Aýjäjejik ýaňy bir 5-iniň içindedi. Ejesi eneň ýeke ýatmaly däl diýensoň, jigsi bolandan bäri ol enesiniň ýanda bolýardy Enesiniň otagy plan jaýa degip durandy. Ol enesini gaty gowy görýardi. Enesi onyň elinden tutyp dukana äkiderdi, ony muny alyp bererdi, çagada näme alyp berseň şoňkylykdyr. Enesiniň ýandan gymyldaman oýnardy Hatda ejesi nahar taýyn edensoň okara salyp eltip gaýdanda-da, ejesiniň ýanyna baryp naharlanmazdyda enesi bilen otyryp naharlanardy Biz öz otajygymyzda nahar edineli, o otaga barmaly ,olaryň ýanyna barsaň telefizoryň sesine meniň kelam agyrýar diýip enesi hemişede öz otagynda agtygy bilen naharlanardy 70-iň onyndan alan Aýjajegiň enesi günlerde bir gün ýarawsyzlyk tapyndy otyryberdi. Günde günaşa gan basyşynyň beýgelip, birde pese düşüp, aralygynda aldym berdime salýardy Lukmanyň her bir ýazan dermanlarny alsalarda hiç gowlaşybermedi Aýjäjejik bolsa lukman görse gyrada geplemän otyrardy ,gepläýse özine ukol ederler öýdüp gorkýardy. Lukman otagdan çyksa ,bar itimizden geçirip gel diýseň itlerini saklap durardy... Bu gün irden turanda enesi turmandy. Ol enesin yralady turmady,soň ejesine aýtmaga gitdi - eje eje enem turanok - waý ýaňja baryp gaýdyma, maňa noýbalja aş bişirip beräý diýdi, menem şony bişireýin diýip gaýdym-diýdi -ýok eje men yraladym ýöne ol turanok - ýör oýadaly onda Ejesin alyp gelen Aýjäjejik enesini oýatmaga turdy Gaýyn enesiniň demsiz ýatanyn görüp gorkaýmasyn diýip ejesi Aýjäjejigiň elinden tutyp goňşylara eltip geldi Ýakyn ýady çagyryldy, oba üşdi Äýjäjejik enesine bir zat bolanyny aňýardy. Ony hem goňşy oglanjyk Wepa aýdypdy, seniň eneň öldi, indi direlmeýar diýip Ol otyryp aglapdy Agşamlyk öz öýine gelen dessine ejesinden sorady — eje meniň enem indi öldümi, nämeüçin Wepa eneň öldi diýýar - eneňi lukmanlar äkitdi, bejermeli, eneň ýarawsyz, derman kän almaly Äýjäjejigiň ene atasy sada adamlardy. Birden öýe pataçylyk düşdi welin ýok içerden nädip iliň güniň öňinde durarkak diýip gaýgy etmän hem durmadylar . Kakasy dostyndan pul karz alyp 7- sini sowmak üçin mal almalydy, şoňa gidipdi, entek annalyklary, 40-y hem bardy Hojalygy aljyratman durmady Giçlik kakasy gelende ejesini ýanyna çagyrdy we Äýjäjejik bolsa ejesiniň kakasynyň gürrüňin eştdi - dostymyňka bardym, oda az owlak kömek üçin pula berdi mala etiberjek öz-ä, entek un, çaý hem almaly, bula "diri ýapar öli açar" bolaýdyda, elde uçda zat bolmasa, märeke üşürmek hem kyn, diýip mesaýy edip otyran gürrüňlerni eşdip otyran Aýjäjejik - kaka enemiň puly känä şondan alaý, soň goýaýmaljak, pulymyz bolanda diýdi -eneňde pul nirde bolsun gyzym, ol görgüli pensiýajygyn hem size köke süýji alyp berip sowýardy ahyry,sizden pul gysylmazdy hiçem, menä hiçem eneň pensiýasyn almadym,naçe alýanyny hem bilemok, eneňe agtyklaryňa süýjüjik alyp berersiň diýdim, berjek bolan wagty hem almadym, gyzym, senem gep diňlap biziň başagaýlygymyzy gaýgy edýarmiň, gaýgy etme gyzym il gün bir gowy zat bir alajy bolar —ýok kaka enemiň puly gaty kän,ol gutarmaýar - eneň pulyn nirde goýýarka ,menä öýini arassalamda pul görmedim ,gyzym - getireýinmi - bar gyzym getir, eneň naçe puly barka, ony saňa bereýin buz gaýmajyk alyp iýaý jigiň bilen, diýip kakasy jidirdäp gepleýän gyzynyň gepleýşine guwanyp jogap berdi Äýjäjejik ylgap enesiniň otagyndan bir ýassygy süräp getirdi - Bu näme gyzym - kaka bu enemiň pul goýýan ýeri - näme eneň ýassygyň içinde pul goýýarmy - hawa - getir onda açyp göreli, diýip ejesi ýassygyň gyrasyndaky tikini sökdi we onyň içinde ýene bir mata bardy, ony hem sökdi, onyň içinde hem ýene bir mata bardy ony hem sökdi, görse bir paketjige dolanan pul bar açyp görse ep-esli pul - ana bara enem ikimiz şo taýda gizläp goýýas, enem hiç kime aýdaýma, pulymyz üýşürip göleli sygyr alyp berjek, onsoň günde irden gaýmak iýeris, süýt gatyk içeris diýdi Äýjäjegiň kakasy gözüne ýaş aýlady, ejesiniň iň soňky demine çenli özi üçin agtyklary üçin alada edip köpükme köpük artdyranja pensiýajygyn, sowaýmaýyn diýip öz ýatýan ýassygynyň içinde gizläp goýanyna haýran galdy - wah wah ejemjan,agtyklaryn nahili gowy görerdi, olaryň "bizem süýt içsedik "-diýip edýan arzuwyn amala aşyrjak bolup, özi iýman üýşürşine seretsene, wah,waheý ejemjan, öňiňizde gara günem badyr, eliňize düşen bar puly hem sowjak bolmaň, her gezekde azajyk azajyk aňyryňyza oklaň, gara günde maňlaýňyzdan dirar " -diýen sözlerin ýatlady Pullary alyp kakasy ertesi bazara gitdi 4-sany uly daýow goýun iki sany kiçijek emme toklyjak we ýaňy bir iki gün bolan täze gölelän göleli sygyr alyp geldi,we iki kiçi toklyny Aýjäjejigi çagyryp - bulara sen seretmeli, çüýşejikde bir aý iki aý süýt berseň otygar gider, ol uly goýunlary bolsa eneň sadakalaryna soýarys, diýdi Äýjäjejik iki sany süýt emip ýören toklyjyklary alyp berenine gaty begendi. - kaka indi bizem günde süýt içerismi - hawa gyzym indi günde bizem süýt içeris, o toklyjaklaryňada çüýşejikde süýt bereris - Uraaaaaaaaa bizem indi süýt içýaris, meniň toklym bar diýip heşelle kakýan gyzjagaz goňşylary Wepa buşdylamaga ylgap gitdi ..... Nowça

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir