990-02.04.1993-nji ýyllarda Türkmenistanyñ Içeri işler ministri wezipesinde işleýär. Soñra Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Hünärmenleri taýýarlaýyş uprawleniýesiniñ başlygy wezipesine geçýär. 23.06.1997-nji ýylda "işinde goýberen düýpli kemçilikleri" üçin wezipesinden boşadylýar we Ýaragly Güýçleriñ hataryndan çykarylýar. * * * Taýýarlan: Has Türkmen

Köneler, Jeksparro tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir