GENERAL KÖPEKOW Goşun generaly Dañatar Abdyýewiç Köpekow, sowet we türkmen döwlet işgäri, harby gullukçy. 12.05.1933-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. 1954-nji ýylda Çärjewiñ (häzirki Türkmenabat) Pedagogiki institutyny tamamlaýar. Soñra mugallym, raýon bilim bölüminiñ inspektory, mekdep direktory ýaly wezipelerde işleýär. 1959-njy ýylda Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ (KGB) hataryna girýär. 1961-nji ýylda SSSR-iñ Ministrler sowetiniñ garamagyndaky KGB-nyñ ýokary mekdebini okap tamamlaýar. Okuwdan soñra Türkmenistan SSR-niñ Ministrler Sowetiniñ KGB-nyñ operatiw ygtyýarly inspektory bolup işe başlaýar. Has soñra SSSR-iñ Döwlet Howpsuzlyk komitetiniñ Birinji baş uprawleniýesine (daşary razwedka) işe çekilýär. 1968-nji ýylda Maşat şäherindäki "Ингосстрах" kompaniýasynyñ wekili hökmünde Eýrana ugradylýar. Emma onuñ asyl eýeleýän wezipesi KGB-nyñ rezidentiniñ razwedka işleri boýunça kömekçisidi. 1971-nji ýylda onuñ eýeleýän wezipesi, gulluk syry paş edilýär we Eýranyñ ýörite gulluklary tarapyndan saklanylyp SSSR-e deport edilýär. Mundan soñra D.Köpekowyñ daşary razwedkada işlemegi mümkin däldi. Şonuñ üçin SSSR-iñ Ministrler sowetiniñ karary bilen KGB-yñ hatarynda ýurduñ öz içinde işini dowam etdirýär. KGB-nyñ Birinji bölüminiñ bölümçe başlygy, Birinji bölümiñ başlygynyñ orunbasary we başlygy wezipelerinde işleýär. 1984-nji ýylda Türkmenistan SSR-niñ Döwlet Howpsuzlyk komitetiniñ başlygynyñ işgärler boýunça orunbasary wezipesine bellenýär. 1990-njy ýylyñ iýun aýynda KGB-nyñ (DHK) başlygynyñ birinji orunbasary wezipesine bellenýär. 1991-nji ýylyñ mart aýynda Türkmenistan SSR-niñ DHK-nyñ başlygy bolýar. D.Köpekow KPSS-nyñ we Türkmenistan SSR-niñ Kommunistik partiýasynyñ Merkezi komitetiniñ agzasydy. D.Köpekow 1992-nji ýylyñ ýanwar aýynda Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Goranmak ministri bolup işe başlaýar, şeýle hem ol şol bir wagtyñ dowamynda tiz wagtdan täze açylan türkmen harby institutynyñ hem ilkinji rektory bolýar. Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan oña ilki general-leýtenant, soñra general-polkownik, has soñra goşun generaly harby derejeleri berilýär. Türkmenistanyñ harby we hukuk goraýjy edaralarynda abraý bilen işlän general Köpekow 1999-njy ýylda hormatly dynç alyşa (pensiýa) çykýar. Ömrüniñ ahyryna çenli Aşgabatda ýaşaýar we 21.09.2011-nji ýylda aradan çykýar. Harby derejeleri: - maýor (1971 ý); - podpolkownik (1974 ý); - polkownik; - general-maýor (1990 ý); - general-leýtenant (1992 ý); - general-polkownik (1993 ý); - goşun generaly. * * * Taýýarlan: Has Türkmen

Köneler, Jeksparro tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir