Emma ŷekeje suratda bir gyzyñ diñe gözleri gorinip duranny gorip ŷetişdim weli başlygyñ arzany mana tarap uzadanyn gordimde arzany alyp yzyma öwrildim.Ŷöne o gyzyñ gözleri,o surat o yerde edil men duran ŷalydym hamala.Suraty doly goresim geldi.Emma gürlap hem bilmedim.Men gapa golaŷlanda. -Merjen,bagyşlañ weli sizden yekeje zady soramak mumkinmi. -Hawa, -Näçe ŷyl boldy toŷ edeniñize....?! -Alty -Naçe çagañyz bar -iki -Hmm,siz bagtlymy.... -Düşinmedim,başlyk.Ŷöne name sebapden bu soraglary maña berdiñiz.... -Ay,bor hawa siz bagtly geline meñzeyañiz....Gidip bilersiñiz diydi. Gapa çykdym.Name üçin başlygyñ men durmysym bilen gyzyklanandygy meni geñ galdyrdy.Onŷança daşarky gapydan duynki gören adamym girip geldi.Aŷgül bolsa oñ bilen güler ÿüz bn salamlaşdy -Salamaleykum Isgender. -Aleykum salam.... Oñ turkmen daldigi daşyndan hem bildirip durdy.Ol maña bakyp doñup galdy.Hemde orsçalap yuwasdan "Ne moźet byt"diyip gaytalayady.Umsimligi Aŷgül pozdy. -Isgender çaymy ili kofe... Ol bolsa maña bakyp -Zübeŷda priwet -diydi. Aŷgul maña,men bolsa Aygule seretdim. O barman gapydan başlyk çykdyda -Priwet Isgender zhadi-diyip kabinete alyp girdi.O giryanca yzyna owrilip gitdi.Aygul ikimiz gaty geñ galdyk bu bolyan zatlara.Elimdaki arzany bolsa ŷyrtyp musura okaldym we yene oz islerim dowam etdim.Ŷöne suratdaky gyzyn gözleri.Isgenderiñ Zübeyda diymesi meni hayran galdyrŷady.Men pollary yuwyp,pasudalary arassalap Aygüliñ yanyna stakanlary goymaga gaytdym O barman başlyk bilen Isgender gapydan keŷpsiz diyen ŷaly çykdylar.Başlyk maña seredip -Merjen buñ bolşyn gen gormañ,bu sizi birine meñedipdir.Bu meñ dostym Isgender diydi.Garaz meni oña,ony bolsa maña tanyş etdiler.Emma ol gaty erbet gussaly gozlerime bakanda weli bu yerde başga bir syryñ baryn añdym.Olar gitdi. Men başlygyñ icen çaŷyn aŷyrmaga durdym.Emma şo şkaf meni yeni ozine tarap çekŷadi.Ölip baryadym,şo suraty goresim gelip.Emma baryp yuwaşdan çeksem ol gulplydy.... . Men başlygyñ kabinetinden çyksam,öñumde glawny Menijerimiz duran eken.Men oña -Bayram sizden bir zat sorayynla eger mumkin bolsa -elbetde sora,Merjejan señ üçin hemme zat mumkin -borla,oyunyñ goy,men sorajakdym.Halki Isgender... -ha,omy... -hawa,ol kim bolya turkmena asla menzanok. -Hawa,ol şefiñ krusdaşy.Olar naçe ŷyllar dost bolan.Şuwagt hem bile Moskwadan geldiler.Birnace gunden gaytyar.Yeri sen ony name ucin soradyñ. -Ol mana ZÜbeyda diydi weli,ol gyz kim... -O zatlardan meñ habarym yok.Ŷöne şo gyz başlygyñ hem durmysynyñ bir parçasy bolandygyn eşitdim. -hazir o gyz nirede... -men bilemok.... -yeri bolyada. Şeydip islemi bolup öŷe gaŷtdym.Öŷe gelemsoñ yene düŷnki ŷaly jañ geldi.Yene hichili jogap yok.Birazatlar bolup geçŷadi,ŷone name bolyanna aklym hayrandy. Şeydip hem agşama ŷetdim.Ŷerime geçenim şoldy weli,yene jañ geldi.Skryty nomerden. -Alo -Men bagysla seni unudyp bilemok...Gaty tanyş sesdi.Ol şeyle diydide añyrdan agy sesi eşidilŷadi. -Alo,kim siz,alo..... O barman -Guuuu..........ukkkkkk.Telefon goyuldy. Gije oylanyp yatysyma hic uhym tutmady.Kim o erkek adam.Sesi gaty tanyşdy.Kimka meñzetjegim bilmedim.ŷöne gaty geñdi.Kimka maña bagyşla diyyan,name sebapden ol mana beyle diydika diyip ahyr uhlap galdym.Ine,irden işe irrak geldim.Gelsem diñe başlyk bilen bugalterimiz bady.Salam berip girdimde,oz komnatyma girip esiklerim geymage durdym.O barman gapa başlyk geldi.Gözleri bolsa birhili gyzyldy. -Merjen Aŷgul bugun biraz gic geler .Menden rugsat aldy.Mana kyn gorman çay demlap berayde kellam agyrya. -bor baslyk hazir diyip yalygym hem dañaman kuhniya baryp çay otyrtdym.Saçym ŷokary yygnap ŷalyk dañamdymda çay demlenyança kuhniyany tertibe saldym.Çay gaynady.Demlap başlygyñ kabinete getirdim.Gelsem ol bugalteriya giden eken.Emma stolynda bolsa şo surat aşak bakyp durdy.Ŷüregim bire baglap ahyr surata elim uzatdym we ony ozime bakdyrdym.Emma bakdyrdym weli ysgynym gaçdy.Ol suraty görip ellem titredi.O barman gapydan meñ gelenim añan baslyk yglap gapydan girdi.. O gapydan girdide -Dur Merjen men hazir baryn düsindireyin,başga zat hakda pikir etme... -Bu menmi,ŷöne .....ŷöne.... -Haŷys edyan geç otyr men baryn düşindireyin. -elimde surat zordan stola gecip oturdym. Ol bolsa gözlerine gelen ŷaşy gizlap ŷetismedi. Gözŷaşlaryn supirdi. Men şonda erkek adamyñ aglanyn gorip gaty erbet boldum. Ol biraz otyrdy soze başlady. -HAS dogrusy bi gyz sen dal.Emma men hem seni birinji goren günim däli yaly boldumGaty geñ galdym. -emma bu kim... Suratda owadan saçy bir orilen öñune atylan edil maña meñzap duran gyz bady.Oñ gozleri,dodagy,hatda sacynyñ reñki hem meñka meñzeşdi. -Bu gyz Zübeyda... Zübeyda diyenden yuregim birhili bolup gitdi.Ol orsyñ hem Zubeyda diyeni yadyma dusdide. -baslyk, bu gyz kim, kim o Zübeyda...Emma onuñ gözlerinden akyan yaşlardan ŷaña hatda gurlap hem bilenokdy.Yone hemme zat gaty geñdi.Başlygyñ aglamagyna beyle sebap bolan bu gyz kimdigi gaty gendi. -Merjen,gowy edip diñle.Men size hemmesin gurruñ bermekçi....Ol stolynda duran suwy icip.Soze başlady. -Zübeyda meñ ilkinji we yeke täķ soygumdi.Ol meñ howamdy,ol meñ ykbalymdy.Olmez barlygymdy....Gozlerine yene yaş geldi. -Ol hazir nirede... -biraz tagapyl et,yzyny diñle....Men ony seylebir soydim.Garaz biziñ soygi taryhymyzyñ basyndan bilesiñ gelse aydyp bereyin....Ol durdyda wi meñ soygi taryhym ol diyip erbet ajy ŷylgyrdy....Ol barman bugalter gapydan girdi.Ol oña suwagt çykmagyn haŷys etdi. -Bagysla Merjen sen entagem ozine gelenok emma bu gyz bilen seni gorip menem ozime gelip bilemok.Beyle msnzesligiñiz weli dine gudratdy. -Başlyk o gyz suwagt nirede. -Ol diñe suwagt suratlarda we ŷatlamalarda. -Durmysda name... -Ana,menem saña şony aydyp berjekdimda. Yzyn diñle..... Ejem neresse meni dogrup bu dunyasin tazeleŷa.Eje mahri maña ŷatdy.Kakam men üç yaşymdaka basga birine öŷlenŷär.Onuñ gelen güninden diyeyinmi,ya men ozim bilip başlap diyeyinmi,goren günim gün bolmady.Gunde taŷaklar arkamda döwlerdi,kakama yamanalap urdyrardy.Ol yokka özi it yenjen yaly yenjerdide aç goŷardy.Şeydip yadymda hatda okuwa gidenimde de ilkinji gezek kone esiklerim bilen gidipdim.Kakam bolsa asla maña seredenokdy,meñ bilen işi hem yokdy.Gaŷtym heleyi bilen başagaŷdy.Ejeligimiñ yzynda bir oglan hem bile gelipdi.Öñki durmysyndan.Emma ony weli kakam arzylap söŷŷadi.Men gun gunden kakama bolan yigrenjim artdy.Mekdebe giderdim gelibem işim sygyr,ekindi.Enemler bize kanbir golay daldi.Kawagt sygyryñ bahanasy bilen enemi gorip gaydardym,yolugra bolsa ejemiñ mazaryna barardym.Bir gun ejeligim ejemiñ mazaryna baranym eşidip,güŷcli cagbada daşarda goŷdy.Yaraman kesellanimde bolsa bilgisleyin edya diyip beter urdy.Öŷden gaçyp zordan Mamamlara bardym.Ol namede bolsa bize golaydy.Men şo wagt sekiz ŷasymdadyryn bolsam.Meñ burnymyñ ganyny,ŷüzimiñ gögini gören babam neresse yglap oñumden çykdy.Onuñ bagra bassany bilyan galan zady bilemok.Gözim açsam mamam,babam dayym hemmesi depamde.Halsyzlygymdan açlygymdan gurlap hem bilemokdym.Bir daŷym şaherde ŷaşayady,şo gün ol hem gelen eken.Mamam gorgili seŷlebir aglady weli suwagt hem şoñ gozyaşy yadymdan çykanok.Gepiñ gysgasy daŷym meni ozi bilen şahere alyp gitjegin aytdy.Sebabi oñ yekeje gyzy bady.Başga perzendi yokdy.Şeydip gurlesip durkalar gapydan kakam geldi.Ol öñunden kim çyksa iyjek mojek yaly okdurylyp geldi.Emma daŷym dagy ony gapydan hem salman kowup goyberdi.Öŷe milise çagyryp arza berdi.Meni ekspertden gecirdiler.Garaz bolnisa akidenlerinde kellesine guycli zeper yeten,bir gapyrgasy dowlen hemde endam janymyñ gok yaralaryn hemmesi hakda karar kabul edip kakamyñ we ejeligimiñ ustinden arz etdiler. Gepin gysgasy,iñ sonunda olary hossarlykdan mahrum edip dayym meni sahere alyp gaytdy.... . Ine,daŷym meni öŷine getirdi.Daŷzam gapydan girenden seylevir mahir bilen bagra basdylar weli gozlerimden cykan ŷasy saklap hem bilmedim.Men öz ejemi goedik hem bolsa,edil ol maña ejem gujaklan yaly boldy.Olaryñ yekeje gyzjagazy bady.Olam onuñ ady Bossandy.Meñ kabamiñ ady.Bossan bilen jigi dogan yaly bileje okuwa gatnap başladyk.ol menden bir yas kicidi.Dayzam meni gunde ogsap yatardy.Irdenem bolsa turdyñmy balam diyip basym sypardy.Beyle mahir goren zadym daldi.Sol sebapli hem gijelerne begenjimden gizlin agladym.Olaryñ oyinde kabamiñ ullakan pordredi asyklydy.Daŷym ejemi seyle gowy goryan bolmaga çemenli.Gaty uly portretdi.Seydip ay gun gecdi.Men ulaldym.Onunjy synpda okaŷadym.Birgün Bossan öŷe bir jorasy bilen girdi. -Eje tanys bol,taze klasdas joram Zübeyda... Ol seylebir owadandy,gozleri yanyp duran akja men onunjy klasa cenli hic gyzbilen aragatnasyk saklamanson.Ony gorip utanyp oz otagyma yoredim.O barman Bossan jikgildap -Wi huşym gursyn,ine bu men agam sizi tanys etmandirin,gyw ay oglan dur gel tanysda diydi. Yuwasdan yza owrildi.O gyzyn mana bakyan gozleri meni otdan alyp suwa oklady.Ol maña yuwaşdan baş atyp -Salam,men Zübeyda....diydi... -Men...Me...n....men ondan basga hiczat diymage dilim aylanmady.O barman dayzam "gelip,bu utanjan yigit Batyrdyr."diydi.Oña Batan diysenem bolya diyip hahalap Bossan guldi.Men sesim cykarman -bagyslan...diydimde oz otagyma gitdim.Ne otyryp karar tapdym ne yatyp.Yuregim yarylyp gelyadi.Eyleki otagda Zubeyda bilen Bossanyñ sesi gelyadi.O gyzyn gulkisi men añymy dal hatda janymy hem aldy..... O barman baslygyn eline jañ geldi.... -Bor bor men hazir on bas minutdan so yerde bolyan-diydide ...Telefony ocirdi. -bagysla Merjen men gitmeli... -yone yzy name... -ertir gurleseris diydide gerekli zatlaryn alyp kabinetden cykyp gitdi.O barman skafyny gurmany unudyp gidenni gordim.Yone baryp suratlary gormani ozime uslyp bilman otagdan cykyp gaytdym Işlemi etsemde serim şol gören suratymda dy bu nahili beyleka.Ol gyzyn mana menzesligi bu ne gudrat.Ŷöne ekizlerem beyle menzes daldi.Ŷöne onuñ tapawut edyan yekeje zady,boynundaky ullakan meñidi.Şeyle hyyallar bilen islemmi dynyp oye ugradym.Daşky gapa çykamda yene baslyga gabat geldim.Ol -Merjen size jan edip bilerinmi?! -Oyemi... dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir