Adam sypatyna giren iki perişde ynsanlaryň arasyna aýlanmaga çykypdyr. Agşamara olar taňry myhmany bolmak üçin bir öýüň gapysyndan barypdyrlar. Emma öý eýesi myhmanlary juda sowuk garşylap, köpden bäri ugruna seredilmedik otagdan ýer görkezipdir. Eli uzadan ýerine ýetýän-de bolsa, olara hiç hili hödür-kerem etmändir. Görkezilen ýerde ornaşan perişdeleriň ulusy içerini mazaly synlap oturşyna, diwaryň oýuk ýerini görüpdir-de, ony petikläpdir. Perişdeleriň ýaşkiçisi näme üçin beýle edýändigini soranda bolsa, «Durmuş hemişe görnüşi ýaly däldir» — diýip jogap beripdir. Ertesi perişdeler şol obanyň çetinde ýaşaýan bir garybyňka myhman bolýarlar. Garybyň ýekeje sygryndan başga maly ýok eken. Ol şol sygryň süýdüni satyp, gün-güzeranyny aýlaýan eken. Onda-da garyp adam işikden gelen myhmanlaryny güler ýüz bilen garşylaýar, «baryndan bazar eýläp» saçak ýazýar. Tapan-tupanjasyny orta döküp, myhmanlary bilen agşamlyk naharyny edinýär. Gije bir çene baranda bolsa: «Siz uzak ýoldan aryp gelensiňiz, rahat ýatyp, dynjyňyzy alyň» — diýip, özleriniň ýatýan ýerinden myhmanlar üçin düşek ýazdyrypdyr. Aýaly bilen özi bolsa öýüň bir burçunda ýapynjalaryny üstlerine atynyp, daňyny atyrypdyrlar. Daň saz berende oýanan perişdeler öý eýeleriniň gam-gussa batyp oturandyklaryny görüpdirler. Onuň sebäbini soranlarynda, garyp adam gije sygrynyň ölendigini aýdypdyr. Ony eşiden ýaş perişde gynanmak gynanypdyr. Öý eýeleri bilen hoşlaşyp gaýdanlaryndan soňam onuň gynanjy egsilmändir. Ahyr ol: «Şeýle açykgöwünli, nurana ýürekli adamlaryň ejir çekmekleri adalatlylyk däl. Öňki gije myhman bolan ýerimiziň öý eýeleri örän husyt adamlardy. Sen bolsa olaryň öýüniň oýuk ýerini bitirdiň. Bu garyp biçäreleriň ýalňyz sygry ölende bolsa, gözüňi ýumduň» — diýip, halypasyna öz nägileligini bildiripdir. Şonda: — Durmuşda bolýan zatlara görşüň ýaly baha berme — diýip, perişdeleriň ulusy söze başlapdyr. — Ilkinji baran öýümiziň diwarynyň çat açan ýerinde ile-de, özüne-de dözülmedik bir hazyna bardy. Ana, men şonuň üçin diwary suwadym. Soňky gije myhman bolan öýümiziň eýesi bolsa, şol gije amanadyny tabşyrmalydy. Jan ýerine jan talap edilýändigine görä, men sygryň janynyň alynmagyny dogry tapdym. Şonuň üçin durmuşdaky ähli zatlara görşüň ýaly baha bermek dürs däldir. Gören zatlarymyza siňe ser salsak, hemme zadyň görnüşi ýaly bolmaýandygyna, olara gowy oýlanyp baha bermelidigine düşünersiň — diýip jogap beripdir. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir