Essalowmaleýkim agza we myhmanlar! Gadyr gijesi hem ýetip gelýär, ýagny, birigün agşam, Iýun aýynyň 21-ini 22-sine baglaýan gije. Ýatladaýaýyn diýdim. Bu umumy hasap boýunça şeýle. Başga hasabam barmy diýseňiz, onda şu aşakdakylary okamagy maslahat berýärin: Bu gijäni belli etmek barada alymlar ihtiläf(pikir tapawudy) etdiler. Hadysçy Ibn Hajer (rahimehullah) Fethul-Bäri atly kitabynyñ Oraza bölüminiñ soñunda Gadyr gijesiniñ wagtyny belli etmek barada alymlaryñ kyrk alty garaýyşyny ýatlap geçdi we şeýle diýdi: “Bu garaýyşlaryñ içinde iñ köp kabul edilýäni: soñky on günüñ täk gijelerinde bolmagy we her ýyl bir gijeden başga gijä geçmegidir/ üýtgemegidir. Soñky on günüñ täk gijelerinde bolmagy umyt edilýär. Ymam Şafigiýe (rahimehullah) görä 21-nji ýa-da 23-nji gijesinde bolmagy umyt edilýär. Jumhura (ýagny alymlaryñ köplügine) görä ýigrimi ýedinji gijesi bolmagy umyt edilýär. Alymlar (Gadyr gijesiniñ soñky on günüñ içinde gizlenmeginiñ hikmeti barada şeýle) diýdiler: Gadyr gijesiniñ (soñky on günüñ içinde) gizlenmeginiñ sebäbi ynsanlar ol gijä gabat geljek bolup, köp ybadat etmekleri üçindir. Eger gadyr gije anyk belli edilen bolsady, ynsanlar diñe ol gije ybadat ederlerdi.” Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: “Gadyr gijesini Remezan aýynyň soňky on gününiň täk gijelerinde gözläň! (Buhari, 2017. Muslim, 1169.) Ymam Şarany Hezretleri Gadyr gijesiniň haýsy gijä gabat geljegini Remezan aýynyň giriş günlerine görä şeyle hasaplapdyr: Ýekşenbe güni girse, 28-i 29-a baglaýan gije. Duşenbe güni girse 20-ni 21-e baglaýan gije. Sişenbe güni girse, 26-ny 27-ä baglaýan gije. Çarşenbe güni girse, 18-i 19-a baglaýan gije. Penşenbe güni girse, 24-ü 25-e baglaýan gije. Juma güni girse, 16-ny 17-ä baglaýan gije. Şenbe güni girse, 22-ni 23-e baglaýan gije. Ymam Şarany Hezretleri 30 ýyl Gadyr gijesini bu hasaba görä tapypdyr diýlip bellenilýär. Köpsanly Allah dostlary hem bu usul arkaly Gadyr gijesini bilipdirler diýilýär. Bir ýatlatma: Günler gije bilen başlaýar Hijri Kameri hasaba görä. 2017-de Mübarek Remezan aýy Maý aýynyň 27-sine, ýagny, şenbe güni başlady. “Gadyr gijesinde howa mylaýym, açyk-aýdyň we gözel bolar. Gün doganda oňa 20 minut ýaly dünýä gözi bilen arkaýyn seredip bolar, çünki günüň göz gamaşdyryjy aýratynlygy/şöhlesi şol gün üçin aýrylar/perdelener. Säher wagty sähel ýagyş damjalary sepeläp biler. Ol gije hemme zat Allaha sežde eder. Deňizleriň suwy şol gün üçin tagamy süýji bolar” – diýip hem bellinilýär. Siz bu barada näme diýýärsiňiz? Gadyr gijesi mynasybetli, ýazylgy duran bir doga-dilegi hem paýlaşaýyn aşakda: Şu gijä degişli aýratyn dileglerden biri bolsa, hadys arkaly beýan edilipdir, ynha: Hz. Aýşa (radyýallahu anha) Pygamberimizden:"Eý, Allahyň Resuly, eger Gadyr gijesine gabat gelsem, nähili dileg edeýin?" diýip soraýar. Pygamberimiz:"Allahümme inneke afuwwun, tuhibbu'l-afwe fa'fu anni. (Allahym! Sen bagyşlaýyjysyň, bagyşlamagy söýersiň, meni hem bagyşla!)" Allahym, bilip ýa-da unudyp günädir hata eden bolsam, bu sebäpli meni hasaba çekme we meni bagyşla! Allahym, meniň isleýiş we amal ediş laýyklygyma görä däl, eýsem-de bolsa, Öz Beýikligiň şany boýunça gözellikleri, haýry, Jennetiňi we ş.m. ber! Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, meniň geçen we geljek günälerimi bagyşla! Eý, meniň daş-keşbimi (gözlerimi, gulaklarymy, ellerimi, aýaklarymy we beýleki synalarymy ýerbe-ýer we) gözel ýaradan, Allahym, meniň ahlagymy-da (iç-keşbimi, häsiýetlerimi, Saňa bolan ynanjymy, özümi alyp baryşymy we ş.m.) gözel ýarat! Eý, kalplary hakykata we dalalata öwürýän, Allahym, meniň kalbymy Yslam dini boýunça berkle! Meni dogry ýola gönükdir! Öz nygmat berenleriň ýoluna gönükdir, gazabyňa duçar bolan we dalalata sapanlaryň ýoluna däl! Meni elinden, dilinden we kalbyndan beýleki ynsanlara zeper ýetirmeýän kämil ynsanlardan eýle! Maňa Özüňe ýakynlyk ber!

Köneler, ata tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir