Rahym Esenow JAHANDA URUŞ BARÝARKA (powest hem oçerkler) Rusçadan terjime eden Baýram Jütdiýew. ''Türkmenistan'' Neşirýaty. Aşgabat 1978 Esenow R. Jahanda uruş barýarka (Powest) A. ''Türkmenistan'' 1977. 312 s. 30.000 ekz. 1 m. 50 k. Ýazyjy Rahym Esenowyñ ''Jahanda uruş barýarka'' atly poewsti türkmen halkynyñ şöhratly ogly, Beýik Watançylyk urşy döwründe faşistik Germaniýada bolup, Watanyñ tabşyryklaryny ýerine ýetiren kommunist, çekist-razwedkaçy Aga Berdiýew hakynda söhbet açýar. Mundan başga-da bu kitapda ýazyjynyñ publisistik oçerkleriniñ birnäçesi ýerleşdirildi. Esenow P. Kogda şla woýna (Эсенов Р. Когда шла война (Повесть) No 147 26.31 T2 TSSR-iñ Kitap palatasy, 1976 E83 70303-009 E _____________ M551(15) 一 77 Türkmen diline terjime edildi ''Türkmenistan'' neşirýaty, 1978 Redaktor: Gurban Çöliýew Suratçy: Meret Gylyjow Surat redaktory: Baýram Kuraýew Tehnik redaktory: Tamara Gawrilowa Korrektor: Nurbibi Egenowa IB No 110 Ýygnamaga berildi 24/II-77 ý. Çap etmäge rugsat edildi 16/II-78 ý. Formaty 60X90 1/16. Fiz. çap listi. 19,5 Çap listi 19,5 Uçet neşir listi 21,133. Tiražy 30.000 TN 12447. Zakaz W-235. Bahasy 1 m. 50 k. I 一 07944. ''Türkmenistan'' neşirýaty. Aşgabat, Gogol köç 17a. TASSR Ministrler Sowetiniñ Neşirýaty, poligrafiýa we kitap söwdasy işleri baradaky uprawleniýasynyñ Kamil Ýakup adyndaky poligrafiýa kombinaty, Kazan, Bauman köç., 19. RAHYM ESENOW Mundan on üç 一 on dört ýyl ozal respublikan metbugatda şeýle habar çap edilipdi: ''Ýaş ýazyjy Rahym Esenow SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ çlenligine kabul edildi. Onuñ iki sany kiçijik kitapçasy bar. Ýakyn günlerde ýaş ýazyjynyñ ýene-de bir kitapçasy çapdan çykjak...'' Şol döwürde R. Esenow ýañy otuz ýedi ýaşyna aýak basypdy. Şondan soñky geçen ýyllar onuñ döredijiliginde uly bir öwrülişik döretdi. R. Esenow respublikamyzyñ görnükli ýazyjylarynyñ hataryna goşulyp gitdi. Rahym Esenowyñ kämilleşiş prosesi näme üçin uzaga çekdikä? Adatça her bir dörediji adam otuz bäş-kyrk ýaşyna çenli özüniñ esasy eserlerini döredýär. Esenowy Esenow eden eserler bolsa soñky on ýylyñ içinde, ýagny awtoryñ ýarym asyrlyk ýubileýiniñ öñ ýanyndaky pursatda okyjylaryñ eline gowuşdy. Munuñ şeýle bolmagynyñ, meniñ pikirimçe, özüne ýeten sebäpleri bar. Her bir dörediji adam 一 tutuş bir ykbal. Ol ykbal bolsa her bir döredijilik şahsyýetini öz kanunlary boýunça formirleýär. Öz belgisini öz möhrüni basýar. Özüniñ çagalygyny otuzunjy ýyllaryñ gözel Aşgabadynda geçiren ýigdekçe Beýik Watançylyk urşunyñ agyr ýyllaryny Tejeniñ Garagum bilen sepleşip ýatan ýowuz sähralygynda garşylaýar. Ýaşlygyna garamazdan, durmuşynyñ gazaply gazanynda ulular bilen bile gaýnaýar, erkini taplaýar. Nämäniñ nämedigine düşünen, ýaş başyndan zähmetde bişişen, erki taplanan ýigit üçin indi hiç zat gorkuly däl. Ol özüniñ Tejen sähralygyny söken köneje köwşüni esger ädigine çalşyp, ar-namys ugrundaky aldym berdimli söweşe ugraýar. Ýedi klas bilimli ýigit Sowet Goşunynyñ alty ýyllyk ýetişenlik attestaty bilen dogduk ülkesine dolanyp gelýär. Emma kanun-kanun. Sowet goşunynyñ attestaty ýokary okuw jaýyna girmäge hukuk berenok. Şonuñ üçinem geljekgi ýazyjy ilkinji nobatda orta bilim almagyñ aladasy bilen gümra bolýar. 1956-njy ýyl... Beýik Watançylyk urşunyñ ýyllarynda bişişen, soñra bolsa şol urşuñ agyr kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken Rahym Esenow üçin ýokary okuw jaýynda okamak beýle bir agyr düşmeýär. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniñ taryh-filologiýa fakultetini tapawutlananlygy üçin diýen diplom bilen tamamlaýar. Soñra bolsa otuz ýaşly ýigit üçin zähmet ýyllary başlanýar. TSSR Ministrler Sowetiniñ Radiogepleşikler we telewideniýe baradaky döwlet komitetinde jogapkär redaktorlyk, baş redaktorlyk wezipelerinde ezberlenen žurnalist R. Esenow ''Prawda'' gazetiniñ habarçylygyna bellenýär. Şeýle jogapkärleri gazetiñ habarçylygy Rahym Esenowyñ graždançylyk hem-de ýazyjylyk ykbalyna aýgytly täsir etdi diýsek ýalñyşmasak gerek. Ol özüniñ habarçylyk wezipesi boýunça respublikamyzyñ dürli künçlerindäki dürli kärli, dürli gylyk-häsiýetli adamlar bilen iş salyşmaly bolupdy. Bu bolsa onuñ ýaşaýyş tejribesiniñ, durmuş praktikasynyñ has-da baýlaşmagyna, döredijilik pikirlenmesiniñ has-da giñelmegine bişişmegine getirdi, onuñ publisistikasyndaky agras, çuññur analiziñ mylaýym lirizm bilen goşulyşyp gitmegine ullakan itergi berdi. Ine Rahym Esenowyñ uly ýazyjylyk ýoly hem şondan başlandy. Awtoryñ ''Owgan sahypalary'', ''Wagtyñ içinden geçýän ýoda'', A. Şalaşow bilen ýazan ''Turanyñ gözýaşlary'' ýaly kitaplary, A. Agabaýew hem D. Öräýew bilen bilelikde ýazan, Türkmenistanyñ Lenin komsomolynyñ baýragyna mynasyp bolan ''Peýkam'' pýesasy onuñ ýazyjylyk ykbalyny aýgytly kesgitledi. Türkmenistanyñ 50 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýazyjynyñ oçerkleriniñ uly toplumy iñlis, fransuz, arap hem-de urdu dillerine geçirildi. Moskwanyñ ''Sowetskiý pisatel'' neşirýatynda çykan ''Tebigatyñ howandarlary'' (1974) diýen publisistik kitaby, ''Molodaýa gwardiýa'' neşirýatynda çykan ''Ümüş-tamyşdaky salgymlar'' (1976) atly ýiti sýužetli romany bolsa R. Esenowy respublikamyzyñ belli prozaçylarynyñ hataryna goşdy. Elimizdäki şu kitapda ýerleşdirilen ''Jahanda Uruş Barýarka'' powestinde, ''Ýollar, Ýurtlar, Ykballar'' diýen ýol ýazgylarynda ýazyjynyñ döredijiliginiñ bize ozaldan belli bolan uly bir gyrany has hem çuñlaşdy: ol özüniñ bu eserlerinde liriki hyjuwlylygy, graždançylyk aktiwligi, diliniñ obrazlylygy babatda ýene-de bir täze ädim ätdi. Rahym Esenow döredijilik işinden daşgary-da ullakan jemgyýetçilik işini alyp barýar. Ol 一 respublikamyzyñ Medeniýet ministri, TSSR Ýokary Sowetiniñ deputaty. Parahatçylygy goramagyñ respublikan komitetiniñ başlygy. Ol 1971-75-nji ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ başlygy wezipesinde işledi. Taryh ylymlaryny ösdürmek işinde-de onuñ mynasyp goşandy bar. R. Esenow ''Zakaspiniñ bolşewistik podpolýesi hem-de partizançylyk hereketi'' diýen temada üstünlikli dissertasiýa gorap, taryh ylymlarynyñ kandidaty diýen ylmy derejä mynasyp boldy. Onuñ tutumly bu ylmy işi Moskwanyñ ''Mysl'' neşirýatynda çap edildi. ...1962-nji ýylda ilkinji kitapçasyny okyjylara hödürlän ýaş ýigit Rahym ýañy-ýakynda elli ýaşynyñ toýuny toýlady. Diýmek, onuñ ikinji ýaşlygy başlandy. Goý, ol özüniñ ikinji ýaşlygynda-da söýgi, ýaşlyk, ruh, wepa, bilim paýlaýan eserleri bilen millionlarça sowet okyjylaryny begendirmegini dowam etdirsin. Kerim GURABANNEPESOW TSSR-iñ halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyñ laureaty. AWTORDAN Bu dokumental sahypalar diñe bir özüm hakynda-da, ýa bolmasa wagt hakynda-da, ýa-da meniñ ''on dört ýaşyny urşa ogurladan'' ýaşytdaşlarym hakynda-da däl. Olar urşuñ agyr ýyllary, ýer ýüzündäki şu günki durmuş üçin ynsanyýetiñ minnetdar bolmaly adamlary, aý aýlanyp, ýyl dolanyp, hemişe geljekki nesillere-de görelde boljak ýönekeý hem-de beýik gahrymanlar hakda gürrüñ açýar. Adam atlarynyñ, familiýalaryñ aglabasynyñ belli sebäplere görä çalşyrylandygyna garamazdan, kitapda gürrüñ berilýän wakalaryñ añyrsynda durmuşda bolup geçen zatlar, anyk dokumentler, şol wakalaryñ jümmüşinde bolan gözli şaýatlaryñ söhbeti ýatyr. Her niçik-de bolsa, kitabyñ baş gahrymany ajaýyp sowet razwedkaçysy Aga Berdiýewiñ ady şo durşuna, bolşy-bolşy ýaly alyndy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyñ batyr ogly ýörite tabşyryk bilen duşmanyñ tylyna iberilýär. Şol ýerde ol ynama girýär, abweriñ şpionlary taýýarlaýan mekdebini gutarýar, Merkeze möhüm maglumatlar berýär. Iki ýyllap ol es-esçiniñ donuna girýär, her ädiminde ajal bilen dalaş gurýar. Gitlerçi komandowaniýäniñ Orta Aziýa halklaryndan bolan harby ýesirlerden es esiñ ýörite diwiziýasyny düzmek planyny puja çykarýar. Düzülmeli şol dwiziýa bolsa, faşistleriñ pikiriçe, soñra ''Türküstan musulman armiýasynyñ'' 一 Watanyndan ýüz öwren dönükleriñ hem-de kezzaplaryñ armiýasy 一 esasy özeni bolmalydy. Aga Berdiýew ýesirlikde bolup halys surnugan, ysgyny-ragbaty galmadyk adamlaryñ kalbyna Sowet Goşunynyñ ýeñjekdigi hakdaky beýik ynamy ornaşdyrýar, olary bendilikden sypdyrmagyñ ýollaryny gözleýär hem-de ýanyp duran dowzahdan alyp çykýar. Uzak älem giñişliginde haýsydyr bir berbatlyk bolup, müdimilik öçýän ýyldyzlaryñ nury Ýere tarap ýol ýasap, müñ ýyllap gaýdyp dur. Ol adamlaryñ kalbyny nurlandyryp, ýüreklerine ruh berýär. Şol ýyldyzlara meñzäp, adamlaryñ durmuşyny ýagtylandyryp duran ynsanlaram bolýar. Batyr razwedkaçy, kommunist Aga Berdiýewem şolaryñ biridi. DAŞ ÝURTLAR ''Biz Ýewropanyñ gan döküşikli geçmişini ýeñip geçmäge ony unutmak üçin çagyrman, eýsem şonuñ indiden beýläk hiç wagt gaýtalanmazlygy üçin çagyrýarys''. L. I. Brežnewiñ 1973-nji ýylyñ 1-nji Maýynda baýramçylyga bagyşlanan dabaraly mitingde sözlän sözünden. Ýyldyrym bolup süýnýän ''Tu-154'' seni Moskwadan Berline iki sagatda eltip düşürýän bolsa, dogrusy, oña daş ýurt diýmäge birhili diliñem aýlananok. Geçen jeñde welin biziñ soldatlarymyz şol aralygy bir müñ dört ýüz on sekiz günde geçipdiler. Onda-da nähili günlerdi! Planetanyñ deñ ýaryna diýen ýaly ot çabyradan ganym uruş her ädimiñde baş dawasyny edýärdi. Günler gijeleri bilen däriniñ, ganyñ, jan deriniñ demikdiriji ysyna boglupdy. Bu gün bolsa, ynha, iki sagatdan sen Berlinde. Gudratly tehnika yragy ýakyn etdi, iñ esasy-ha, ony wagt ýakynlaşdyrdy. ''Şonafeld'' - ''Nurana meýdan'' atly aeroport meni ümür-dumanly, ýagmyrly howasy bilen garşylady. Tomus günlerine garamazdan, aerodromyñ çygryndaky hem-de ony allymlap oturan bulançak göz ýaly çalymtyk, birhili tutuk, misli garaýag dökülen ýaly gap-gara üçekli jaýlar jegebämi daraldyp başlady. Ilkinji minutlaryñ täsiri bu ýurdy ozalky göz öñüne getirişime gabat gelip durdy. Ol meniñ dünýämde hut häzir görüp duran zatlarym ýaly ýaşaýardy: garañkydy, yşnaksyzdy. Beýle garaýyş mende uzak ýyllaryñ dowamynda emele gelipdi. Uruş ýyllary ony aýratyn bir goýy reñkde boýapdy. Onuñ sebäbi düşnüklidi, geçen uruşda men iki agamy ýitirdim, ýow meýdanynda galan garyndaşlarymyñ, obadaşlarymyñ bolsa sanynam aýdyp biljek däl. Trapdan düşüp-düşmänkäm aeroportyñ reproduktoryny ýarara getiren ''Ahtung!'' ''Ahtung!'' sesi meniñ gussaly duýgularymy bir demde dolap-düýrläp, yza - ürç edilip görlen kinolara hem-de kitaplara tarap alyp gitdi. Hanha, balgam çiñrigi ýaly uzyn bir faşist tikenekli simiñ añyrsynda galpyldap duran bendileriñ üstüne azgyrlyp dur. Beýläme seretsem, jahany çepbe çöwrüp, uruş barýar... Ýok bularyñ hijisem däldi. Aeroportyñ diktory nobatdaky ýolagçy samolýotynyñ gonandygyny habar berýärdi. Ýañky meniñ ýüregimi mynçgap geçen duýgular sähel bir zat bolsa açyljak bolup duran köne ýaralardy. Uruş ýyllarynda ýörgünli bolan: ''Germaniýa, Germaniýa - lagnat siñen tarapa'' atly aýdymyñ sözleri näçe jan etsemem, kalbymdan çykanokdy, gaýtam duýdurman, ýene-de geçilen günlere dolaýardy. Meniñ neslim Germaniýany (Deutşland) doganlar Grimleriñ täsin ertekileri, aýratynam olaryñ ''Berlinli sazandalar'' eseri boýunça bilýär. Zehinli nemes ertekiçileri öý haýwanlarynyñ obrazy arkaly tutuş nesillere asylly sapak berdiler, şer bilen ynsan doñbagyrlygyny ýazgardylar. Her gezek kanikul döwründe Aşgabatdan oba baryp, şol ýyllar daýhanyñ esasy iş maly hem-de aýagulagy bolan eşekleriñ agyr ýük astynda ýegşerilip barşyny görenimde, näme üçindir, degirmende güýçýetmez işde maýrylan, soñra bolsa doñýürek, çemeçil hojaýyny tarapynda kowlan bremen eşegi ýadyma düşüp, onuñ halyna çynym bilen gynanýardym. Ýöne garrap, tapdan düşse-de, ol janawar ölmändi, özüne wepaly dostlar tapypdy, bu bolsa meniñ çaga ýüregimi şatlykdan doldurýardy. Soñ ol haýyr işi goldap, ýamany uwlundyrmak üçin, jahan ýüzüne aýlanyp başlaýar. Heniz çagakak, goñşymyz Grişa daýydan (biz onuñ familiýasy bardyram öýtmezdik, onuñ familýasynyñ Şewçenkodygyny soñ bilip galdyk) nemes anyklygy bilen jürlügi, amerikan işewürligi bilen çemeçilligi hakynda eşidipdik. Ýöne çagalaryñ gözi gidýän bu sada adam näme hakynda gürrüñ berse-de, slawýan häsiýetiniñ mylakatlylygy bilen ýürekdeşligi, giñligi hem-de ýönekeýligi barada kelam agyz söz aýtmazdy. Ýogsa onuñ özünde şol häsiýetleriñ hemmesi bardy: derýa ýaly giñdi, ýer ýaly agrasdy, çaga ýüregi ýaly päkdi, ýönekeý zada-da ynanyp, gözi ýaşarýança gülýän sadady. Grişa daýynyñ eli işden sypynan wagty, biziñ üçin tüýs baýramçylykdy. Biz serçe sürüsi ýaly güsürdäp, onuñ köneje tonýarymlygyny doldurardyk. Maşynyñ kabinasy has kiçijikleriñkidi. Olar gije-gündiz arzuw edýän rullaryny towlap, keýpden çykardylar. Haýsydyr bir ýerine çöp dürtün, düýtdüldederdiler. Grişa daýymyz şonda-da gatyrganmazdy, gaýtam: ''ýörüñ oglanlar'' diýip, bizi uzaklardan aýlap gaýdardy. Munuñ özi biziñ üçin uly wakady. Şol günüñ agşamsy, ertesi, birigüni bar gürrüñimiz Grişa daýynyñ maşyny bolardy. Dynç alyş günleri goñşy howludaky çagalaryñ ählisini ýygnap, haýwanat bagyna ýa-da hol ilerki gülälekli baýra äkiderdi. Alabahardan guşlar üçin ýörite ketejik ýasap agaja çüýläp goýardy. Ötegçi guşlar bu ýerde birmeýdan ýaz eýläp geçerdiler. Oña uly-kiçi şatlanardy. Şu günki ýaly ýadymda, bir gezek Grişa daýy orta asyr nemes imperatorlary ýa-da Fridrih I, ýa-da Karl I hakynda gürrüñ beripdi. Nemesleriñ zandyna häzirki häsiýetlerini olaryñ dürre bilen, tyg bilen guýandygyny aýdypdy. Ýaşaýan jaýyny agartmaýan, howlusyna seretmeýän daýhanlary häkimdaryñ peşaplary dürre bilen saýgylamaga beýlede dursun hatda kerçemekdenem gaýtmandyr. Sebäbi perman şeýle ýowuz bolupdyr. Ýyllar geçip, Zaksenhauzyñ ozalky bendileriniñ biri bilen gürrüñdeş bolanymda, onuñ aýdanlary Grişa daýynyñ sözlerini tassyklap durdy. Ynha, ol: Lageriñ komendanty bizi dört-bäş adam edip uruş döwründe mazaly baýap, gözi gyzaran bir es-esçiniñ mülküne işlemäge iberdi. Biz günüñ ýeri gyzarandan, tä agşama çenli onuñ mülkünde biline urlan ýylan ýaly, süýrenip ýördük. Hojalygy es-esçiniñ özi ýöredýärdi. Elpe-şelpeligi bilmeýän bu oññutçyl adam özüniñ anyklygy, jürlügi bilen biziñ hamymyzy serýärdi. Günüñ-güni onuñ howlusyny, mülküni ýalap diýen ýaly çykýardyk. Ýöne geñ zat: ol doñuz ýaly hapady, ertirlerine ýuwunman ardynman saçak başyna geçerdi. Onuñ aýaly dykalanan çalça meñzeýärdi, mañlaýynda, ýüzünde, alkymynda doklugyñ alamaty görnüp durdy. Bu tyñkyja aýal ýüzüni günde bäş gezek dagy pudurlaýardy...'' Biziñ neslimiz Germaniýany kitaplar arkaly bilýär. 1856 - njy ýylda Dýusseldorf şäheriniñ golaýyndaky Neandertal jülgesinde arheologlar tarapyndan galyndysy tapylan Geýdelberg adamy hakynda eşitmedik az-azdyr. Germaniýa Demokratik Respublikasynyñ günortasynda, Bilsingsleben posýologynyñ eteginde ýañy-ýakynda nemes arheologlarynyñ tapan zady ylym dünýäsine dowul saldy. Olar ilkidurmuş adamynyñ ýeñse süñküni tapdylar. Oña üç ýüz elli müñ ýaş berdiler. Bu - ilkidurmuş adamynyñ Orta Ýewropada neandertaldan has ozal ýaşandygyna güwä geçýär. Şeýle ylmy açyş ''üçünji reýhiñ'' döwründe bolaýan bolsa, propogandanyñ reýhsministri Gebbelsiñ begenjinden ýaña aýagy ýere degmezdi. Elini kelemenledip, adamzadyñ sallançagy bolan ''müñ ýyllyk imperiýa'' hakynda gygyrardy, nemes jynsyny ýaradanyñ kürsüsine mündürerdi... Indi şeýle bir zady göz öñüne getirip göreliñ: hamana, ýalançy çolak professor Luis Likiñ ylmy açyşyna çenli ýaşapdyr diýeliñ. Ellinji ýyllaryñ aýaklarynda Gündogar Afrikada, Serengeti çöllüginde, Oldawoýsk jülgesinde birçaklar awstralopitek atlandyrylan jandaryñ galyndysynyñ tapylanynam eşidipdir. Alymlar bu jandaryñ ýaşyny bir million sekiz ýüz müñ ýyl bilen ölçeýärler. Ýyllar geçýär. Professor Liki hem-de onuñ şägirtleri ylym dünýäsini täze bir üýtgeşik açyş bilen haýran galdyrýar. Ylym dünýäsi ýene-de Oldowaýsk jülgesine seredýär. Bu ýerde alymlar mundan bir million sekiz müñ ýyl ozal awstrolapitek bilen ondan has kämil, has ösen başga bir jandaryñ ýaşandygyny anyklaýarlar. Zemin ýüzüniñ ilkinji adamy hasap edip, oña Homo Habilis adyny dakýarlar. Alymlaryñ çaklamagyna görä, onda zähmet gurallaryny ýasamak başarnygy bolupdyr. Elbetde, Gebbels beýle açyşy ykrar etmezdi. Ýok, ykrar etmezlik heniz bärden gaýdýar, ol ony ''ýalana çykarardy''. Sebäbi ony ykrar etmeklik onuñ şeýle yhlas bilen ýöredýän propogandasynyñ düýp-teýkaryna palta urardy, ''nemes jynsynyñ artykmaçlygy hem-de onuñ ilkinjiligi'' hakdaky samahyllylaryny tozga ýaly gaýdyryp goýbererdi... Biziñ eramyzdan ozalky müñünji ýyllykda Günorta Germaniýanyñ giñişliklerinde iri slawýan taýpalary - lužiçanlar ýaşapdyrlar. Germaniýa Demokratik Respublikasynda häzirem olaryñ ýüz müñden gowragy ýaşaýar. IV - VI asyrlarda, halklaryñ beýik göçhä-göçlügi döwründe german taýpalary Rim imperiýasynyñ günbatarlaryna aralaşypdyrlar, bawarlar, sakslar, týuringler hem-de almanlar Germaniýada ýurt tutunypdyrlar. Megerem, nemes topragy ýaly şeýle kän basybalyjylykly hem-de talañçylykly urşy, ýörişleri gören toprak ýokdur. Nemes gersoglary, knýazlary, korollary, imperatorlary bir görseñ slawýanlaryñ üstüne dökülýärdi, bir görseñem Rime talañ salýardylar, Italiýany, Çehiýany eýeleýärdiler. Badyhowa knýazlar, imperatorlar zer-zerbapdan don geýip, meslikde ýaýnaýardy. Garamaýak halkyñ durmuşy bolsa, şol öñki hor-homsulygyna galýardy. Sakson knýazlary Elbadan añyrda hem-de Pribaltikada ýaşaýan slawýanlary diriligine gömüp, olara garşy haçly ýörişler yglan edýärdiler, baran ýerlerini misli çekirtge düşen ýaly tozdurýardylar. Naýzalylar ordeni, Tewton ordeni, ýene-de gör, haýsydyr bir gorkunç atly ordenler liwleriñ, estleriñ, pruslaryñ üstüne melamat bolup inýärdi. Basyp alan ýerlerinde iri knýazlyklar döredip, agalygy ele alýan nemes basybalyjylary: ''Drang nah Osten'', ''Gündogara, ýörişe'' diýip gygyrýardylar. Ýene-de ýedi asyr geçer, faşistler özleriniñ orta asyrly ata-babalarynyñ bu wagşy çakylygyny has-da wagşylaşdyryp, wagşyýana leşgeriniñ beýnisine guýýar. Beýik Rusuñ bir ýanynda gün dogsa, beýleki tarapynda gün ýaşýan uç-gyrasyz meýdanlary, ok ursañ geçmez sümme tokaýlary, deprenmez baýlygy gadymlardan bäri basybalyjylary oda köze düşürýärdi. Şonuñ üçinem olar ýaraglaryny şakyrdadyp, rus daýhanynyñ üstüne häli-şindi dökülip durdy. Geçen uruşda meşhur ýazyjy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý bir gezek dostlarynyñ arasynda rus adamynyñ milli häsiýeti hakynda gürrüñ gozgap, şeýle diýipdi: ''Rus adamy şer tapsa, göhi gelýänlerden däldir. Ýöne oña azar berip öjükdirmäñ!'' Taryh muña şaýatdyr. Ol Çud kölüniñ heniz o diýen doñmadyk buzunyñ gütürdisini, demir sowutlaryñ şagyrdysyny, tenlere gazap bilen urulýan naýzalaryñ hatyrdysyny; halk opolçeniýesiniñ gulaklarda hüwdi bolup ýañlanan ýeñiş sazyny, Aleksandr Newsikiniñ: ''Biziñ topragymyza ýarag çekip gelen ýaragdanam öler. Ol hemişe şeýle bolupdy, şeýle-de bolar'' diýen beýik sözüni şu günlere ýetiripdir. Geçen jeñde hala soldat bolsun, hala-da general bu söz rusuñ, türkmeniñ, gazagyñ, ukrainyñ dilinden düşmändi; ''Biziñ topragymyza ýarag çekip gelen ýaragdanam öler. Ol hemişe şeýle bolupdy, şeýle-de bolar''. Bu - ogullaryñ kasamydy. Ýöne demir donlaryny waññyrdadyp, Çud kölüne gapgarylan rysarlaryñ şum takdyry Germaniýada hiç kimiñ böwrüni diñletmändi. Germaniýa bilen Prussiýany depesinde tyg oýnadyp, bir bitewi imperiýa birleşdiren ''demir'' reýhskansler Bismark Russiýa garşy uruşmak ''Germaniýa üçin adatdan daşary howply'' diýip, özüniñ gyzma ýurtdaşlaryna duýdurypdy. Pariž kommunasynyñ alkymyndan alan, Afrikada, Täze Gwineýa adalarynda ilkinji koloniýalar edinip, nemes imperiýalizminiñ ýürejiginden turan bu zabun adamyñ ol sözi nämä esaslanyp aýdýanlygy düşnüklidi. Otuzunjy ýyllarda häkimýet Gitleriñ eline geçende, amerikan gazetleriniñ biri şeýle ýazypdy: ''Germaniýa özüniñ rewolýusiýasyny ýok edýär. Demokratiýa el göteren millet liberal düzgüni zyñyp taşlap, Bismarkyñ kultuny dikeldýär...'' ''Demir'' kansleriñ agtygy Otto Bismark: ''Siz şu adamyñ - Gitleriñ - nemes halkynyñ taryhynda haçan-da bolsa bir wagt siziñ atañyzyñ, ýa bolmasa garry Frisiñ derejesine göterilip biljekdigine ynanýarmysyñyz?'' diýlen sowala ýeke agyz, üstesine-de juda ynamly jogap beripdir: ''Gürrüñsiz!'' Bismarkyñ kultuny dikeltmek arkaly täze fýureriñ kultuny mahabatlandyryp başlan adamlar ilkinji nobatda bolsa senagat magnatlary onul - Russiýa bilen uruşmaly däl diýen maslahatyny ubutdylar. Ýogsa Bismarkyñ özem Russiýany gowy görüp, ölüp-öçüp baranokdy. Ol iki fronta baş sokmakdan gorkýardy. Şonuñ üçinem Russiýa bilen arany bozmazlyk syýasatyny ýöredýärdi. Germaniýanyñ taryhynda nurana sahypalar kän. Biz Reformasiýanyñ progressiw hereketiniñ sakasynda duran, katolik buthanasynyñ çäksiz häkimdarlygyna hem-de eden-etdiligine garşy baş göteren Martin Lýuteriñ edermenligine haýran galýarys. Bu ''ýeretik'' buthana wekilleriniñ dünýe durup diýen ýaly öñe tutup gelýän ''hukuklaryna'' dil ýetirýär, olaryñ ýazyklynyñ ýazygyny ''ýuwýan'' indulgensiýadan (aklyk berlip alynýan güwänama) el çekmeklerini talap edýär. Tomas Mýunser näme! Dini formada bolmagyna garamazdan, onuñ kommunistik ideallar ruhuna ýugrulan otlukly wagyz-nesihaty daýhanlary galkyndyrýar, olary feodallaryñ zulmuna hem-de din wekilleriniñ ikiýüzliligine garşy göreşe çagyrýar. Onuñ rewolýsion taglymaty feodallara garşy göreşde halk köpçüliginiñ baýdagy bolýar. On altynjy asyryñ başlarynda tutuş Germaniýany diýen ýaly gurşap alan Rysarlaryñ gozgalañy, Daýhanlar urşy Reformasiýanyñ ideýalary bilen, Tomas Mýunseriñ hem-de onuñ egindeşleriniñ ady bilen baglydyr. Emma militarizm ruhuna eýlenip, basybalyjylykl kül-külüne düşen feodal reaksiýasy, harby-krepostnoýçylyk monarhiýasy pälinden el çekerli däldi. Olaf birden-ä Otuzýyllyk uruş alyp barýardylar, birdenem Sileziýa agyz suwardyp, Polşanyñ bir bölegini Prussiýa birleşdirjek bolup, Ýediýyllyk uruş yglan edýärdiler. Bu basybalyjylyk ideýalarynyñ zandyýaman ruhlandyryjysy Gitleriñ hudaý hasaplap, sežde eden adamsy ''beýik prusak'' Fridrih II Gegensolleridi. Ol rus soldaty hakynda şeýle diýipdi: ''Ony öldürmek ýeterlik däl, ýykmak gerek''. On sekizinji asyry Germeniýada magaryf, rewolýusiýon romantika asyry atlandyrýarlar. Filosoflary, edebiýatçylary, hudožnikleri, ýurduñ öñde baryjy adamlaryny feodal öz-özüñe göwnüýetijiligiñ eden-etdiligiñ zabunlygyñ atmosferasy basmarlaýardy. ''Tupan hem-de zor salmak'' atly edebiýat jemgyýeti döräpdi. Onuñ has batyrgaý çlenleri ýurtda dowam edýän jemgyýetçilik gurluşy ýok edip, ýerine respublika yglan etmegi teklip edýärdi. G. Lessing, G. L. Wanger, I Gerder, ýaş Gýote bilen Şiller şol döwürde nemes jemgyýetiniñ öñde baryjy böleginiñ rewolýusion meýillerini añladýardy. Ýaş Gýotäniñ lirikasy, aýratynam onuñ ''Gýos Fon Berlihingen'' diýen taryhy dramasy ''asyryñ çeper açyşy'' bolupdy. Onuñ şahsyýetiñ her hili gatlak köne düşünjeleri bilen gul edilmegine garşy baş göteren ''Ýaş Werteriñ jebir-jepalary'' atly sentimental romany bolsa dünýäni baglady. Şilleriñ ''Galtamanlar'', ''Mekirlik hem-de söýgi'', ''Don Karlos'' diýen dramalary topalañçylyk ruhuna ýugrulupdy. Graždanlyk urşy ýyllarynda ýaş Şilleriñ pýesalarynyñ Gyzyl Goşunyñ bölümlerinde çeper höwesjeñleriñ sahnasyndan düşmän, tomaşaçylaryñ söýgüsini gazanmagy tötänden däldi. Hindistanda, Bangladeşde teatrlaryñ birenteginde Çehowyñ, Gorkiniñ pýesalary bilen bir hatarda henize - bu güne çenli ''Galtamanlar'' bilen ''Mekirlik hem-de söýgi'' görkezilip ýör. Bangladeşde bolanymda, Şilleriñ ''Galtamanlaryny'' ýerli ýagdaýa görä işlän bir dramaturg şeýle diýdi: ''Bu pýesa biziñ ýaş respublikamyzyñ graždanlarynyñ watançylyk duýgusyny ösdürýär, adalatsyzlyga, jemgyýetiñ masgaraçylykly kastalara bölünmegine ýigrenç döredýär, ''Mukti bahiniñ'' (Bangladeşiñ azatlygy hem özbaşdaklygy ugrunda göreşýän ar alyjylar otrýady) rewolýusion ruhuna dogry gelýär''. Synpy bitewilik duýgusy hakynda gürrüñ edip, meniñ uzak bangladeşli kärdeşimiñ Şilleriñ pýesalaryna aşarak baha berýän bolmagy mümkin. Ýöne bir zatda welin onuñ aýdýany añyrýany bilen dogry: dramanyñ gahrymanlarynda topalañçylyk, boýun synmazlyk ruhy diýseñ güýçli. Gerder hem Klopştok, Şiller hem Kant tarapyndan unalan beýik fransuz rewolýusiýasy, tutuş Ýewropany diýen ýaly amana getiren Napaleon Bonapartyñ basybalyjylykly ýörişleri nemes knýazlarynyñ hem-de feodallarynyñ asuda durmuşyna howsala aralaşdyrdy, bir ýanyndan-a ýigrenç, ikinji tarapdan bolsa - gorky döretdi. Garyp sebäbi Napaleonyñ ''kodeksi'' daýhanlara şahsy azatlyk berýärdi. Ýöne şol azatlyk diýilýän zat salgym ýaly gözüñe bir kaklyşyp, soñra gaýyp bolýardy. Monarhdan azatlyk almak krepostnoýçylyk Russiýasynda ''Ýurýew Gününi'' alandan añsat däldi. Ol edil bermezek tañrydan ýagyş dilän ýalydy. Napaleonyñ ''kodeksiniñ'' nämedigine göz ýetiren nemes halky hem-ä öz feodallarynyñ, hem-de fransuz diktatorlarynyñ zulmuna sezewar bolupdy. Göz dikilip garaşylan azatlyk bir mahallar Tewton ordeniniñ rysarlarynyñ ''Drang nah Osten'' diýip, wagşyýana bögüren ýerinden - Gündogardan geldi. 1812-nji ýylyñ Watançylyk urşunda rus goşuny Napaleonyñ tumşugyna kakyp, onuñ diri galan az sanly nökerleriniñ söbügini sydyrdyp, it masgarasy edip kowalap gitdi.Rus ýaragynyñ ýeñşi söweşe çagyrýan ýañ bolup eşidildi: bütin Ýewropa aýaga galdy. Göreşe galkynan nemes halky 1813-nji ýylda Leýpsig söweşinde ýeñiş gazandy. Germaniýa daşary ýurt agalygyny zyñyp taşlady. Germaniýanyñ taryhyna ser salyp oturyşyma Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşistleriñ tylynda hereket eden türkmen ýigidi, batyr razwedkaçy Aga Berdiýewiñ durmuşy bilen baglanyşykly bir epizod ýadyma düşdi. GDR hem-de Polşa Halk Respublikasynda döredijilik komandirowkasynda bolanymda, otuz ýyldan soñ, men onuñ yzyny yzladym. Watanyñ aýratyn tabşyrygyny ýerine ýetiren batyr ýigidiñ nazary düşen ýerlere aýlanyp gördüm. Ol iki ýyllap duşmanyñ tylynda boldy. Abweriñ şpionlary taýýarlaýan mekdebinde okady, es-esçiniñ donuna girdi, gör näçe gezek uçudyñ gyrasynda durdy. Şol döwürde ol es-esçilerden düzülmeli goşun bölümini başa bardyrmady, Orta Aziýa milletlerinden bolan harby ýesirleriñ ýüzlerçesini biziñ tarapymyza geçirdi. Olary gitlerçi komandowaniýe sowet goşunlaryna garşy goýmakçydy. Batyr razwedkaçy watanyna dönüklik eden kezzaplardan düzülen es esçi dwiziýanyñ ähli komandirlerini hut faşistleriñ öz eli bilen ýok edýär. Sowet topragynda labyr taşlan içalylaryñ ýüze golaýynyñ üstüni açýar, Merkeze möhüm maglumatlar berýär. 1944-nji ýylyñ ýazynda, ýörite tabşyrygy ýerine ýetirip gelensoñ, ele ýarag alyp, duşman bilen ýüzbe-ýüz durup söweşýär, maýor Morozowyñ belorus partizanlary bilen bilelikde hereket eden çekistler brigadasynda razwedkaçylar toparyna komandirlik edýär. ... Bu waka Waronowiçiñ eteginde, tokaýda bolupdy. Biziñ razwedkaçylarymyz harby tabşyrykdan gaýdyp gelýärdiler. Şonda nemesleriñ üsti ýükli iki sany awtomaşynynyñ ýolsuz ýerde batyp duranyny gördüler. Düşnükli zat - öz aýagy bilen üstüñe gelen duşmany sypdyrmaly däl. Şeýle-de edildi, diñe iki sany şofýor hem-de bir ofiser galdy, beýlekiler üçin urşam, durmuşam ýolsuz-ýodasyz şu batgaçylykda gutardy. Bagryny ýere beren maşynlary batgadan çykarýançalar razwedkaçylaryñ jan deri çykdy. Ynha, indi olja maşynlara münüp ugrabermeli. Emma beýle bolmady. Ýa-ha ofiser bir yşarat etdi, ýa-da öler ýaly gorkan şofýorlaryñ ýüregine dowul düşdi. Olar: 一 Motoryñ ugry ýok, gidip bolmaz - diýdiler. Bu ýerde jedele ýer ýokdy. Islendik minutda güpbasdy edilmegiñ mümkindi. Sebäp diýseñ, töwerek-daşyñ duşman 一 haýsy agajyñ düýbünden çyksalar çykaýmaly. Maşyna-da bronetransportýora-da garaşybermeli. Duşmanyñ niýetem şoldy. 一 Motoryñ ugry ýok diýsene? 一 Aga Berdiýewiñ ozalam gykmagrak gözleri az-kem süzüldi. 一 Ikisem birden hä? Siz, ober leýtenant, özüñiz bir ynanýañyzmy muña? Haýran galmakdan ýaña ober-leýtenantyñ gözleri tegelendi. Sebäbi onuñ garşysynda duran uzyn boýly garaýagyz ýigit nemes diline suwarady. Oña ofiser bada-bat göz ýetirdi. 一Siz nemesmi? 一 Ober leýtenant birhili özüni dürsän ýaly boldy. 一 Men pyýada goşunyñ ofiseri, şonuñ üçinem tehnikadan başymam çykyp duranok. 一Siziñ üçin onuñ näme tapawudy bar 一 diýdi-de, Aga Berdiýew orunbasaryñ adyny tutup, rus dilinde gürledi. Bulary ýoldan çeträge çekiñ. Özüñizem çaltlandyrjak bolaweriñ. Maşynyñam bir alajy bolar, gerek bolsa, özüm süräýerin. Orunbasar ''bolýar'' diýen yşarat edip, yzyna öwrülmekçi bolanda, komandiriñ çep gözüniñ çalaja gypylanyny gördi. Ober-leýtenant düýbüne orak salnan palaç ýaly, bir tarapa agyp gitdi-de, ýer bagyrtlap, bagyryp başlady. 一Jenap, ofiser, men rusça düşünýän... Beýtmäñ, bizi atmañ... Çagalary, ejemi ýetim goýmañ. Ozalam süññi agardy olaryñ. Meniñ atam Fridrih Engelsiñ kakasynyñ fabriginde işläpdir. Kakam Russiýada bolupdyr. Maşynlaram işläpdir... ''Häý deýýus, süýjüdir görseñ jan. Öz üstüñden düşülende, iliñ mañlaýydan otlan ýaly däldir asyl. Çagalaryñam ýada düşübir, eneñem'' diýip. Aga Berdiýew içini gepletdi. Herhal orunbasaryna buýruk berdi. 一 Häzirlikçe degmäñ. Sorag edilende, indi özüniñ atylmajakdygyna göz ýetiren ober-leýtenant Kurt Saks arkaýyn gürläp başlady. 一Meniñ atam ussa eken, özem rewolýusioner bolupdyr. Ynanaýyñ, dogrymy aýdýan. Ol Elberfeldiñ barrikadalarynda Engelsiñ özi bilen bilelikde söweşipdir. Bu waka 1849-njy ýylyñ ýazynda bolupdyr. Şu günki ýaly ýadymda, bir gezek kakam maña atamyñ özüne aýdan sözlerini aýtdy. ''Gozgalañyñ ýalyny Saksoniýada başlap, Reýn boýlaryna, Badene, Bawariýa çenli çabrady. Ýöne, arman, bizi kyn pursatda satdylar. Buržuaziýa satdy, ''saýlantgylar'' satdylar, onda-da bigaýratlyk bilen satdylar. Olar bizi hemişe-de ýigrenýärdiler. Öz bähbitlerine gezek gelende, olaryñky mydama şol bir ýoldur. Gözedürtme garañky asmandan uzaga uçýan bombalaýjy samalýotlaryñ hüññüldisi eşidildi. Olar, megerem, Berline tarap barýardylar. Alyslarda bir ýerde samolýoty oka tutýan toplar güw-güwläp, ot sowurýardy. Kurt Saks uçjak guş ýaly, ýene-de düşnüksiz galpyldap başlady. Emma gabat garşysynda hiç zatdan heder etmän oturan ýigidiñ ýüzüne seredip, öz bolşundan utandy öýdýän, başardygyndan howlukman gürläp başlady. 一Kakam bilen özümden uly iki doganym birinji jahan urşuna gatnaşdy. Galisiýanyñ golaýynda bolsa olar ruslar bilen dogan bolupdyrlar. Kakam dagynyñ gulluk edýän polky ruslary oka tutmakdan boýun gaçyrypdyr. Rota komandiriniñ goldawy bilen kakam jezadan sypan bolsa-da doganymy sypdyrmadylar. Gyzyllaryñ wagyz-nesihatçysy hökmünde ol jeza çekipdir. Kakam şeýle diýerdi: ''Antanta güýçlüdi, ol günbatarda german goşunlarynyñ hüjümini togtatmagy başardy. Russiýa bolsa german imperiýasyndan üstün çykdy''. Soñra kakam german ilçihanasyny goramaly batalýonyñ hatarynda Petrograda gidipdir. Şol ýerdenem ol üýtgeşik bir surat getirdi. Onda Germaniýanyñ Petrograddaky ilçihanasynyñ şekili bardy. Suratyñ aşagyndaky ýazgy nemes dilindedi... Biz bu suraty 1934-nji ýyla çenli sakladyk. Onsoñ... Hawa, onsoñ men ony öz elim bilen ýyrtmaly boldum. Sebäbi NSDAP-niñ hataryna geçdim, ýöne sözleri şindem ýadymda. Ol şeýledi: ''Al-howada pasyrdaýan gyrmyzy baýdaga serediñ. Siz onuñ ýüzlerinde beýik nemesiñ sözlerini okap bilersiñiz. Belki ony Bismark aýdandyr. Belki, Gindenburgyñkydyr? Ýok, ony iñ beýik nemes, iñ beýik adam - Karl Marks aýdypdyr. Şu sözi ýatda saklañ: ''Ähli ýurtlaryñ proletarlary birleşiñ!'' Bu baýdak, elbetde, german ilçihanasyna neşe bersin diýlip göterilen baýdak däl. Rus işçileri, soldatlary hem-de daýhanlary ony nemeslere: ''Okañ, siziñ ýurtdaşyñyz mundan ýetmiş ýyl ozal dünýä proletariatyna gör, nähili sözler bilen ýüz tutupdyr'' diýen terzde görkezýärler. Näçe kynam bolsa, ahyrsoñy hakyky proletar respublikasy döredildi. Ýöne entek ol özüniñ howpsuzlygyny üpjün edip bilenok. Onuñ üçin ähli ýurtlaryñ proletarlarynyñ öz häkimdarlaryny ýok etmekleri gerek...'' Kurt Saks dymdy. Aga Berdiýew tarañ-tarañ edip üsgürdi-de, onuñ ýüzüne bir hili geñ galmak bilen seretdi. 一 Men nemesleri azda-kände tanaýan. Tanadygymça-da bir zada hiç-hili düşünip bilemok. ''Näme üçin?'' diýmegiñiz mümkin. Şo näme üçini özüme kän gezek berdim. Emma şonda-da sowalym jogapsyz galdy. Ynha, meselem, sizi alyp göreliñ. Siziñ atañyz rewolýusiýa gatnaşypdyr, kakañyz hem-de agalaryñyz german monarhlarynyñ tagtyny syndyrypdyr, gogensollernlerden heder etmändir, rus soldatlaryna dostlyk gollaryny uzadypdyrlar. Dogrumy, dogry. Siz nätdiñiz? Düşünýäñizmi, siz nätdiñiz? Öz ganyñyza garşy gitdiñiz, halkyñyza garşy gitdiñiz. Siz öz Gitleriñize wepalydygyñyzy bildirjek bolup atañyzyñ, agañyzyñ kimdigini gizlediñiz, ondan galan mukaddes ýadygärligi ýyrtdyñyz. Näme üçin? Ober-leýtenantyñly petige diredi. Kebzesine buz goýlup, ýüzüne gaýnag suw serpildi. Ondan sorag edýän ýaş ýigit bir demde gestapoça öwrüldi. Eý, aman, ol onuñ ähli syryny bilýär. Hatda atasynyñ kimdigini gizläninem bilýär. Diýmek ol partiýasynam, fýurerem it aldan ýaly aldapdyr-da. Ýeri indi munuñ soñy niçik bolar? Onuñ dadyna ýene-de sowet razwedkaçysy ýetişdi. Ol bogazyna agram salyp üsgürdi-de, ober-leýtenantyñ dünýäsini başga tarap sowup goýberdi. 一Dogrymy aýdaýynmy? 一 Şeý diýende, nemesiñ agyr duýgularyñ girdabyndan çykyp, özüni dürsändigi mese-mälim duýuldy. 一 Kakam bilen agalarymyñ biri aman galdy. Olar çalasowat bolansoñ goşunda ýefreýtorlykdan añry geçmediler. Hojalyk bolsa tozupdy, öýüñ goşy towuga ýükläýmelidi. Indi pikir ediñ, nä durmuş bi? Itiñ güni. Ýokaryña seretseñ gök, töweregiñe seretseñ - agy, öñüñe seretseñ - çal duman. Emma hemme kişi üçin beýle däl. Olar ýag iýip, ýüpek geýýär, gülkilerinden ýer goduklaýar. Biz şeýdip gezibermelimi? Haçana çenli biz kakamyzyñ zeýrenjini diñläp ýörmeli? Şol döwürlerde-de tüweleý turzup, Rem bilen Gitler orta çykdy. Olaryñ gözi ýok ýaly urduryp ýören otrýadlarynda ozalky ýefreýtorlar, isleselerem - soltan. Men böwrümi diñledim, içimi gepletdim. Bir günem fýureri diñledim. Bolany şo: men oña ynandym, özem on ýedi ýaşly ýigdekçäniñ ýüregi bilen ynandym. Doganym welin oñarmady. Ol Remiñ yzyna düşdi. Şeýdibem armanly öldi. Bary ýekeje gijede gutardy: fýureriñ öz-ä Remi atdy, nökerlerem onuñ nökerlerini kaklady. Dogrusyny dogry aýdaly. Hamana, biz rewolýusiýa gatnaşdyk, kaýzer Wilgelmi syndyrdyk. Ýeri ol maña ýa-da atama näme berdi? ''Ähli ýurtlaryñ proletarlary, birleşiñ!'' diýen şygarymy? Ýa bolmasa Marksyñ kommunizm hakda edýän gürrüñlerimi? Onsoñam onuñ kommunizmiñ özi däl-de, alamatydygyny, üstesine-de Ýewropa ýañy görnüp ugrandygyny Marks boýun alýar. Şol alamat hakykata öwrülip, bize haçan ýeter öýdýäñiz? Nemese señ alamatyñ gerek däl, oñan nagtyndan ber... Gitler şeýle-de etdi. Işsize 一 iş, aja çörek, suwsana piwo - berdi. Üstesine bir bölek ýagy bilen. Şöhrat üçin ömür sürýän şöhratparazlara bolsa ''tükenmez şöhratyñ'' gapysyny açdy. Nemesler sürlenişip, onuñ yzyna düşdüler. Çünki ol elýeterdedi, nagtdy. Jenap Marksyñ wada berýän kommunizmi bolsa, asman ýaly daşdy, nesýedi. Aga Berdiýew ajy ýylgyrdy. Yzyndanam näme üçindir, kakasyny ýatlady. Ol uk ýaly garady, depäñi deşip barýan günüñ astynda geze-geze mañlaýy mis ýaly ýalpyldap durdy. Onuñ dünýäsi garaja öýe sygýardy. Ortadaky ojakda hemişe diýen ýaly ot ýanar durardy. Düýe ýüñünden dokalyp, köp gezek ýüze sylynan saçakda çörek bolardy. Ýanyndanam näme tapsañ - aýranmy, gatykmy, gurtmy. Ýöne ol adamda nähili kanagat bardy! Ol doýan guş ýaly dokmädedi, çydamlydy, dünýä ýaly giñdi hem-de geçirimlidi. 一Hawa-la, siziñkem dogry - diýip, Aga Berdiýew ýene-de kinaýaly gürledi. 一Gitler size iş berdi. Ol siziñ üçin awtostradalar gurdy, zawodlary işledip, marten peçlerini ýakdy. Soñ şol ýollar tanklaryñ zynjyrynyñ astynda lerzana geldi, marten peçleri, ýangynly adam ýaly, gije-gübdiz lowlap ýandy, zawodlar top guýup, ok çykardy. Onam Ýewropanyñ, ýap-ýañy ähtnama baglaşan Sowet Soýuzynyñ üstüne sürdi. Nemesleriñ lüýge süsdirilen ynsanlyk mertebesiniñ öwezine Gitler piwäni arzanlatdy, siziñ agzyñyzy mesgedir doñuz eti bilen dykdy. Siz ''lepbeý'' diýdiñiz, ''bir günüm, hoş günüm'' etdiñiz. Soñ nähili boldy? Ol siziñ başyñyza alaýabylynyñ gününi saldy, has atlara hem-de jyns atlara, ariýslere hem-de garamaýaklara böldi, başga-da ýüz külpete uçradyp, wagşyýana duýgulara meçew berdi. Siz bolsañyz: ''Men Gitleriñ yzyna düşüp, ober-leýtenantlyga ýetdim'' diýýärsiñiz. Özüñizem aýdyşyñyza görä, ýefreýtoryñ ogly. Indi garşylyklaýyn sowal bermäge rugsat ediñ. Siz oberlige ýetmek üçin näçeräk gurban bereniñizi bilýäñizmi? Men aýdaýyn. Atañyz bilen agalaryñyzy gurban berdiñiz. Bir. Nemesleriñ ynsanlyk mertebesini ýere sokduñyz. Iki. Gitleriñ millionlary depeläp, häkimiýet başyna geçmegine hemaýat etdiñiz. Ynha, bi üç... Bu gün bolsa siziñ suratyny göreñizde ''zig haýl'' diýip gygyrýan Gitleriñiziñ iki aýagam görde. Emma ol göre-de ýeke gidenok, millionlary sürüp barýar. Sowet razwedkaçysy ober-leýtenanty oksuz tüpeñledi. Ol bir demde emeli gül ýaly süllerdi. Gürlände birhili ysgynsyz gürledi. 一 Germaniýada täze durmuş gurmaga ýewreýler bilen kommunistler päsgel berýär 一 diýip, Gitler bizi ynandyrdy. 一Siz dine-hä ynanýan dälsiñiz? - diýip, Aga Berdiýew garaşylmaýan sowal berdi. 一Men katolik 一Beýle bolsa, belki, siz Gitleriñ kakasynyñ bir tarapynyñ ýewreýdiginem bilýänsiñiz? Şundan soñ onuñ ýewreýleri ýigrenmesi nämekä? Belli zat, öz başyny gutarýandyr. Aýdypdyrlar ahyryn: ''Özüñkini saýgyla, keseki zagyrdyklasyn''. Kurt Saksyñ gözleri bir tegelendi, bir süzüldi. 一Özgäni äsgermezlik edýänleri men itden beter ýigrenýän - diýip, Aga Berdiýew gürrüñini dowam etdirdi. 一Ýewreýleri şeýle öç bilen gyrýanlaryñ ikiýüzlüligine men-ä düşünip bilýän däldirin. Hala katolik bolsun, hala-da prowaslaw, ýewreýleri yzarlap sürüp, kowçum-kowçum edip gyrýanlaryñ hemmesi Isus Hristosyñ şekili salnan hajy ogşaýarlar. Olara: ''Siziñ Isus Hristosyñyzyñ özem-ä ýewreý, siz bolsa ony perişde hasaplap, tug edinýäñiz'' diýseñ, ''Bolanda näme, ol din ýolunda ölüpdir ahyry'' diýýärler. Ýogsa-da ol haýsy diniñ ýolunda öldükä? Adamlary oda ýakyp, çagalary öldürýänleriñ, gyzlary zorlaýan agzy ganly aç gurtlaryñ günäsini geçýän diniñ ýolunda-ha ölen däldir? Belki, siz bilýänsiñiz? 一Girere deşik tapman müzzerilip oturan ober-leýtenant bilemok diýen manyda başyny ýaýkady. 一Bilmeseñiz gulak salyñ 一 diýip, Aga Berdiýew tolgunyp aýtdy. 一Bizi adamyñ milleti däl-de, onuñ haýsy synpa, haýsy ideýa gulluk edýändigi gyzyklandyrýar. Bilip goýuñ, Germaniýanyñ akyldarlary özleriniñ milleti boýunça ýewreýdi. Karl Marks, Geýne, Karl Libkneht, Roza Lýuksemburg... Dünýä Karl Marks bilen Fridrih Engels ýaly beýik läheñleri beren nemes topragyna ýer ýüzüniñ ähli proletariatynyñ gözi gidýär. Proletariatyñ ilkinji halkara guramasy 一 ''Kommuznistler soýuzy-da'' siziñ ýurduñyzda döredi, jenap ober-leýtenant. Şol sebäpli-de eliñiz bilen edeniñizi egniñiz bilenem çekmeli bolarsyñyz 一 diýdi-de Aga Berdiýew ýylgyrdy.一Bu ýerde biziñ günämiz ýok, biz diñe Marksy bilýäs. Ýöne başga bir zat aýtjak, ony şahyrlaryñ biri aýdypdyr. Dogrusy, häzir ady-ha ýadyma düşenok. Ol: ''Adamyñ erki diýilýän zat onuñ ýüregidir'' diýipdir. Erk ýa başgaçarak aýdylsa, her bir janly mahlugyñ ahlak güýji onuñ gurmaga ýada ýumurmaga bolan erkin ymtylyşydyr. Siz, jenap ober-leýtenant, hem-de size meñzeşler ikinji ýoldan gitdiñiz. Biz bolsak... Gullar hem-de gul eýeleri, talabanlar hem feodallar, fabrikantlar hem işçiler, fýurerler hem olaryñ günlükçileri iki müñ ýyl bäri ýaşap gelýär. Şu döwriñ içinde adamzat on bäş müñ urşy başdan geçirmeli boldy. Dört milliard ömrüñ tanapy kesildi. Şol uruşlaryñ, ýer ýüzüniñ häzirki ilatyndanam köp adamy alyp giden gyrgynçylyklaryñ birine-de kommunistler sebäp bolan däldir. Sebäbi uruş olaryñ ruhuna ýatdyr. Dawa-jenjeli, urha-çaplygy öjükdirýänler hemişe iliñ duluna göz dikýän, agzyna gezäp oturan zadyny kakyp alýan ganojak agalardy, Gitler hem şo tetelli kezzaplardy. Kury Saksyñ endamyna sowuk der indi. Sowet razwedkaçysynyñ aýdan zatlary ony otda eremek kaddyna ýetirip, suwa oklady, soñ suwdan çykaryp, ýene-de oda oklady, sandalyñ üstüne çykaryp, ýekedabanyñ astyna aldy. Onda indi gürlemäge-de mejal ýokdy. Onuñ şeýledigini nemesiñ Aga Berdiýewiñ ýüzüne naýynjar seredişindenem görnüp durdy. 一Haýyä edýän, häzir menden hiç zat soramañ. Barybir jogap berip bilmerin. Bir zada welin göz ýetirdim. Gitler bizi uçudyñ gyrasyna-ha eltdi. Siz muña ynanmarsyñyz, emma men oglan-oglanjyk däl. Soñky wagtlarda şu pikir meniñ ýüregimi mynçgalap, halys beýnimi iýdi. Ýöne näçe basmarlasa-da, boýun almajak boldum, çynymy aýtsam, gorkdum. Indi gork-gorkma, haýry ýok 一 biz ýeñildik... Gerñelen ýaly daýaw ober-leýtenantyñ eginleri üstüne goýlan ýüke döz gelmän, mazaly sallanypdy. Ýüzi çañjaryp durdy, gözleri gussadan doludy. Ol ýüzüne dökülýän saçlaryny eli bilen daraklaýan Aga Berdiýewiñ hereketini synlap oturdy. Ynha, ol ýerinden turdy-da, bir iş bilen partizanlaryñ ýerkümesine girip çykdy. Şonda onuñ razwedkaçysyna gözi gitdi. Çünki ol uzyndy, owadandy, berdaşlydy. Şol döwürde Aga Berdiýew otuz altyñ içindedi. ...Aýdyşlaryna görä, gözüni açany üçin minnetdarlyk bildirjek bolup, Kurt Saks soñ Aga Berdiýewi gözlänmişin. Ýöne razwedkaçynyñ adresi näbellidi: ol watanyñ nobatdaky tabşygyny ýerine ýetirýärdi. Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasiýap (Dowamy bar)

Köneler, Jeksparro tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir