Toýly her zat etdi, ýöne Sadapdan el çekmedi. Ol Sadaby ilkinji görende bar gyz bir ýanady, Sadabyň ýeke özi hem bir ýana gözüne görünýärdi Ilkinji soýgi sözini aýdanda Sadap hem Toýlynyň sözini ýykmady we uzak pikirlenmän bolýa, bolýa edişildi Aradan uzak wagt geçmän hem Toýly ejesine Sadap barada aýtdy Ejesi bolsa öz aýal doganynyň goňşy gyzyny Toýla mynasyp görüp ony daşyndan synlap oglyma, şundan gowy gyz tapman diyip, aýal doganyna arada duryp bu gyzy almaga, maňa ýardam ber diyip maslahat edişipdiler Toýly ony eşdip ör-gökden geldi Egerde Sadap bolmasa başga hiç gyza öýlenmejegine, çürt kesik aýtdy Kakasynyň goldawy bilen Toýly eýdip beýdip ejesini yrdy we Sadaplara gudaçylyga ugratdy Sadabyň ene atasy kän bir garşy bolyp durman, razy boldylar we toý sähedi uzaklaşdyrylman bellenildi Bularyň tanşyp söýşüp we toý tutanlaryň wagtynyň baryny jemläňde 9-10 aýdan köp däldi Şeýdip Toýly bilen Sadabyň toýy boldy. Nika gyýyldy. Indi Sadap bu öýiň gelnidi, soýen ýigdine barmak her kişä ýedirip hem duranokdy. Sadap örän bagtlydy Sadap, sadap diýseň Sadapdy, aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi bar diýilşi ýaly aý ýaly, derek boýly owadan gelindi. Sadaba gelinlik şeýle bir owadan gelişdi. Onyň her bir geýen eşigi özine görk berip durdy. Obada owadanlygyna Sadaba taý geljek ýeke gelin yokdy, ykjamdy, alçakdy, eden işini dagy çöp döwen ýaly edýardi, arassaçyldy Gaýynlary welin beýle däldi, howulhara, öýi saklaýyşlary hem haparakdy. Öýde iki gyzyň girip çykýany, bu öýe täsiri ýetmeýan ýalydy Gelin bolyp gelen güninden öýi tertibe salmak, Sadabyň paýyna düşdi Öýiň arassaçylygyna özi seredip başlady Gaýny bolsa şo iki gyzyny taryplap otyrardy, kim gelaýsin öýe, gelnini ýamanlap gyzlarny öwerdi. Gelen adam hem çalaja ýylgyryp giderdi, sebabi öýiň hapaçylygyna öňem beletdi. Sadap gelip tertibe salanyny hemme goňşylar bilýardi, emma gaýny ýeke gezek hem gelnini öwmezdi Ol diňe, öziň saýladyň indam bar işi gelin etmeli diyip düşünýardi, men oňa azym küjüm zat tölemedim, goý etsin diýip ýörerdi Sadabyň bolsa dili agzy yok diýilşi ýaly ýumşakdy, göwnünde çigit ýaly hem zat ýokdy. Göwnüne almazdy. Gyzlar hem myhmandyr öýe, bu gün bolmasa erte çykar gider, diyip aýdan ejesiniň gürrüňine gulak asyp, sesin çykarman eder ýörerdi Ir säherden agşama çenli öýiň işi gutarmazdy. Ol irden turyp daş töwerekden syryp süpürip başlanyndan gün ýaşara diňe öýiň işi Sadaba ýetik bolýardy Baldyzlary welin sagat 9.00 bolman düşeginden hem galmazdy,uly gyza meňzeş däldi, gaýny ömürylla olara tur diýmeýar eken, ozleri turaýmasa, olaryň ýatýan otagyna adam gara baryp işigini kakmazdy Ine şeýle günler gaýtalanyp durdy. Aý gün bolsa geçip durdy Sadabyň Toýly bilen arasy bolsa gowydy, ýöne öýiň biş düşi, öýiň arassaçylygy zerarly, şu öýe gelenden bäri, bir ine gana Toýly bilen dyz degirşip çaý içen güni ýadyna düşenokdy. Toýly bolsa Sadap diyip ölüp öçüp barýardy, oňada ejesi “heleýiň diýip öljek, heleýguly boldyň senä ”diýip igenip alardy, ýöne Toýly ömürylla hem ejesine seňki nädogry diýmezdi, bar diýýan zady “bor eje ”başga söz agzyndan çykmazdy Etjegi welin içindedi Aradan 4 aý geçdi. Sadap bir gün kakasynyň doglan gününe Toýlydan bir günlik rugsat alyp atasy öýine gitdi Gidenä bir günlikdir welin öýe gelende, aşhanadaky bir günki çyrşaklary görüp başy çaşdy, haýran galdy, öz nahar iýen okaralaryny, öýden iki gyz girip çyksa-da ýuwaýmandyrlar Ol eşiklerini çalşyp derrew aşhanany arassalamaga başlady, çyrşaklary yuwyp ýerbe ýer goýany hem şoldy welin uly baldyzy gelip Salam, palam dagy yok şeý diýdi -gelin halky atasy öýi diýip entäp ýörmez, öýi bilen bolar Muňada ozal hem jany ýanyp duran Sadabyň gahary depesine urdy we -men bu öýe gelemde öýiň kiri, depä çykypdyr, aklyň beýniňde çogup duran bolsa, şu öz nahar iýen ýalagyňyzy yuwardyň, men gelýanjam garaşyp durman, hatda işikdäki ite nahar bersemde öz okarasyny ýalap ýalap, indiki nahar guýaryma arassalap goýýar Öýde iki gyz barka bu işler meniň elime ýetmeläp däl welin, hatda öz geýýan köýnegiňizam ýuwmaga ýaltanyp men kir yuwamda maňa eltip gaýtýaňyz, bar indam gözüme bir görünme, özüm edenim muň paý gowa, gözüm bir görmesin, diýip azgyrlyp aldy 4-5 aýyň içinde gelnejesinden beýle söz eştmänsoň, oda gelnejem maňa kirli diýdi, ite deňedi, hapysa diýdi diyip ylgady ejesine ýamanlamaga Sadap sesin çykarman işini ediberdi. Gaýny aňyrdan zemzem ýaly çişip gelip Sadabyň elinden süwsesin aldy, Sadap şu ýaşyna çenli taýak iýip görmändi, elinden gaýny süwsesin aldy welin eýmenmän durmady we gaýny süwse bilen urar öýdüp gorkdy. Sadap ýalňyşmandy Gayny süwsäni Sadabyň elinden alyp -Ataň öýüňe gidip dil bitipdir saňa, oglymy dogalap öz yzyňda pyrlanar ýaly edip, sen satyn alma gyrnak meniň öýümde gyzlara bir zat diýip, dil gaýtarmyň diýip iki gezek süwsaň saby bilen ýelmedi Sadabyň gözinden ot çykara geldi, nämäň nämeligine düşünmän, meni urýaňjaň bu ganjygy ur, köýneginiň kirinden ýaňa gelip meniň eden işime at dakmasyn diyip gaýyn enesiniň elinden süwsäni gaňryp aldy we ýanynda heşelle kakyp duran baldyzyny suwa salma süwse bilen gowy edip saýdy. Gaýny aralap hem bilmedi. Toýly gelmedik bolsa, Sadap baldyzyny näme etjegi hem belli däldi, gahary beýnä urypdy, bedeni akyl ýöredenokdy, näme etýanin Sadabyň özi hem bilenokdy 4-5 aýyň içindäki, bar içinde saklap ýören gaharyny baldyzyndan çykardy Toýlyň gelenini görüp ejesi -Toýlyjan balam gelniň atasy öýine gidip, gelip däliräp gelipdir, arala balam, jigiňi öldürýä häzir, diýip oglyny kömege çagyrdy Toýly gelip Sadabyň elinden süwsani alyp Sadaba gönüläp bir şarpygy ýelmäp goýberdi. Sadap çepiksiçe bolandanmy näme, beýleräge togalap gitdi, jigsiniň elinden tutyp gujagyna gysdy we Sadaba azgyrlyp aldy -bar bolyp bilşiňmi, gir öýe, häzir öýde gepleşerin seniň bilen, diýdi Sadap öýmesi bilen ýüzüni tutyp aglap öýe ylgady Toýly öýe gelip näme bolyp näme gopanyny soraman şakur şukyr gapyny gulplady. Gapyň ýanyndaky burçda duran eşik asylýanda asylgy duran jalwaryndan kemerini sypyryp aldy welin Sadap gorküp özelenip başlady -Toýly düşündirjek, ýöne urma, soň günäm bolsa öldürseň hem gaşym çytmaýyn, diýip özelenip ýalwaryp başlady Toýlyny bolsa eýýam ejesi, uýasy gowy gepden doýrupdy, onyň gulagyna şu wagt hiç zat eşdilenokdy, we gaharyna kemer bilen Sadaby “ejeme dil gaýtarmyň ”diýip öldür ýaly uryp uryp, kemeri taşlap daş çykyp gitdi Sadap bolsa ömrüne ola kemer ekeni, bir şarpyk hem iýmän ulanan gyzdy, ol hiç hili taýak bilen urylara ýa sögülere zat goýmaýardy, sebabi ol arassaçyl, işeňir, edepli, sada, kiçi göwünli bolmaly diylip terbiýe alandy Sadabyň halyndan hawar tutan bolmady, endam janynyň kemer degen ýerleri gögerdi Daşary gowy garaňky düşdi. Ol ýuwaşjadan ýerinden galdy. Indi ol sagaman atasy öýine özini atsa kaýyldy. Ol indi bu öýde ýaşap biljek däldi Toýlydan gowni galdy, ondan gaty gördi, ýöne bagyşlap biljek däldi Ol ýerinden turdyda öýmesin oňaryp, Toýlyň jalwarynyň kisesinden 5 manat aldyda daş çykdy Zalyň burçynda düýrlenip ýatan Toýlyny görüp gözüne ýaş aýlady, sebäbi Sadap Toýlyny söýýardi, ýöne edil şu wagt bolsa ony bagyşlap biljek däldi Sadap ýuwaşjadan Toýlyň ýanyna baryp -Bagyşla men gitýan senden, men indi bu öýde ýaşap biljek däl, ezizim diýdide Toýlyň çekgesinden taýly gezek öpüp, barmagyndaky nika ýüzügin Toýlyň ýassygynyň ýanynda goýyp, bu oýden çykdy....!? Emma Toýly welin hiç zat aňmady, sebabi ol dünýäni undyp uklap ýatyrdy. Toýly Sadabyň bu öýe boş gelip, iki bolyp çykyp barýanyndan hawary hem ýokdy, sebäbi Sadap 3-4 hepdelik göwrelidi, ondan bolsa Toýlyň heniz hawary ýokdy.....!?

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir