Maral bilen Maýa uruşypdylar, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. "Hurma"diýenimde gülüşipdiler, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Arynyñ-deregne "Aýy"diýipdim, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Gurbandan gowuja şarpyk iýipdim, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Utanyp diýerdim Çynara,Çynaý, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Geçdi oña söýgim aýdylman gün,aý, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Hat-da söýgimdenem geçmeli boldum, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Aýjemaly saýlap seçmeli boldum, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Şeýdip gyzyñ merti açdy gujagyn, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin. Görüp bildim söýgiñ, Bagtyñ goçagyn, "R"harpyny aýdyp bilmänim üçin

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir