Joram bilen işe pyýadalap barýardyk. Biziň ýol ugrumyzda söwda bazary bardy. Şo taýda gurajykda bir ýaşuly adam ýoldan geçenlerden pul sorap köçede otyrdy. Oňa adamlar eýläk beýlak geçenlerinde 20-50 teňňe taşlap geçerdiler. Bermeýande kändi sebabi ol ýaşuly o puly çörege ýa öýe harçlamajagy belledi.Onyň üstunden aragyň ysy bark urýardy Biz onyň ýanyna ýetemizde ol adam — gyzlar çörek alara pul beraý? - diýdi Ol barmana bir gelneje - hiç zat bermaň, araga berýar ol - diýdi.Duýn newsim agyryp 4-5 çörek alyp berdim welin meniň alyp beren çöregim hem satyp otyra bu, juda gaharym gelipdi - diýdi ýaňky gelneje Bizem oňa zat berman geçdik. Azajyk ýorap men jorama - bir manatyň oda köze düşuresi ýok mena şuňa bir manat berjek diýdim-de bir manat berdim Joram hem sumkasyn dörüp bir manat gozledi, tapmady, menden sorady mende-de bir manat ýokdy ,soň joram sumkasyn akan dökän edip edip içinden 2 manat teňňe tapdy we şol iki manat teňňäni ýaňky ýaşula uzadyp - me şuny al we maňa bir manat gaýdyp ber?!-diýdi ,men bir manat berjekdim welin bölegim ýok, - diýdide iki manat teňňesin uzadyp ol pul sorap otyran ýaşulydan bir manat gaýtargysyn aldy-da ýorap ugradyk Azajyk ýöräp başladyk welin köçäň ugrynda tutdy samsyk gulki, iki bolyp gülä, menä joramyň bolşyna gülýän oda meniň gulkume

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir