Edil ýene-de 1-2 minutdan Angliýa bilen Italiýaň arasyndaky topardaky duşuşyk başlajak. Şu oýundan öňki oýnalan oýunlar hakda kiçijik hasapat beräýin diýdim. Jemi oýnalan 6 duşuşykda 22 pökgini derwezä girizmek başartdy. Ol pökgüleň 18-sini ýeňen tarap saldy, 4-sini bolsa ýeňlen tarap saldy. Heniz gol geçmedik oýun ýok. Şu alty oýnalan oýunda 3 futbolça 2 pökgüden salmak başartdy. Olar: 1.Wan Persi 2 pökgi 1 oýunda 2.Robben 2 pökgi 1 oýunda 3.Neýmar 2 pökgi 1 oýunda 22 salnan pökgüň içinde diňe Braziliýaň ýygyndysyndan Marselo öz derwezesine saldy. Jemi alty oýunda 19 sany sary kart görkezilipdir. Gyzyl kart bolsa şu wagtlykça ýekeje. Sary kartda öňdäki ýygyndylar: Awstraliýa 3 sary Gollandiýa 3 sary Urugwaý 3 sary we 1 gyzyl kart aldylar. Iň köp gol salan ýygyndylar: Gollandiýa 5 gol Kolumbiýa 3 gol Braziliýa 3 gol Çili 3 gol Kosta Rika 3 gol Iň köp gol saldyran ýygyndylar: Ispaniýa 5 gol Gresiýa 3 gol Awstraliýa 3 gol Horwatiýa 3 gol Urugwaý 3 gol. Futbol bilermenleri tarapyndan garaşylmadyk netije Ispaniýa 1-5 Gollandiýa hem-de Urugwaý 1-3 Kosta Rika duşuşyklary boldy.

Köneler, messibet tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir