Ayal-gyzlar bu dunyanin bezegidir.Hatda durmusymyzy šolarsyz goz onune getirmek hem asla munkin dal.Ayal gyzlar güle deñelyar.Yone gynansakda käbir gelinlerin edyan nogsanlyklaryny yatlanymyzda bu pikirden duypgoter daslasmaly bolyas.Men bu wakany yazmagymyn esasy maksady śeyle erbet yollara gadam basan ayallaryn biraz bolsada eden islerine ökünip toba gelip dogry yola gitmegidir. Jemal diysen sada,agras,garaja uzyn sacly,owadan we zehinli gyzdy.Emma ol her nace owadan bolsada ozune seredip uytgesik geyinmezdi. gozellikde welin oña tay geljek gyz yokdy.Jemalyn yekeje gyz jigisi bardy.Onun ady Maraldy.Ol gaty owadan bolmasada enayyjady.Emma onun Jemaldan uytgesik tarapy özune seretmegi,döwrebap geyinmegi,gezelenje gitmegi gowy gorerdi.Jemal öy islerini edyan pursady ol telewizora yada telefona eglenerdi.Umuman bu ikisinin hasiyeti duybunden basgacady.Jemal Maraldan bir yaš ulydy.Olaryn masgalasy gaty bir bay bolmasada agzybirdi. Bir gun Jemala sawcylyga geldiler.Gelen sawcylar bay masgaladandy.Olar Jemallaryn masgalasyny tanayardy.Sebabi Jemalyn kakasy bilen oylenjek yigidin kakasy wepaly dostdy.Olar perzentlerini entak cagalykdan bir-birine yetirmek ucin arzuwlar ederdiler.Bayramyñ kakasy ogluna Jemal barada öñ birnäce sapar aydypdy.Bayram bolsa yylgyran bolup goyardy. Bayram diysen alcak,sadyyan koce oglanydy.Ony goren kisi synlamazdan onun deñinden gecmezdi.Ol uzyn boyly,akja yuzli, bir birine gošulyp duran gaşlaryny gara sačlary bukup durdy.Ýylgyranda yañagynda cukanajyk peyda bolyan owadan tegelek gözli oglandy.Ol ašyk bolmaz yaly yigit daldi. Jemal kakasyny gowy gorerdi.Onuñ bir diyenini ikinji gaytaladanokdy.Kakasy gyzyna: -Gyzym soyyan yigidin bar bolsa ayt,senin hem yašyñ gecip baryar.Men saña öñ hem kop aydypdym Dossum Pälwanyñ ogly Bayram barada.Ol hem erbet yigit dal.Masgalasy bay,kakasynyñ hem adamçylygy gowy,egerde razy bolsañ solara gelin bolup barsan gownume jay bolardy.Galanynam ejen bilen gurles gyzym,durmus seninki zorluk bilen durmusa cyk diymen.Yone gaty gowy yigit"-diyip ejesi bilen gyzyny ikicak goyup cykyp gaytdy. Kakasynyñ gowy oglan saylajagyny bilen Jemal ejesine razydygyny duydurdy. Emma ol dususyga gundiz barjakdygyny aytdy.Bayram bilen Jemal bir-birini entak yekeje gezek hem gorenokdy.Emma Jemala kakasy Bayram barada okuwcy dowrunden bari aydardy. Jemal ilkinji gezek dususyga gitmage tayynlandy we bahym yola dusip wagty bilen oye dolanmagy ucin irden gitmekci boldy.Emma ony jigisi Maral saklady.Onuñ yuzine boyag calyp,saclaryna timar bermek ucin icerik alyp girmekci boldy. -Howlukmada men bilen icerik gir.Heyde su bolusynda dususyga giderlermi.Ondada Bayram yaly yigidin yanyna.Men Bayramy gowy tanayan.Ol gonsy obadan bolsada men ona kocelerde kop gabat gelerdim.Doganjygym sen diysen owadan emma owadanlygyndan peydalanyp bilenok...-diyip sozuni soñlamanka Jemal oña garsylyk gorkezdi: -Bayram meni su bolsum bilen kabul etsin.Men kakamyn saylan yigidinin erbet bolmajagyny bilyan-diyip bilinden gecyan örüm sacyny čözläp yoluny dowam etdi.Onun tebigy gozelligi hem owadandy.Oña turkmen yakaly ešigi has gowy gelişyardi. Maral bolsa onun yzyndan ulydan demini alyp seredip galsyna icini gepletdi: -Bilmedimda Bayram bilen hasiyeti dogry gelayse.... Jemal oyune gaty bir das bolmadyk bellenilen yere bardy.Bayram ona garasyp durdy.Jemal yerin gaymagyny bozman asak seredip agajyn asagynda añyrysyna bakyp duran Bayramyn yanyna golaylady.Ol diysen aljyrayardy we utanyardy.Bayram yerdaki agacdan gacan sary yapraklaryn śykyrdysyna Jemalyñ ayak sesini duyup oña seretdi.Bayramyñ gozi gara äýnekli owadan geyinendi.Jemal onuñ úç ãdim beylesine bardy-da aşak bakyp durdy.Onun barmaklary sandyrayardy.Sacynyñ õrûmini bir öryardi birem cözleyardi.Bayram ony iyäyjek yaly bolup synlayardy.Daś-töwerekde hic kim yokdy.Jemal dymyp asak seretmekden basga is edenokdy.Bayram onun yanyna golaylady we salamlasmak ucin ona yuzlendi: -Salam Jemal.Gowmy yagdaylaryn?-diyip gozundaki gara ãynegini ayyryp Jemala icgin seretdi. Jemal utanjyrap "Salam,gowy sen gowumy?-diyende yuzi gyzardy.Onun utanyany daşyndan mese-mälim bildirip durdy.Emma ol Bayrama seredenokdy.Bayram Jemalyn mylayym jogabyny esidip onun yanyna golaylady. Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir