Salam Talyplar.com-yň gadyrly agzalary! Ýene sanlyja günlerden millionlaryň oýny diýip tanalýan futbol boýunça Dünýä çempionadynyň oýunlary dünýäniň iň köp çempiony bolan Braziliýada badalga alar. Ýewro-2012-nji ýyldaky ýaly biz hem ýene çaklama turnirini gurnasak diýdik. Turniriň tertibi boýunça oçko gazanylşy şeýle: Haýsy ýygyndyň utjagyny bilseň +1 oçko Kimiň birinji goly saljagyny bilseň +2 oçko Hasaby dogry bilseň +2 oçko Şeýdip iň köp oçko +5 oçko gazanyp bolýar. Indi mysal hökmünde aýtsak şeýle bolýar: Braziliýa-Horwatiýa oýnuna pylany agza 2-0 Braziliýa utar diýse we Neýmar hem ilkinji goly salar diýse, hasap hem çaklaýşy ýaly çyksa Braziliň utjagyny bileni üçin +1, hasaby dogry bileni üçin +2, ilkinji goly saljagy bileni üçin +2 oçko berilýär. Jemi hem +5 oçko bolýar. Ýene aýratyn hem belläýin diýdim, eger gol salar diýen oýunçyň birinjini salman ikinji ýa-da şol oýunda gol salaýsa +1 oçko berilýär. Mysal üçin: Brz 2-0 Hor, Neýmar birinjini salar diýseň, hasabam 4-0 Braziliýa utsa, Neýmar hem dördünji goly salsa utjak ýygyndyny bileniň üçin +1, Neýmar birinjini salman şol oýunda salany üçin +1oçko, jemi +2 oçko gazandygy bolýar. Eger bir oýuna 0-0 bolar diýseň, oýunam şeýle tamamlansa awtomat +5 oçko gazanýaň. Bu diňe 0-0 hasapda şeýle. Hasaby dogry bileniňe +2, deňme-deň gutarany üçin +1, hiç kim ilki salmaz diýeniňem dogry bolany üçin +2 oçko, jemi +5 oçko bolýar. Başga bir düşünmeýän meseläňiz çyksa hem paýlaşyp bilersiňiz.

Köneler, messibet tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir